Baş sahypa Täzelikler Umumy TERTIPSIZ JYNSY GATNAŞYKLARA ÝYKGYN ETMEK HÄSIÝETINE GENLER GÜNÄKÄR.
( 11 Ses Berme )

Bingempton uniwersitetiniň amerikan alymlary adamlary ikilik etmäge mejbur edýän geni tapdylar. Barlaglara 180 sany ýaş erkek adamlar gatnaşdylar. Olaryň hemmesiniň DNK-nyň nusgalaryny alyp, seksual häsiýetliligi barada soragnama geçirdiler. Seljermeler DRD4 görnüşli geni bolan erkek adamlaryň hiç hili jogapkärçilik duýmazdan jynsy gatnaşyklary geçirip bilmäge meýillidigini ýüze çykardy. Alymlar bu geniň beýniniň lezzetlilige jogap berýän merkezi bilen arabaglanşygynyň bardygyna güman edýärler. Ekspertleriň düşündirmegine görä, uzaga çekmeýän gatnaşyklary bu geni saklamaýan adamlar hem açýan bolsalar, bu geni göterijiler tertipsiz seksual gatnaşyklary geçirmäge has ýykgyn bolýarlar.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Erkek. 2016-06-15 22:56
Eger şonuň ýaly genler (ol hökman bolaýmaly) erkekleriň birnäçesinde bar bolsa, onda aýallaryň käbirinde hem bolaýmagy ikiuçsyzdyr. Ýöne hudaýa şükür, eger ol genler tutuş bolmasa, onda durmuşyň gyzygam bolmazdy. Durmuşda her zadyň köpöwrümli bolmagy ony şüwheli edýär ahyryn.
Sitata
 
 
#2 Şepagat uýasy. 2016-03-04 23:34
Ol genler bedende bolmaýan bolsady, onda köp ýerde "donžuwanlar" döremezdi. Birnäçe aýallary bolsa gam laýyna batyrardy. Baý, tebigat janly-jandaryň başyny-gözüni aýlamagy ussatlyk bilen başarýar.
Sitata
 
 
#1 Söýünhan. 2016-02-24 23:55
Amerikan alymlarynyň bilesigelijilikli barlaglary uly zähmet we ajaýyp. Ýöne onuň iki tarapybar bolaýmasa, birä ol takyklamalar kimiň kimdigini bildirer, ikinjiden bolsa, ol adamlara durmuşda nähili gatnaşyk etmelidigini aýan eder.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele