Üns ber!

Saýt Internet ulgamyndaky başga sahypalara ýa-da saýtlara salgylanýan salgylary özünde jemläp biler. Şeýle salgylanmalar www.saglyk.info bilen bagly bolman, Sizi haýsydyr bir üçünji tarap arkaly dolandyrylýan websaýtlara gönükdirip biler. Biziň www.saglyk.info saýtymyz şeýle salgylanmalary diňe maglumat bermek maksady bilen agzaýar. Siziň üçin amatly bolar ýaly, biz diňe abraýly saýtlary we maglumat gözbaşlaryny saýlaýarys. Biz öz saýtymyzdan daşary bolan websaýtlaryň ýa-da websahypalaryň mazmuny babatda jogapkär däldiris. Şonuň üçin-de, görkezilen salga basyp, biziň saýtymyzyň çäklerinden çykan badyňyza başga saýtyň sahypasyna geçip, şol saýtyň ulanyş şertleriniň täsiriniň astyna düşýändigiňizi Size mälim edýäris.

Baş sahypa Salgylar
Display # 
Web Link Hits
Hesperian
Hesperian — bu giň köpçülik üçin saglyk baradaky maglumatnamalary we kitaplary girdeji üçin däl-de, ynsanperwerlik maksady bilen çap edýän neşirýatçydyr. Hesperian fondunyň «Lukmanyň bolmadyk ýerinde» atly kitaby dünýäniň köp künjeklerinde ulanylyp, saglyk baradaky elýeter kitaplaryň biri hasaplanylýar.
Hesperian fondunyň kitaplary sada dilde ýazylyp, düşündiriş suratlary bilen bezelendir. Bu bilim derejesi pes bolan adamlaryň kitaplardaky maglumatlara aňsat düşünip, olary ulanyp we paýlaşyp bilmegine ýardam edýär. Hesperian fondunyň kitaplary we maglumatnamalary lukmanlaryň we dünýä guramalarynyň agzalarynyň hyzmatdaşlyk etmeginde ýazylandyr. Olarda saglygyň ýaramaz ýagdaýlaryna sebäp bolýan jemgyýetçilik we ykdysady meselelere garalyp, jemgyýetiň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmagyň çäreleri teklip edilýär. Hesperian fondunyň kitaplary dünýäni köp dillerine terjime edilendir.
570
Türkmenistan Täzelikleri
Her gün Türkmenistanda bolup geçýän wajyp wakalar barada habarlar.
912
CDC
ABŞ-de kesellere gözegçilik etmek we olaryň öňüni almak boýunça merkezler (Centers for Disease Control and Prevention, CDC) – bu Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saglygy goraýyş ministrligidir (United States Department of Health and Human Services). Ol 1946-njy ýylda döredildi. Ol saglygy goramagyň çäklerindäki meseleleri has oňat çözmek üçin gerekli maglumatlar bilen üpjün edýär we saglygy goramak, howpsuzlyk babatdaky çäreleri geçirýär.
475
ECDC
Ýewropada kesellere gözegçilik etmek we olaryň öňüni almak boýunça merkez (European Center for Disease Prevention and Control, ECDC) 2005-nji ýylda döredildi. Ýewropa Arkalaşygynyň bu guramasy Ýewropanyň çäklerinde ýokanç kesellerine garşy göreşmek üçin döredildi. Merkez Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýerleşýär.
445
WHO
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BSGG (World Health Organization, WHO) Birleşen milletler ulgamynyň çäklerinde saglygy goramak babatda gönükdiriji we sazlaşdyryjy instansiýa. Ol bütindünýä saglygy goraýyş meselelerini çözmekde öňdebaryjylygy üpjün etmekde, saglygy goraýyş çäklerinde ylmy barlaglaryň gün tertibini düzmekde, kadalaryň we standartlaryň bellenilmegine, anyk maglumatlaryň esasynda syýasyty düzmekde, ýurtlary tehniki taýdan goldamakda, saglygy goramaýyş çäklerinde bolup geçýän ýagdaýlara gözegçilik edip, ondaky üýtgeşmelere baha bermekde jogapkärçiligi öz üstüne alýar.
478
Lancet
The Lancet – teoretiki we amaly lukmançylyk boýunça öňdebaryjy garaşsyz halkara žurnalydyr. Ol dürli ýurtlarda amaly lukmançylyk bilen meşgullanýan lukmanlar we ylmy-barlag işini geçirýän hünärmenler üçin maglumatlaryň tapylgasyz gözbaşydyr. The Lancet žurnaly her hepde lukmançylyk boýunça dünýäniň ähli künjeklerinden ýygnalan iň oňat analitiki materiallary okyjylarynyň dykgatyna hödürleýär. Olara örän wajyp ylmy-barlag derňewleri, seminarlar, praktikumlar, nukdaýnazarlar, halkara lukmançylyk täzelikleri we beýleki köp zatlar girýär.
430
Rospotrebnadzor
Alyjylaryň hak-hukuklarynyň goralyşyna we adamyň sag-salamatlygyna gözegçilik edýän federal gullugy — Orsýetiň saglygy goraýyş we sosial ösüşiniň ministrligine degişli federal gullugy.
664
British Heart Foundation
British Heart Foundation (Britaniýanyň Ýürek Guramasy) Britaniýanyň Ýürek Guramasy ýürek-damar keselleriniň adamlary maýyp etmeginiň we wagtyndan ir ölmegine sebäp bolmaz ýaly, bu kesellere garşy göreşýär. Ol bu göreşde öňdebaryjy guramadyr.
440
Drug and Therapeutics Bulletin
Drug and Therapeutics Bulletin (DTB) (Derman serişdeleri we Şypa bermeklikdäki Habarlary) Indiwidual bejergi babatda we kesellere garşy geçirilýän çärelere berk we garaşsyz baha berip, lukmanlara, farmasewtlere we saglygy saklaýşyň beýleki hünärmenlerine amaly maslahatlary berýär.
492
Saglygy Goraýşyň Habarlar Merkezi
Saglygy Goraýşyň Habarlar Merkezi Türkmenistanda açyldy. Ol ilat saglygyny goramakda we berkitmekde, ruhy-ahlak terbiýesini bermekde, durmuş ýörelgäni özgertmekde, ilatyň arassaçylyk medeniýetini ösdürmekde we ilaty sagdyn durmuşa höweslendirmekde degişli çäreleri geçirýär.
884
Bütindünýä Osteoporoz Guramasy
Bütindünýä Osteoporoz Guramasy (The Interndational Osteoporosis Foundation (IOF) döwlete garaşly bolmadyk haýyr-sahawat guramasy. Ol «ümsüm epidemiýa» hökmünde tanalýan osteoporoz keseline garşy geçirilýän bütindünýä göreşine gatnaşýar. Guramanyň agzalary — ylmy işgärleriň topary, syrkawlar we dünýäniň dürli künjeklerindäki lukmançylygyň we ylmy-barlag guramalaryň wekilleri. Olar dünýäniň osteoporoz keselinden saplanmagynyň tarapdarlarydyr.
436
La Leçe Liga (LLL)
La Leçe Liga (LLL) — emdirýän eneleri goldamak we maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça hökümete degişli bolmadyk dünýewi halkara jemgyýetçilik guramasy. Bu gurama öz çagalaryny ene süýdi bilen iýmitlendirmek isleýän eneleriň hemmesini gerekli maglumatlar bilen üpjün etmek we goldamak maksady bilen döredildi. LLL hünärmen lukmanlaryň edýän aladalarynyň üstüni ýetirip, çagalaryň aýratynlyklaryna düşünmekde we olary kanagatlandyrmakda eneleriň biri-birine ýardam bermeginiň näderejede wajypdygyna düşünýär. Guramanyň wekilleri köp ýurtlarda, şol sanda Russiýada hem bar. Rus toparynyň saýtynda peýdaly materiallar we ene-atalar üçin kitaplar ýerleşdirilendir.
406