Baş sahypa Täzelikler Umumy 10-NJY SENTÝABR – ÖZÜŇE KAST ETMEKLIGIŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
( 3 Ses Berme )

Durmuşyň, ony ýaşap geçmek üçin

mynasypdygyny ýa-da mynasyp däldigini

çözmek – pelsepäniň düýpli soragyna jogap

bermekdir.

Alber Kamýu.

 

Statistiki barlaglaryň habar bermegine görä, her ýylda dünýäde 1,1 mln. adam  öz janyna kast edip, ömür tanaplaryny üzýär. Bu san aýylganç we lapyňy keç edijidir, çünki her adam bu ýagty jahana ýaşamaga, döretmäge gelip, özi bilen ýagtylyk, bagtyýarlyk getirýär.

Biz Siziň her biriňiziň öz ömrüňiziň gadyryny bilip, uzak durmuş ýolunyň ahyrynda geçen ýollar üçin ýüzüňizi gyzartmajak bolup hemme mümkinçiliklerden peýdalanýanlygyňyza gaty ynanýarys.

Sebäbi siz tebigatyň iň kämil naýbaşy bolan ADAM ahyryn!

Gynansak hem, biziň aramyzda bu dünýäni aýylganç usullaryň kömegi bilen taşlap gidýän adamlar bardyr.

Özüňe kast etmeklik (suisid) – başga adamlar gatnaşmazdan, meýletin ýagdaýda özüňi öldürip, ömür tanapyny üzmekdir.

Adamyň birinji gezek özüne haçan kast edip başlanlygy baradaky maglumatlar bize belli däldir, ýöne onuň özüni janyndan mahrum etme häsiýetiniň öňden döränligi baradaky maglumatlar bize mälimdir.

Adamzat taryhynyň irki döwürlerinde ýaşaýyş ugrunda göreş gidip, köp halklarda tapdan düşen we keselli taýpa agzalaryndan dynmak adaty bolupdyr.

Wagty gelende garry adamlar, öýlerinden daşa gidip, meýletin ýagdaýda bu ýagty jahan bilen hoşlaşypdyrlar.

Westgot halkyýetinde "ata-babalaryň dagy" bolup, garry adamlar özüni şol dagdan aşak zyňypdyrlar.

Keos adasynyň garry adamlary bolsa, bu dünýäden meýletin gitmezden öň, uly meýlis gurap şatlanyp, soňundan hem sikuta awusyny içip ölüpdirler. Şu däp Ýaponiýada has uzak dowam edip, açlyk ýyllary obadaky garrylar özleriniň daga äkidilmegini çagalaryndan haýyş edipdirler. Şol sebäpli hem, Obýasuteýama dagynyň ady, "garry eneleriň goýulýan dagy" diýmegi aňladýandyr.

Wagtyň geçmegi bilen, suisid babatda çäklendirmeler we ýazgarma pikirleri döräp ugraýar.

Nigeriýanyň, Ugandanyň köp taýpalarynda özüňe kast etmek günä hasaplanyp, bu hereketiň jeza bermegi mejbur edýänligini belläpdirler.

Özüne kast eden adamyň jesediniň ýanyna garyndaşlary goýberilmändir, onuň özüni asan agajy we öýi "arassalaýjy" oda ýakylypdyr.

Orta asyrlarda Ýewropada suiside garşy hakyky uruş yglan edilipdir.

Iňlis patyşasy Eduard Xl özüni kast edenleri ogrular we garakçylar bilen bir hatarda goýupdyr.

Daniýada suisid eden adamlaryň jesedini gapydan çykarmaga gadagan edip, ony penjireden çykarypdyrlar. Soňundan olaryň jesedi ýakylypdyr.

Bordo şäherinde suisid edenleriň jesedini iliň gözüniň alnynda aýagyndan asyp goýupdyrlar.

Abberwilde bolsa, jesedi ýüzin ýatyryp, köçeden süýräpdirler.

Wagtyň geçmegi we jemgyýetdäki kanunlaryň üýtgemegi netijesinde, özüne kast edenlere hem garaýyş we olary jezalandyrma usullary üýtgäp ugraýar.

Birinji bolup bu kanunlary Fransiýa fransuz rewolýusiýasyndan soň üýtgedýär.

Beýik Britaniýanyň kanunlaryna laýyklykda, öňler başa barmadyk suisid hereketlerini döwletiň özi soňuna çenli amala aşyrýan bolsa, soňlar has "ýumşak" kanunlar ýazylýar.

1961-nji ýyldan bäri Britaniýada, özüňe kast etme jenaýat hasaplanmaýar.

Alymlar asyrlar boýy suisidiň tebigatyny öwrenmäge çalyşsalar hem, bu güne çenli onuň häsiýetini düşündirýän deliller ýokdur.

Psihologlar suiside getirip biljek esasy üç ugry belleýärler:

1. Psihiki üýtgemeler ugruny öwrenijileriň bellemegine görä, özüne kast edýän adamlaryň hemmesi ruhy keselli näsag bolup, olaryň suisidal hereketleri bolsa, ruhy keselleriň ýiti we dowamly görnüşiniň ýüze çykmagyny aňladýandyr. Özüňi kast etmegi, ýörite kesel görnüşde kabul etmegi hem teklip edenler bolupdyr. Ýöne häzirki zaman psihologiýa ylmynda psihiki üýtgemeler ugry diňe taryhy gyzyklanmany döredýän bolsa-da, käbir hünärmenler bu düşündiriş ugruny şindiz hem goldaýarlar.

2. Psihologiki ugry ykrar edijileriň aýtmagyna görä bolsa, suisidal hereketler içki ruhy dünýäde bolup geçýän gapma-garşylyklar  toplumy netijesinde ýüze çykýandyr. Z. Freýdiň pikirine görä, suisid öz-özüňe gazaply daraş etme görnüşde ýüze çykýan, ölüme getirýän tebigy duýgynyň bir görnüşidir. Bu ugruň tarapdarlary, özüňe kast etmek, umumy öldürmeleriň üýtgedilen görnüşi bolup, uruş döwründe suisidiň juda az duş gelýänligini belleýärler. N. W. Konowçuk, W. G. Mýager özüne kast edýän adamlaryň (suisidentleriň) şahsyýetini häsiýetlendirýän üç sany aýratynlygy belleýärler:

  • Öz goýan maksatlaryna hökman ýetmek üçin, ýokary talaplarynda dartgynlylygyň ýüze çykmagy;
  • Emosianal ýakynlylyga bolan uly talaplar, gowy görýän adamyňa garaşly bolma, öz içki dünýäň bilen şoňa bütinleý baglanma;
  • Daşky faktorlara uýgunlaşma ýagdaýlarynyň juda pesligi.

3. Sosial ugry goldaýan öwrenijiler bolsa, özüňe kast etme, şahsyýet bilen sosial gurşawdaky gatnaşyklaryň durnuksyzlygy we ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýar diýip düşündirýärler.

Suisidiň sebäpleri barada aýdylanda, olar köp ugurlydyr we olar bilen biziň her birimiz öz durmuşymyzyň dürli döwürlerinde ýüzbe-ýüz bolup bilýändiris.

Özüne kast etjek bolýan adamda hemişe iki çykalga bolup biler:

  • Bilimizi guşap, ýüze çykýan kynçylyklary gaýratlylyk bilen ýeňip geçmäge ymtylmalydyrys.
  • Ikinji ýol bolsa, baryp ýatan gorkak kimin, hemme kynçylyklardan gaçyp beýleki dünýä gitmek...Käbir adamlardan tapawutlylykda, köp adamlar kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç tapýarlar.

Suiside getirýän sebäplere aşakdakylar degişlidir:

  • Adamyň maddy kynçylyklary: öz maşgalasyny ekläp bilmezlik ýagdaýy, karz alan puluny gaýtarmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaý ýüze çykanda;
  • Şahsy durmuşyň başa barmazlygy: aýrylyşma, jogapsyz söýgi, töwerekdäki adamlar bilen düşünişmezlik, ýakyn adamyň ölümi, başgalar tarapdan fiziki güýjüň ulanylmagy (meselem, urulma);
  • Işdäki gapma-garşylyklar: iş orunlarynyň gysgaldylmagy, ýolbaşçylar ýa-da işgärler bilen aragatnaşyklaryň bozulmagy;
  • Başga sebäpler: durmuşda öz ornuňy tapmazlyk; ruhy keseller bilen kesellemek (gamgynlylyk, şizofreniýa); dini janköýerler (käbir dini sektalarda, adam öz-özüni öldürmek bilen, hemme günälerinden saplanýar diýip hasaplaýarlar); mejbury özüňe kast etmek (garyndaşyňy öldürmek, ömrüniň ahyryna çenli türmede oturmak); alkogol we neşe serişdeleriniň mukdaryny çendenaşa kabul etmek; birine öýkünip özüňe kast etmek (belli şahsyýetleriň ölümine öýkünmek).

Özüňe kast etmek, amala aşyrylyşy boýunça üç sany esasy görnüşe bölünýändir:

  1. Hakyky kast etmek – köplenç adamda kynçylyklaryň birnäçesiniň toplanmagy, köp durmuş gymmatlyklaryndan göwnüniň geçmegi, güýçli gamgynlylyk ýagdaýyny döredýär. Köplenç gamgynlylyk ýagdaýy adamyň adaty islegleriniň berjaý bolmaýanlygy sebäpli, adamda döreýän içki gapma-garşylyklar netijesinde ýüze çykýar. Içki gapma-garşylyklaryň çözgüdi tapylmadyk ýagdaýynda suisidal pikirleriň döremegi ähtimaldyr.
  2. Ýalandan özüňe kast etmek – başga adamlaryň öňünde, özüňe kast etme hereketleriň amala aşyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Alaçsyzlyk, lapykeçlik ýagdaýynda, haçan-da adam ýüze çykan kynçylykdan çykalga tapmasa, ol adamlaryň ünsüni özüne çekmäge çalyşýar. Durmuş bilen hoşlaşmagy ýüregine düwen adam özüni "boş ýer" ýaly görýär. Adamlaryň oňa üns bermeýänliginden ejir çekýär. Şonuň üçin hem, ol özüne ünsi çekmegň ýeke-täk dogry ýoluny – durmuş bilen hoşlaşmagy ýüregine düwýär. Suisidiň bu görnüşini ruhy taýdan gowşak, hemme zady özüne çekýän adamlar saýlap alýandyr. Şonuň üçin hem, Siziň tanyş adamlaryňyzyň biri: "Ynha men bolmaryn, şonda siz aglarsyňyz"   diýen jümläni orta atsa, ony oýun etme höküminde kabul etmäň. Ony diňläň, üns beriň, onuň ýeke däldigini, ony sylaýanlygyňyzy ynandyryp, kömek etjek boluň.
  3. Gizlin özüňe kast etmek düşünjesine bolsa, adamyň öz ömrüniň dowamlylygynyň gysgalmagyna getirýän, öz-özüni weýran ediji häsiýeti degişlidir. Adam öz hereketleriniň howpludygyny aňlasa-da, olary dowam etdirýär. Ol hereketlere: alkogolizm, neşekeşlik, işde tehniki howpsuzlyk düzgünlerini äsgermezlik, saglyk üçin wajyp lukmançylyk bejergisinden ýüz öwürmek, ýürege çendenaşa agram bermek degişlidir.

Gynansak hem, biziň zamanymyzda gizlin suisid özüňe kast etmegiň ýaýran görnüşi blup durýandyr. Eger adam özüne kast etme pikirini orta atanda, onuň sebäbiniň çözüp boljak kynçylyklardygyna akyl ýetirip, olardan gaçmanyň beýle akmaklyk bilen amala aşyrylýanlygyna akyl ýetirmelidir. Bu hereket Size hormaty artdyrmaýar, tersine, ol Siziň bigaýratlylygyňyzdan habar berer.

Köp adamlar bu barada pikir etmeýärler ahyryn. Gynansak-da, olary indi gaýtaryp bolmaýar... Ýöne Siz entek şu ýerde. Ümsümlikde oturyp, oýlanyp görüň. Siziň ýaramaz pikirleriňiziň şeýle manysys we ýerliksizdigine göz ýetirersiňiz.

Biz jemgyýetde ýaşaýarys. Günde onlarça çylşyrymly soraglary çözmeli, ýüzlerçe kynçylyklary ýeňip geçmeli... begenmeli, işlemeli, ýene gynanmaly. Durmuş dowam edýär. Belki şu wagt siziň bir otagda işleýän işdeş ýoldaşyňyz ýa-da bir podýezd  meýdançada ýaşaýan goňşyňyza kömegiňiz gerekdir. Geliň, biri-birimize ünsli we mährem bolalyň!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele