Baş sahypa Täzelikler Umumy ALYMLAR: WITAMINLER BEÝNINIŇ "GARRAMAGYNY" HAÝALLADÝAR
( 18 Ses Berme )

Amerikan alymlarynyň geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesinde witaminlere we balyga baý bolan berhiziň beýnini garramakdan goraýandygy, garbanalgalaryň iýmitiniň (fast-fud) bolsa Alsgeýmeriň keseliniň ýüze çykmagyny tizleşdirýändigi mälim boldy.

"Neurology" žurnalynda çap edilen ylmy-barlag işleriniň netijelerine laýyklykda, ganynyň düzüminde witaminler we omega-3 ýagly turşulyklary ýokary bolan garrylar beýni garramasyna seýrek duçar bolýar, olaryň akyl ýetiriş ukyplary örän ýokary netije görkezýär.

Alsgeýmeriň keseline mahsus bolan alamatlar – akyl ýetiriş ukybynyň pese düşmegi, beýni bölekleriniň guramagynyň tizleşmesi garbanalganyň naharlaryny taýýarlamakda trans-ýaglaryň ulanylmagy bilen baglydyr.

Britaniýanyň Alzheimer’s Research UK atly haýyr-sahawat guramasy günüň dowamynda iýilýän iýmitiň mukdary bilen garrylyk huşsuzlygynyň arasyndaky arabaglanyşygy öwrenmek üçin goşmaça barlaglary geçirmäge çagyrdy.

"Häzirki wagtda lukmanlar gök önümleri we ir-iýmişleri günde iýmegi, çilim çekmezligi, wagtly-wagtynda sport bilen meşgullanmagy, gan basyşynyň we holestiriniň derejesini gözegçilikde saklamagy maslahat berýärler,"   diýip gurama takyklady.

Sagdyn iýmit?

ABŞ-de alymlaryň geçiren ylmy-barlag gözlegleriniň dowamynda adamlaryň näme iýýändigini anyklanmazdan, olaryň ganynyň düzüminde iýmitiň komponentlerini ölçediler. Bu ylmy-barlag işi üçin Alsgeýmeriň keseliniň görkezijileri pes derejede ýüze çykan, 87 ýaş töweregindäki 104 sagdyn garry adamyň ganynyň nusgasy alyndy.

Ýatkeşlik we çalt pikirlenmeklik ukybyny barlamak üçin geçirilen barlaglar, ganynyň düzüminde B, C, D, E witaminler we esasan balykda duş gelýän omega-3 ýagly kislotalar ýokary bolan adamlarda örän gowy netije görkezdi.

Ganynyň düzüminde trans-ýaglar ýokary bolan adamlar iň pes netije berdiler. Trans-ýaglar köplenç taýyn iýmit önümlerinde – aýratyn hem kökelerde we gowrulan iýmitlerde duş gelýär.

Portlentde ýerleşýän Saglyk we Ylym Oregona Uniwersitetiniň, Portlend lukmançylyk merkeziniň we Korwallisdaky Oregon ştatynyň Uniwersitetiniň hünärmenleri 42 gatnaşyjylaryň beýnisini barlagdan geçirdiler.

Ganynyň düzüminde witaminleriň we omega-3 ýagly kislotalaryň mukdary köp bolanlaryň beýnisi trans-ýaglaryň derejesi artykmaçlyk edýänlere garanyňda uly bolup çykdy.

Ylmy-gözleg işiniň awtory Jin Bouman: "Bu netijeler tassyklanmaga mätäç, emma adamlar berhizi kadalaşdyrmak arkaly beýnisiniň guramagyny togtadyp, ony bir tapda saklamagy başararlar," diýip mälim edýär.

Anyk subutnamalar gerek

Oregon ştatynyň Uniwersitetiniň ýanyndaky Laýnus Polingiň institutyndan bolan Maret Traber: "Miweleriň, gök önümleriň, balygyň düzüminde bar witaminler we ýokumly maddalar biologiki markerler bilen ölçenip bilner. Bu ýokumly maddalaryň kömegi bilen, beýniniň goranmak ukyby güýçli, işjeňligi örän ýokary boljagyna ynanýaryn," diýip habar berýär.

Alzheimer’s Research UK ýolbaşçysy Saýmon Raýlin gözleglere şeýle takyknama berýär: "Bu işiň aýratynlygy alymlaryň sowalnamalara sorag-jogap alman, ganyň düzümindäki ýokumly maddalary öwrenmekden ybaratdyr. Gözlegler Alsgeýmeriň keseliniň döremegi mümkin bolan adamlaryň kiçi toparynyň arasynda geçirildi, olaryň geljekde bu kesele duçar bolup-bolmandygyny anyklamagy maksat edinmedigimizi mälim etmek wajypdyr".

"Adamda Alsgeýmeriň keseliniň ösmegine berhiziň nähili täsir edýändigine anyk subutnamalar tapmak zerurdyr. Bu bolsa diňe ägirt, uzak möhletleýin gözlegleri geçirilende mümkindir," diýip hünärmen öz gürrüňinde nygtady.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Gulnazar. 2016-04-01 00:51
Her bir akyly çaşan ýa-da saňňyldap ýören garryny görseň, olarda Alsgeýmer ýa-da Parkinson keselleri barmyka diýýärsiň. Lukmançylykda belli bolşy ýaly ol keselleriň ähtibarly bejergisi bolmasada, bizde geriatriýa bölümlerini döredip, olaryň beýleki keselliler ýaly wagtly-wagtyna barlaglaryny geçirip durmaly.
Sitata
 
 
#6 Okyjy. 2015-12-26 01:02
Gök önümleriň we miweleriň beden üçin nähili zerurdyklarynyň bardygy belli bolsa-da bazarlarda satylýan önümleriň hiliniň pesdigi sebäpli witaminleriň öwezini doldurmak üçin girdejikler ulanaýmasaň başga alaç ýok ýaly.
Sitata
 
 
#5 Dolan. 2015-10-13 23:03
Gartaşan adamlarda iýmit hem möhüm orun tutýandyr weli beýnini türgenleşdirmek örän derwaýys bolup durýar. Ol hakynda hünärmenler köp ýazýarlar we subut edýärler.Nebsimiz agyrsada ýaşy bir çene baran adamlar rahatlygy öňe tutmak bilen özlerinde çäklendirme döredip, ýazmaýarlar, okamaýarlar.
Sitata
 
 
#4 Muhtar. 2015-09-07 01:53
Esasy garrylykda duş gelýän Alsgeýmeriň, Parkinson keselleri her bir ýaşaýyş ýeriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öwrenilse maksada laýyk bolardy. Ýerli ýagdaýlara görä haýsy iýmitiň ulanylyp beýnä gowy täsiriniň boljakdygyny anyklap bolardy.
Sitata
 
 
#3 Ahmet. 2015-08-15 08:00
Garrylarda keselleri anyklamak üçin birnäçe gezek gan barlaglaryny geçirmegi tölegsiz edilmese, olaryň pensiýa puly bilen barlag geçirmäge ýagdaýlary bolmaz. Ol ýola goýulmasa ganyň düzümindäki ýokumly maddalary öwrennmek mümkin bolmaz.
Sitata
 
 
#2 Mätkerim. 2015-06-30 16:01
Hormatly Lukman! Birinjidenä bizde saglyga goldaw berýän deňiz önümleri düýbünden ýok. Ikinjidenem gök önümlerhem himiýaniň uly güýji bilen ösdürülen, ýaramazlygy bilen belli. Olaryň garrylar üçin ýaramly däldiginden başga hem bahalarynyň elýeter däldigi.
Sitata
 
 
#1 Gartaşan. 2015-06-05 23:41
"Garrylyk, garyplyk, olüm üçüsi, bilmedim men haýsy uly kiçisi" diýip aýdylşyna görä garrylygyň özi kesel ýaly duýulsada, ondan başga hem garrylyk ýaşynyň kesellerinden sowlup geçmesi seýrek ýagdaý.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele