Baş sahypa Täzelikler Umumy SAGDYN NESIL – AÝDYŇ GELJEK
( 47 Ses Berme )

1-nji Iýun, Halkara Çagalar Güni – Türkmen ene-atalaryna oýlanyşykly hereketler etmäge goldaw bermek isleýärmiň? Islegiňi bu haýyr-sahawat kampaniýasyna goşulmak arkaly hasyl et!

Biz hem, Saglyk topary bolup, iýun aýynyň soňuna çenli dowam etjek ýörite haýyr-sahawat kampaniýasyny gurnadyk. Sen hem bu ähmiýetli işe öz goşandyňy goşup bilersiň!

Saglyk türkmen ene-atalarynyň çagalaryna bolan yhlasyny we çagalary bilen aragatnaşyklaryny ösdürmäge bolan çäksiz tagallalaryny dabaralandyrýar. Saglyk.info türkmen ene-atalaryny çagalaryň we ýetginjekleriň fiziki, ruhy, jynsy saglygy barada ýerlikli we ylma esaslanan türkmen dilindäki maglumatlar, materiallar bilen üpjün edýän ýeketäk platformadyr.

Saglyk.info-nyň çagalaryň saglygyna we ösüp ýetişişine degişli 200-den gowrak hemmetaraplaýyn makala we blog ýygyndysy bar. Şeýle-de bolsa, talaplar we çagalaryň psihiki we fiziki saglygyna degişli türkmen dilindäki maglumatlary ideýän ene-atalaryň sany barha artýar.

Türkmenistandaky çagalaryň sagdyn ösmegine maddy peşgeş & ýardam bermek arkaly goşant goşmagyňyzy haýyş edýäris. Siziň goldawyňyz bize çaga we ýetginjek saglygyna degişli mugt, ygtybarly, ylmy esaslara daýanýan maglumatlary köpeltmekde we ilata hödürlemekde alyp barýan işlerimizde ullakan kömek bolar. Türkmen ene-atalary hem, bu işlerimiziň netijesinde düşünjeli we oýlanyşykly hereketler edip bilerler.

Şu salga geçipkampaniýa goşulup bilersiň.

Şu haýyr-sahawat kampaniýasy barady öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Türkmenleriň "Ýekäniň çaňy çykmaz" diýip aýdyşy ýaly, biz ýekelikde köp zady etmegi başarmarys. Şonuň üçin-de, biz Seniň ýardamyňa mätaç! Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 Galandar 2017-06-11 20:30
Çagalara ynsanperwerligi kiçi ýaşdan öwretmeli. Adamlara we haýwanlara bolan ynsanperwerlik terbiýäniň esasy bolmaly. Olara üns berilmedik ýagdaýynda jemgyýetde soň dýdim zor adamlaryň sany artyp ugraýar.
Sitata
 
 
#10 Okyjy 2017-06-09 09:35
Aýlap saýyn ýaramazlaşyp barýan ekologiýany bilip durkaň nesil hakynda pikir etmek gysyr sygyrdan göle alan ýaly bir ýagdaý bolup dur. Agzyňy doldyryp ýaňraman netijeli iş etseň, şonda bir netije bolmagy mümkin.
Sitata
 
 
#9 Mäti 2017-06-08 07:12
Belkäm, bizde açylan ynsanperwerlik uniwersiteti bu işi gowylandyrmaga uly itergi berer. Onsaňam daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryň gowulanmagy, olardan alynjak tejribeler arkaly bu işiň ilerlemegine uly goltgy bolar.
Sitata
 
 
#8 Okyjy. 2017-06-07 09:15
Çärelerde birine ýaranmak üçin berilýän sadakalar keselli we maýyp çagalara ýardam bermek üçin ulanylsa ynsanperwerligiň aňyry çägi bolardy. Ol bolmasa sadakany öz peýdaňa ulanyp ýörmek gabahatlyk dälmikä näme?! Netijesi hem aýdyň göze dürtülip durardy...
Sitata
 
 
#7 Ahally. 2017-06-05 23:43
Saglyk saýtynyň hormatly işgärleri, Çagalaryň saglygynyň gowy bolmagy üçin peşgeş, ýardam bermek hakyndaky pikirleriňizi iki eldäp goldaýarys. Ýöne ol hakyndaky pikirler bizde iki aýagy bilen agsaýar. Sebäbi köpçülik habar beriş serişdelerinde ol hakynda döwlet we şahsy guramalar tarapdan hiç hili öňe sürmelere duşmarsyň.
Sitata
 
 
#6 Synçy 2017-06-03 14:04
Okyjylar, tesbirçiler! Durmuşa çynlakaý garap, ýerlikli sorag berilip, degerli tesbir ýazylýarmyka diýýärdik. Sizä ýöne syç... ýa-da gormonlaryňyz kelläňize urup aňkaňyz aşanlar diýýäýmeseň! Makala näme diýýär, siz näme ýazýarsyňyz? Beýdip öz intellektual derejämizi görkezmäliňdä! Kimiň gahary gelsede burnuny dişlesin!
Sitata
 
 
#5 Okyjy 2017-06-02 10:15
Ýerlikli ýüzlenme! Türkmenler anyk haýyr sahabat kömegini bermegi, gerek ýerine maddy goldaw bermegi bilmeýärler. Dogry biz Hudaý ýolyna günde-günaşa her kim ýagdaýyna görä zat aýdyp paýlap, ýagdaýy bolan janly aýdyp, Hudaýýoly edýärler. Üýşibem barly adamlar saçaga goýulan iýmitleri, öňüne äberlen naharlary iýip gidýärler. Meniň pikirimçe Hudaýýolany ýete-ýetmez, ýarym-aç garyp-gasarlara berilse, ýada onuň çykdaýjysyny agyr keselli näsag çagalary bejertmek üçin gerek ýerine berilse jüpüne düşen Hudaýýoly diýip hasaplaýaryn.
Sitata
 
 
#4 Rakel 2017-06-01 01:49
Quoting Mekan:
Adminjan ereksia, erkek jynsy islegliligi ya jynsy gatnaşyga degişli temalary açayyñda ????

"Men näme diýýän dutarym näme diýýäre"bardy.Ereksiýaly temalardan az wagtlyk daşlaşyp,hany çagalara kömek edeliň.))31 ne blondinkalaň,güni bolsa 1 iýun çagalary goramagyň halkara güni.
Sitata
 
 
#3 Mekan 2017-06-01 00:35
Wy uznayete cto 31 maya den blondinki nawerna?
Sitata
 
 
#2 Mekan 2017-06-01 00:33
Admin diyjegim
Sitata
 
 
#1 Mekan 2017-06-01 00:32
Aminjan ereksia, erkek jynsy islegliligi ya jynsy gatnaşyga degişli temalary açayyñda ????
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele