Baş sahypa Täzelikler Umumy "JENAP ERKEK" ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI
( 24 Ses Berme )

Halkara zenanlar gününiň bosagasynda Türkmenistanda "Talyp Gözeli" ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlaryndan talyp gyzlar gatnaşdylar. Baş baýraga Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň talyby Maýsa Halbaýewa mynasyp bolup, "Talyp Gözeli 2017" adyna eýe boldy.

Bu bäsleşigiň çäklerinde sanlarça talyp ýigitleriň haýyşy boýunça, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary Saglyk saýdy bilen hyzmatdaşlykda "Jenap Erkek" atly bäsleşigi alyp bardy. Talyp ýigitleriň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde ýigitler dürli ugurlar boýunça bäsleşdiler. Türkmen Oba-Hojalyk Uniwersitetiniň talyby Aman Hojakulyýew ýaryşyň ýeňijisi we "Türkmen Erkegi 2017" diýlip yglan edildi.

"Jenap Erkek" bäsleşigi üç tapgyrdan ybarat bolup, olaryň mazmuny Saglyk Ýyly we Ruhubelentlik şygary bilen baglanyşdyryldy. Birinji tapgyrda talyp ýigitler 10 sekuntda ahalteke atynyň üstündäki başarnyklaryny görkezdiler. Türkmen ýigidiniň mertebesi hasaplanylýan at çapmak ukyby erkege gündelik durmuşda zerur bolmadyk beýleki bedeniň fiziki ukyplary bilen utgaşdyrylyp görkezildi.

Ikinji tapgyrda bolsa ýigitlere özleriniň hakyky erkeklik sypatlaryny subut etmäge mümkinçilik berildi. Bu tapgyrda ýaryşa gatnaşyjylar 3 günüň içinde ortaça aýlyk hakyndan 100 esse köp bolan galyň puluny tapmaly boldular. Olardan şol 3 günde özlerine nahar bişirip, kirlerini ýuwmak talap edildi.

Soňky tapgyrda bolsa ýigitleriň bagşyçylyk we saz sungatyna bolan ukyplary derňeldi. Gatnaşyjylar türkmen dutaryny çalmakda we halk aýdymlaryny aýtmakda ussatlyklaryny görkezdiler. Aýdymlar "gaýynenäniň waspy", "gelin öýüň bezegi", "erkek nesil dowamaty" ýaly mowzuklara degişli boldy.

Bäsleşik agşamynyň esasy wakasy talyp ýigitleriň sahnada dürli öwüşginli türkmen milli lybaslaryny görkezmegi we şol lybaslar bilenem keçäniň üstünde 3 sagatlap ýassanyp çaý içip, palaw iýmekleri bilen dabarlandy.

Bäsleşikde başda belläp geçişimiz ýaly, Türkmen Oba-Hojalyk Uniwersitetiniň talyby Aman Hojakulyýew baş baýraga hemde "Türkmen Erkegi 2017" ada mynasyp boldy. Şol sanda 2-nji orny Türkmen Sungat we Çeperçilik Institutynyň talyby Serdar Begenjow, 3-nji orny hem Halkara Nebit-Gaz Institutynyň talyby Nazarguly Myradow eýeledi.

Bäsleşigiň ahyrynda ähli gatnaşyjylara syruw kremi we jorap hödürlenildi. Ýeňijilere bolsa bäsleşigiň gurnaýjylary bolan Magtymguly adyndaky Merkezi Ýaşlar Guramasy, Bilim Ministrligi we Erkekler Birleşigi tarapyndan hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

#aprilfoolsday

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Allan 2017-05-29 09:53
Bäsleşikleri soňky ýyllarda ýokardan görkezme bilen geçirýärlerä. Onsoň ony geçirýänlerem diňe öz-özlerini aldamak bilen meşgullanýarlar. Aý, ýöne geň galyp oturmasaň başga çözgüt ýok.
Sitata
 
 
#7 Synçy 2017-05-01 11:02
"jenap erkekler" bäsleşigine gatnaşmaga bedenini maşklar bilen türgenleşdiren, eginlek, daýaw, eti-gany ýerinde oglanlar tapylmadymyka! Bäsleşigi "jenap çagalar" diýip gurnan bolsalar, şoňa gatnaşanlaryň sypatyna laýyk gelerdi.
Sitata
 
 
#6 Topar 2017-04-12 22:48
Saýtda ýazylyşy ýaly bellesekde türkmen lybaslaryny geýip, talyp ýigitleriň ýassygy goltugynyň aşagyna alyp, täze bişen palow iýip, çaý içip, göwünlerini hoşlamaklary, aýratyn hem talyplary naharlamak, sogap gazanmak. Şonuň ýaly bäzdeşikleriň höwri köp bolsunda.
Sitata
 
 
#5 Hemra. 2017-04-08 20:23
Soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler gowydyram weli, talaba laýyk, tebigy bolman, bir hili ýasama geçirilýär. Esasy zat gowşyrylan sowgatlar bolman, oglanlarda akylly "goç ýigidi" gyzlarda bolsa edepli, ekramly, mähirli, gözel gyzy ýüz çykarmaly.
Sitata
 
 
#4 Maya 2017-04-03 05:32
Yerine dusupdir! Gulup hezil etdim!
Sitata
 
 
#3 Одноразовый стакан 2017-04-02 16:55
"Erkekler Birleşigi" näme bolýar? Jemgyýetçilik guramasymy bulam?
Sitata
 
 
#2 Talyp 2017-04-01 17:03
Haha gülüp hezil etdimaý:))Ýeňijileri gutlaýan !:))
Sitata
 
 
#1 iLYuSHKa 2017-04-01 14:18
Yenijiler haysy welayatdan haysy shaherden doly maglumat berayinda?!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele