Baş sahypa Täzelikler Umumy HÜNÄRMENLER: KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGI HOWPSUZLYGA HOWP SALÝAR
( 3 Ses Berme )
Alymlaryň habar bermegine görä, ýer ýüzünde ýylylyk derejesiniň artmagy ýaşaýyş üçin
zerur bolan resurslaryň ýetmezçiligine elter.

Klimatyň üýtgemegi çynlakaý we barha artýan kynçylyk bolup, tutuş adamzadyň saglygyna, howpsuzlygyna howp salýar.

Londonda geçirilen ylmy konferensiýa gatnaşan alymlar klimatyň üýtgemegi çynlakaý we barha artýan kynçylyk bolup, adamlaryň saglygyna, howpsuzlygyna howp salýar diýen netijä geldiler.  Bu ylmy konferensiýa Beýik Britaniýanyň Lukmançylyk assosiasiýasynyň binasynda geçirilip, oňa lukmançylyk, harby-tehniki we ylmy çäklerinde işleýän hünärmenler gatnaşdy.

Konferensiýada kabul edilen jemleýji resminamada gumanitar heläkçilikleriniň harby býujetine ýetirýän zyýanynyň barha artjakdygy barada duýdurylýar. Mundan başga-da, bu resminamada ösen we ösüp barýan ýurtlaryň hökümetlerine ýangyçlaryň ýakylmagynyň netijesinde emele gelýän tüssäniň howa düşmeginiň öňüni almak üçin degişli çäreleri geçirmek barada ýüzlenme bar.

Beýik Britaniýanyň harbylary klimatyň üýtgemegi zerarly uruşlaryň sanynyň artjakdygy, munuň bolsa öz gezeginde ýangyjyň gymmatlamagyna sebäp boljakdygy barada duýdurýarlar.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde ýer ýüzünde ýylylyk derejesiniň artmagy zerarly esasan-da tropiki zolakda ýerleşýän baý bolmadyk ýurtlar kyn ýagdaýa uçrar.

Harbylar näme diýýär

Kontr-admiral Nil Morisettiniň aýtmagyna görä, bu ýurtlarda uruşlaryň bolmagy Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň satyn alýan harytlarynyň bahasynyň gymmatlamagy zerarly olaryň ýurda getirilmegini kynlaşdyryp biler. "Energogeçirijiler gymmatlaýar. Bu biz, ýagny britaniýalylar üçin benziniň we Günorta-Gündogar Aziýada öndürilen harytlaryň bahasyny artdyrar" diýip, BBC ýaýlymyna beren interwyusynda Beýik Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň klimat we energetiki howpsuzlygynyň wekili bolan kontr-admiral Nil Morosetti aýtdy.

Hünärmenler geçiren barlaglarynyň netijelerine esaslanyp, klimatyň üýtgemeginiň netijesinde uruşlaryň sany barha artar diýip belleýärler. Sebäbi suw we azyk ýaly ýaşaýyş üçin möhüm bolan baýlyklar ugrunda dawa-jenjeller ýüze çykar.

Mysal üçin strategiki barlaglaryň Halkara instituty ýaňy-ýakynda ýer ýüzüniň ýylylyk derejesiniň artmagy "resurslaryň ýetmezçiligini köpçülikleýin migrasiýanyň we ýurduň içinde uruşlaryň döremek howpuny artdyrar" diýip duýdurdy. Beýik Britaniýanyň goranmak ministrliginiň pikirine görä, uruşlaryň döremeginiň sebäpleri hem üýtgär.

Geçirilen ylmy konfereiýanyň dowamynda harby ýolbaşçylary  harby goşunlaryň "kömürturşy yzyny" azaltmagy isleýändiklerini aýdyp, ýüze çykan kynçylyklary kesgitlediler.

Mysal üçin, ýangyç Owganystana Päkistandan ýol arkaly daşalýar. Ýangyç Owganystana ýetip gelýänçä, onuň bahasy 10 esse gymmatlaýar. Mundan başga-da, ýangyjy ýolboýy goraýan goşun galtamanlaryň nyşany bolýarlar. Harby adamlaryň käbiri goşunyň "ýangyjy ýalmap-ýuwudýandygyny" boýun alýarlar. Olar ýangyjyň ýakylmagyndan emele gelýän tüssäniň azaldylyp, mümkin bolan ýagdaýlarynda gaýtadan dikeldilýän energetiki resurslary ulanmaklygyň hem ykdysady, hem-de taktiki nukdaýnazarlaryndan has bähbitli boljakdgyny nygtaýarlar.

Kontr-admiral Morisetti harby uçarlar üçin niýetlenen harby gämini ýerinden 30sm süýşürmek üçin 1 gallon ýangyjyň harçlanýandygyny, zarply uçuşda we gonuşda bolsa 1 sagadyň dowamynda 20 tonna ýangyjyň harç edilendigi barada ýatlaýar. Şeýle harajatlary 1 barreliň $ 30 bolan ýagdaýynda etse bolar. Emma 1 barreliň $100 ýa-da $200 bolanda, bu juda gymmada düşýär.

Ýer ýüzüniň ilatynyň saglygyna howp abanýar

Bu ylmy konferensiýa gatnaşan lukmanlar hem öz gezeginde klimatyň üýtgemegi zerarly adamlaryň açlyga we suwsuzlyga duçar boljakdyklaryny, dürli ýokançlyklaryň bolsa tiz ýaýrajakdygyny belleýärler. Bu aýratyn-da garyp ýurtlaryň ilatyna täsir eder, sebäbi  ýeterlik iýmitlenmeýän adamlar ýokançlyklara aňsat ýolugýarlar.

Lukmanlar "elektroenergiýany öndürmegiň usullary üýtgedilse, howanyň hilini gowular" diýip, hasaplaýarlar. Adamlar awtoulaglardan peýdalanman, welosipedlerden peýdalansalar ýa-da pyýada ýöräp, köp hereket etseler, süýji keseline, göwüs düwnügine ýolukmaklygyň sanyny azaldar. Köp hereket edýänler ýürek-damar keselleriniň, garrylyk huşsuzlygynyň ýa-da göwnüçökgünligiň döremeginiň öňüni alýar.

Bir ýarym aýdan Günorta Afrikada Birleşen milletler guramasynyň klimatyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän konferensiýasy geçiriler. BMG-niň kommýunikesini Ýewropa Bilelişigini bug gazlarynyň howa düşmeginiň mukdaryny 2020-nji ýyla çenli 20% däl-de 30% azaltmaga çagyrýar. Emma häzirki wagtda Ýewropa Bilelişigine girýän ýurtlar bu babatda ýeke-täk bir pikire gelip bilenoklar. Professor Kris Repli degişli çäreleriň görülmedik ýagdaýynda howadaky kömürturşy gazynyň derejesiniň juda artjakdygy barada duýdurýar. Ol: "Eger adamzat öz edýän hereketleri arkaly howany hapalaýşy ýaly tizlikde degişli çäreleri görmese, howa düşýän zyýanly bugarmalaryň mukdary görlüp-eşidilmedik derejä galyp, şu ýüzýyllygyň dowamynda bir millonyň paýynda 450 ýa-da 650 birlik bolman, 1000 birlik derejesine ýeter" diýip aýdýar.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele