Baş sahypa Täzelikler Umumy ÇAGANYŇ HORLAMAGY, ONUŇ MEKDEP DERSLERINI ÝARAMAZ ÖZLEŞDIRMEGINIŇ SEBÄBI BOLUP BILER.
( 4 Ses Berme )

Eger çaganyň mekdepdäki ýetişigi pes bolsa, onuň sebäbini gijeki ukynyň hiliniň pesliginden, has takygy horlama häsiýetiniň barlygyndan hem gözleme dogry bolar. Çikago Uniwersitetiniň barlagçylary çaganyň hemişe horlamagynyň onuň ünsüni jemlemeginde we okuw sapaklaryny özleşdirmekde kynçylyk döredip biljekdigini anykladylar. Ukyda horlama netijesinde dem alşyň birnäçe gezek saklanmagy we dikeldilmegi bolup geçip, bu ýagdaý beýniniň gan aýlanşygyna ýaramaz täsir edýär. Ulalan badam şekilli mäzler we burnuň adenoid mäzleri çagalaryň horlamagynyň has köp duş gelýän sebäpleri bolup durýandyr.

Mekdep ýaşly 1359 sany çaganyň gatnaşmagynda geçirlen barlaglar, wagtal-wagtal döreýän horlamanyň hem ünslülik, ýatkeşlik we pikir etme häsiýetlerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini görkezdi.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Talyp 2017-05-03 20:58
Horlaýan çaganyň ýa-da uly adamynyň horlan wagty beýniniň golaýynda ýatylan wagtynda ony sarsdyryp, işleýän hereketlendiriş (dwigatel) bar ýaly diýäýmeli. Onsoň onuň nähili netijesiniň boljagy belli ahyryn.
Sitata
 
 
#1 Lukman. 2016-06-29 00:29
Kiçi çaga köp wagt horlamany başdan geçirse, burun dem almasy bozulyp, demi agyzdan alan wagtynda, eňekleriň arasy açylyp, ýokary we aşaky alyn dişleriniň galtaşmazlygy ýüze çykýar. Bu bolsa iýmit iýmesini kynlaşdyrýar we çaganyň görküniň ýaramazlaşmagyna getirýär.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele