Baş sahypa Täzelikler Umumy BEÝNIDE DOPAMIN WE SEROTONIN HIMIKI MADDALARYŇ ÝETMEZÇILIGI RUHY GAMGYNLYLYGY DÖREDÝÄR.
( 8 Ses Berme )

Numbai’s Nanavati Super Spesialty Hospital klinikasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, serotonin we dopamin gormonlarynyň ýetmezçiligi ruhy gamgynlylyk, ünsüň peselmegi, keýpiň bolmazlygy, öz-özüňe kast etmäge meýliň döremegi, göze görünmek we gulaga eşidilmek duýgylaryň döremegi ýaly saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklara getirip bilýär. Barlagyň awtory, neýrohirurg Mohiniş Bhwatiwaliň düşündirmegine görä, bedende bu gormonlaryň derejesiniň peselmegi adamyň keýpiniň bozulmagyna getirýär. Dopamin gormony keýpiň köklügini saklamaga kömek etse, serotonin emosional asudalygyň, ynamlylygyň saklanmagyna ýardam edýär. Bedende bu neýrohimiki maddalaryň kadaly saklanmagy üçin, alymlar fiziki işjeňligi saklamagy, ýoga bilen meşgullanmagy, dem alyş maşklary ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Şeýle-de, triptofan saklaýan önümleri, meselem, goňur tüwi, ýaglar, deňiz önümleri ýaly iýmitleri kabul etmek peýdaly netijeleri berip biler. Çünki triptofan beýnide serotonin gormonyna öwrülýändir. Hürärmenleriň pikirine görä, özüňi gowy duýmagyň iň peýdaly dermany – peýdaly iýmitlenme, dynç alma, halaýan işiň bilen meşgullanma we özüňe emosional ýaramly adamlar bilen gatnaşyk saklamadyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Niýaz 2017-03-12 23:22
Bedene kesel ornaşyp ugranda we agyrylar duýulyp başlanyndan, meniň pikirimçe serotonin, dopamin gormonlarynyň ýaha az bölünip çykmaklary mümkin ýa-da olaryň öz işlerini ýerine ýetirmekleri pese düşýän bolmagy mümkin
Sitata
 
 
#3 Çary. 2016-07-04 20:11
Birnäçe adamlar mydama durmuşda özlerini tukat alyp barýarlar, olar nirede bolsalar hem halk içinde aýdylyşy ýaly "ýüzleri nermeden doýmadyk öküziň ýüzi ýaly" görnüşde bolýarlar. Belkäm, ol bedende degerli gormonlaryň bolmazlygy ýa-da az bolmagyndan kösenýändirler.
Sitata
 
 
#2 Kemal. 2016-03-09 03:17
Serotonin we dopamin gormonlarynyňbedende bolmagy üçin durmuşyň hem gowy bolmaly, kadaly durmuş ýörelgesi bilen ýaşap, zyýanly zatlaryň täsirinden daşda bolmaly.
Sitata
 
 
#1 Şiraly. 2016-02-26 00:12
Pikir edýärsiň gormonlaryň ýetmezçiligi guhy gamgynlyk döredýärmikä ýa-da ruhy gamgynlylyk sebäpli gormonlaryň emele gelmesi azalýarmyka! Bedene örän möhüm boan tilsimler seni pikir gamyna duş edýär.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele