Baş sahypa Täzelikler Umumy ALSGEÝMER KESELI
( 11 Ses Berme )
Ösen ýurtlarda Alsgeýmer keseli ölüme
getirýän esasy sebäpleriň biridir.

Akylyň ýa-da  kognitiw (akyl ýetirme) ukybyň peselmeginiň alamatlary  adam heniz 45 ýaşamanka ýüze çykýar. Bu British Medical Journal žurnalynda çap edilen barlaglaryň netijesidir.

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary 45-49 ýaşly aýallaryň we erkekleriň arasynda akylyň 3,9%-ň peselýändigini bellediler.

10 ýylyň dowamynda olar 45-70 ýaş aralygyndaky 7000 erkegiň we aýalyň söz baýlygyna, maglumat kabul etmek ukyplaryna baha berdiler. Öň geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, akyl taýdan gowşaklyk 60 ýaşdan başlanýar diýip hasaplanylýardy. Emma häzirki döwürde geçirilýän barlaglar kelle beýnisiniň işjeňliginiň gowşamagynyň has ir başlanýandygyny subut edýär. Beýni dokumasynyň üýtgemegi (degeneratiw ýagdaýlar) sebäpli ýüze çykýan keselleriň, şol sanda Alsgeýmer keseliniň anyklanylmagynda we bejerişiň täze usullarynyň işlenilmeginde bu maglumatlaryň ähmiýeti  örän uludyr.

Täze epidemiýa

Uniwersitet kollejiniň  barlag topary 1997-nji we 2007-nji ýyllar aralygynda 45-70 ýaşly 5198 erkegi we 2192 aýaly barlagdan geçirdiler. Olaryň ählisi döwlet gullukçylarydy.

Barlagyň dowamynda ýatkeşligiň, söz baýlygynyň, eşitmek we görmek arkaly maglumatlary kabul etmäge bolan ukybyň görkezijilerine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde barlagdan geçirilýänleriň bilim derejeleriniň tapawudy göz öňünde tutuldy.

Barlagyň netijeleri söz baýlygyndan başga ähli derejelerde kogniktiw hereketleriň görkezijileriniň peselýändigini subut etdi. Adamyň ýaşy ulaldygyça, şeýle pese düşme has-da çaltlaşýar.

Kogniktiw ukyplarynyň  peselmegi 65-70 ýaşly erkekleriň arasynda 9,6%, şol ýaşdaky aýallaryň arasynda 7,4% ýetdi.

Uniwersitet kollejiniň barlag toparynyň ýolbaşçysy Fransiýanyň epidemiologiýa boýunça barlaglar Merkeziniň professory Arkana Sing-Manu alnan netijeleriň garrylyk bilen bagly akyl gowşaklygynyň uzaga, käte 20-30 ýyla çekip bilýändigini subut edýändigini belleýär.

"Bize ilatyň haýsy gatlagynyň töwekgellik toparyna girýändigini we akyl taýdan gowşaklygy haýallatmagyň nähili  usullarynyň bardygyny öwrenmek gerek. Keseliň dürli döwürlerinde ony bejermäge girişmek mümkindir. Keseliň ösüş tizligi  bolsa zyýanly endiklere, çilimkeşligiň görnüşlerine we fiziki işjeňligiň derejesine  baglydyr" – diýip, professor nygtaýar.

Häzirki döwürde degeneratiw keselleriň, şol sanda garrylyk zerarly akyl gowşaklygynyň, Alsgeýmer keseliniň, Parkinson keseliniň we beýlekileriň ilaty çalt garraýan, ösen ýurtlardaky  epidemiýalary dünýäniň fiziologlarynyň  köpüsiniň ünsüni özüne çekýär.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 губа 2017-02-18 19:30
[quote name="губа"]Salamalik menin gyzym bar ol 17yashynda yone yashyna garamazdan onun yatkeshligi gidip baryar we tiz tizden kellesi agyryar we kahalatlarda hich kimi tanaman galyar onyn keseli alsgeymer keseli bolup bilermi? Namani maslahat berip bilersiniz ?
Sitata
 
 
#1 губа 2017-02-18 19:29
Salamalik menin gyzym bar ol 17yashynda yone yashyna garamazdan onun yatkeshligi gidip baryar we tiz tizden kellesi agyryar we kahalatlarda hich kimi tanaman galyar onyn keseli alsgeymer keseli bolup bilermi? Namani maslahat berip bilersiniz ?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele