Baş sahypa Täzelikler Umumy FONTANLARDA SUWA DÜŞMEK SAGLYK ÜÇIN HOWPLY BOLUP DURÝAR.
( 7 Ses Berme )

Hünärmenleriň bellemegine görä, suw heňiniň we suw akarlaryň dykylmagynyň öňüni almak üçin ulanylýan himikatlar deriniň gyjyndyrylmagyny döredip, deri keselleriniň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup bilerler.

Suw çüwdürimlerinde oturdylýan süzgüçler suwy diňe iri hapalardan arassalaýarlar. Fontanlarda bolsa guşlaryň, itleriň hem ýuwnup bilýändigini ýatda saklamalydyr. Deri kesellerinden başga-da, fontanlarda suwa düşmek ýiti içege ýokançlyklaryna, gastrit, peritonit, meningit we konýuktiwit kesellerine duçar bolmak üçin şert döredip bilýändir.

Fontanlarda suwa düşmek çagalaryň saglygy üçin has hem howply. Eger immun ulgamy gowşak çaganyň bedenine ýokançlyklary saklaýan suwuň birnäçe damjasy düşen ýagdaýynda hem dürli keselleriň döreme howpy ýokarlanýandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Nöker. 2017-01-04 23:49
Fontanlary belli bir ýerik bezeg üçin ulanaýmasaň ýa-da onuň suwy bilen baglary suwaraýmasaň başga ýagdaýda ýagny, suwa düşmegi gadagan edýän düzgüni pugta berjaý edilse gowy bolar.
Sitata
 
 
#4 Soltan 2016-09-02 07:52
Başga ýakynda suwa düşere ýer bolmasa nätjek. Şonuň üçin çagalar suwa düşende çagama rugsat berýärin. Ol äwmezlikden suwy ýuwdan ýagdaýynda, şol ýerden hem biynjalyk başlanýar.
Sitata
 
 
#3 Pirli. 2015-12-16 00:12
Birnäçe ýurtlarda boluşy ýaly fontanlaryň düýbüni oňat arassalap, ýuwup durmaly we degişli sanitar arassaçylygyny geçirmeli. Bizde bolsa nebsimiz agyrsada ol ýagdaý wagtly-wagtynda geçirilmeýär.
Sitata
 
 
#2 Tylla. 2015-10-19 00:39
Fontanlary it, pişikden saklaýanyňdada guşlardan saklamak aňsat başartmaz. Olaryň käbirleri adam saglygy üçin howply bolan mikroblary özünde saklaýarlar.
Sitata
 
 
#1 Weli. 2015-09-10 01:35
Öz saglygy hakynda alada edýän adam nähili zerur bolanda hem fontanlarda suwa düşmez we çagalarynyň düşmegine asla ýol bermez. Sebäbi olar akar suwy bolman, şol bir suwuň ulanylmagy bilen ýata suwy ýatlatýar ahyryn. Ýata suw her hili ýokançly kesel döredijileriň mekany bolup durýar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele