Baş sahypa Täzelikler Umumy 21-nji IÝUL – SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜDIR
( 27 Ses Berme )

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleri!

Siz üçin şeýle dabaraly baýramçylyk gününde adamlaryň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli, ýeňil bolmadyk zähmetiňiz üçin uly minnetdarlygymyzy bildiresimiz gelýär. Hünärleriň hiçisi hem adamyň içki dünýäsine şeýle ýakyn aralaşyp, onuň syrly öwrülmeleriniň, begenjiniň, gynanjynyň, alaçsyzlygynyň, ýeňşiniň, tolgunmalarynyň şaýady bolýan däldir.

Çünki Siz dünýäde gymmaty çäksiz bolan Saglygy gaýtaryp berme bilen, Adama ömür, umyt, bagt, ynam berýärsiňiz.

Şeýle dabaraly günde Size saglyk, maşgala abadançylygyny we bagty, rowaçlygy, hünäriňizde uly gadamly ösüşleri we abraýly üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Okyjylar. 2016-07-22 11:58
Abraýly saýtyň hormatly lukmanlary! Sizňem baýramyňyz gutly bolsun. Janyňyz sag, keýpiňiz kök, maşgalaňyzda abadamnçylyk, işiňizde uly üstünlikler arzuw edýäris.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele