Baş sahypa Täzelikler Umumy
( 28 Ses Berme )

Gadyrly Dostumyz / Joramyz,

Sen türkmenistanlylaryň durmuşyna peýda getirjek manyly işleri etmäge mümkinçilik gözleýärmiň? Ajaýyp bir pikiriň bolup, ony durmuşa geçirmekde goldaw, resurslar, we özüň bilen pikirdeş adamlar kemçilik edýärmi?

Biz seni innowasion hyýalyňy hakykata öwürmek üçin öňe ädim ätmäge çagyrýarys. Bize özüň barada gürrüň ber. Şeýle-de, proýektiň maksatlary we onuň türkmen halkyna ýetirjek peýdalary baradaky pikirleriňi paýlaş.

Sen ýa ýeke özüň ýa-da topar bolup anketa dolduryp bilersiň.

Innowasion Laboratoriýanyň maksady sen ýaly täze pikirli türkmen ýaşlaryna, blogerlerine, raýat žurnalistlerine we ýaş aktiwistlerine sosial mediýanyň we jemgyýetçilik ösüşine (bilim, saglyk, biznes, we oba-hojalygy) degişli Maglumat & Aragatnaşyk Tehnologiýasynyň (ICT) peýdaly taraplaryny köpçülige ýetirmäge hem-de beýleki innowasion ideýaly ýaşlar bilen birleşmäge kömek etmekdir. Laboratoriýa bu kömegi türkmen ýaşlarynyň amaly ukyplaryny, professional zolagyny we Türkmenistanda elýeterli tehnologiýalara bolan gatnaşygyny giňeltmek arkaly amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Anketalar 2017-nji ýylyň Awgust aýynyň 15-ne (UZALDYLAN!!!) Sentýabr aýynyň 1-na çenli kabul edilýär. Saýlanan dalaşgärler 3 günlik intensiw seminara gatnaşarlar. Seminarlar Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde 2017-nji ýylyň Noýabr aýynyň 15-17-si aralygynda geçiriler. Seminar gatnaşyjylara proýekt ideýalaryny ösdürmäge we maliýe kömegini almaga mümkinçilik döreder. Seminaryň soňunda şowly çykan proýektlere maliýe kömegi hödürlener. Gatnaşyjylaryň seminara degişli ähli çykdajylary gurnaýjy tarapyndan ýapylar.

Soraglaryň bolsa This e-mail address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it adresine ýazyp habarlaşyp bilersiň.

Anketa (Tkm) / Application (En) / Анкета (RU) / Mysallar

 
( 1 Ses Berme )

Asuda ýagdaýda adam bir gije-gündizde 15000 gezek gözüni gyrpýar – her 6 sek. bir gezek. Bir gözüň gyrpylmagy 100-150 millisekund wagtda amala aşýar. Gabaklaryň gyrpylmagy gözüň üstünden del jisimleri aýyrmagy, göz almasyny çyglandyrmagy üpjün edýär. Göz ýaşy gözi kislorod bilen üpjün edýär, ony bakteriýalardan arassalaýar.

Aýallar, erkek adamlar bilen deňeşdirlende 2 esse ýygy gözlerini gyrpýarlar.

Ýapon alymlarynyň anyklamagyna görä, adam haýsy hem bolsa bir işi gutaranda, gürrüňdeşi geplemegini soňlanda, okaýan sözlemini soňlanda, telewizorda sahnalar üýtgände has ýygy gözlerini gyrpýandyr. Alymlar kompýuter tomografiýasyny ulanyp gözüň gyrpylmagynyň amala aşyrýan fiziologiki maksatlaryny anykladylar: göz gyrpylanda beýniniň neýronlarynyň işjeňligi peselýär we beýni "garaşma" düzgünine geçýär. Şeýlelikde, gözüň gyrpylmagy ünsüň täzelenmegine we nerw öýjüklerine "dynç bermäge" kömek edýär.

 

Amerikan alymlary tejribe geçirme netijesinde, alkogol içgileri aşa köp kabul edýän aýallarda, arak içýän erkek adamlar bilen deňeşdirlende, süýji keseliň döreme töwekgelçiliginiň ýokarydygyny kesgitlediler. Alymlar 27 ýyldan hem uzak dowam eden tejribäniň netijelerini jemlediler. Tejribäniň dowamynda 16 ýaşdan uly aýallar we erkek adamlar haýsy mukdarda we ýygylykda alkogol içgileri kabul edendikleri barada maglumat berdiler. Alymlary tejribäniň netijeleri geň galdyrdy – alkogol içgileriň aşa köp kabul edilmegi diňe aýallaryň ganynyň düzümindäki glýukozanyň ýokarlanmagyna sezewar etdi. Erkek adamlar, hatda olaryň arasynda arakhorlukdan ejir çekýänlerde hem ganyň glýukozasynyň ýokarlanmagy bolup geçmedi. Näme üçin alkogol içgileri kabul edýän aýallarda süýjüli diabetiň döreme töwekgelçiliginiň ýokary bolýandygynyň sebäbi entek alymlara belli däl. Şonuň üçin hem barlaglaryň dowam edilmegi meýilleşdirilýär. Umuman alanyňda, alkogol aýal bedeniniň kadaly işjeňligine ýaramaz täsirini ýetirýär. Ondan başga hem, erkekler bilen deňeşdirlende, aýallarda döreýän arakhorluk keselini bejerme juda çylşyrymly bolup durýandyr.

 
( 1 Ses Berme )

Italýan alymlarynyň gelen netijesine görä, ukynyň ýetmezçiligi beýniniň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär, has takygy ol nerw öýjügi bolan neýronlaryň arasyndaky baglanşyklary – sinapslary dargydýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu hadysa adamda Alsgeýmeriň keseliniň we başga newrologiki keselleriň döremeginiň töwekgelçiligini ýokarlandyrýarlar. Bu maglumaty subut etmek üçin alymlar birnäçe toparlara bölünen syçanlaryň beýnisini deňeşdirdiler. Tejribe geçirilýän syçanlaryň birinji toparyna ukysyny 8 we ondan hem köp sagat almak üçin mümkinçilik berdiler. Ikinji toparyň syçanlary 5 gün ýatmadylar we olarda ukysyzlygyň dowamly görnüşi döredildi. Iki toparyň syçanlarynyň beýnisiniň astrositlerine we mikrogliýalaryna baha berildi. Astrositler beýnini ulanylmadyk sinapslardan arassalasalar, mikrogliýalar bu agzany şikeslenen öýjüklerden arassalaýarlar. Hakykatdan hem, köp ýatan syçanlaryň birinji toparynyň asrtositleriniň sinapslaryň 5%-ni, 8 sagat ýatan toparda 8%-ni, ýatmadyk syçanlarda bolsa 13%-i dargydandygy kesgitlendi. Bu sanlar, ukynyň ýetmezçiliginde beýniniň öýjükleriniň arasyndaky baglanşyklaryň dargadylmagy üçin şert döredilýändigini görkezdi. Alymlaryň bellemegine görä, nerw öýjükleriň şeýle ýokary işjeňligi ýatkeşligi peseldip biljek nerw bozulmalarynyň emele gelmegine getirip biler.

 
( 1 Ses Berme )

Dowamly nerw dartgynlylyk we stres hiç adam üçin hem peýdaly däldir, ýöne göwreli aýal üçin ol has hem howply bolup durýandyr. Sýurih Uniwersitetiniň lukmanlary göwrelilikde döreýän dowamly stressiň we ruhy gamgynlylygyň çagada ýürek-damar bozulmalaryň we aşa hereketlilik sindromynyň emele gelmeginiň sebäbi bolup biljekdigini kesgitlediler. Şeýle hem, enäniň şeýle ýagdaýynyň çaganyň çalt ösmegini, ýöne içki agzalaryň ösmede yza galmagyny hem döredip biljekdigi bellenilýär. Şonuň bilen birlikde hem, gysga wagtlaýyn ýüze çykýan stresiň çaga üçin howply bolup bilmejekdigi hem bellenilýär. Öz pikirlerini subut etmek üçin alymlar 34 sany göwreli aýalyň gatnaşmagynda tejribe geçirdiler. Ylmy işgärler çaganyň ýan suwlarynyň nusgalaryny ýygnadylar. Bu hem göwreliler üçin stres bolup durýady. Ondan soň kortizol gormonynyň (stres ýagdaýda işlenilip çykarylýan gormon) derejesini kesgitlediler – ol kada görkezdi. Diýmek, psihoemosional ýagdaýyň gysga wagtlaýyn bozulmasy ene we çaga üçin howply däldir. Ýöne strese garşy durnuklylyk synaglary geçilýän wagtynda çaganyň ýansuwlarynda kortizolyň derejesiniň ýokarlanandygy kesgitlendi. Bu ýagdaýyň çaga üçin howply bolup biljekligi şeýle düşündirilýär: stres wagtynda beden aýratyn gormonlary – kortizoly we kortikoliberini bölüp çykarýar. Bu gormonlaryň çaga ýoldaşy tarapyndan hem işlenilip çykarylýandygy bilen onuň ýansuwlaryna düşmegi düşündirilýär. Eger bu gormonyň derejesi kada bolanda, ol peýdaly hasaplanýar – wagtyndan öň dogma ýagdaýynda çaganyň sag bolmagy üçin mümkinçilik döreýär, ýöne onuň derejesi ýokary bolanda ol çagada bellenilip geçilen bozulmalara getirip biler.

 
( 29 Ses Berme )

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleri!

Siz üçin şeýle dabaraly baýramçylyk gününde adamlaryň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli, ýeňil bolmadyk zähmetiňiz üçin uly minnetdarlygymyzy bildiresimiz gelýär. Hünärleriň hiçisi hem adamyň içki dünýäsine şeýle ýakyn aralaşyp, onuň syrly öwrülmeleriniň, begenjiniň, gynanjynyň, alaçsyzlygynyň, ýeňşiniň, tolgunmalarynyň şaýady bolýan däldir.

Çünki Siz dünýäde gymmaty çäksiz bolan Saglygy gaýtaryp berme bilen, Adama ömür, umyt, bagt, ynam berýärsiňiz.

Şeýle dabaraly günde Size saglyk, maşgala abadançylygyny we bagty, rowaçlygy, hünäriňizde uly gadamly ösüşleri we abraýly üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

 
( 47 Ses Berme )

1-nji Iýun, Halkara Çagalar Güni – Türkmen ene-atalaryna oýlanyşykly hereketler etmäge goldaw bermek isleýärmiň? Islegiňi bu haýyr-sahawat kampaniýasyna goşulmak arkaly hasyl et!

Biz hem, Saglyk topary bolup, iýun aýynyň soňuna çenli dowam etjek ýörite haýyr-sahawat kampaniýasyny gurnadyk. Sen hem bu ähmiýetli işe öz goşandyňy goşup bilersiň!

Saglyk türkmen ene-atalarynyň çagalaryna bolan yhlasyny we çagalary bilen aragatnaşyklaryny ösdürmäge bolan çäksiz tagallalaryny dabaralandyrýar. Saglyk.info türkmen ene-atalaryny çagalaryň we ýetginjekleriň fiziki, ruhy, jynsy saglygy barada ýerlikli we ylma esaslanan türkmen dilindäki maglumatlar, materiallar bilen üpjün edýän ýeketäk platformadyr.

 
( 1 Ses Berme )

Hýusten Uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, gidroksisitrat himiki birleşmesi böwreklerdäki kalsiý oksalatyndan ybarat peşew daşlary eretmäge ukyplydyr.

Mineral maddalaryň gaty birleşmeleri böwreklerdäki daşlaryň esasyny düzüp, olar erkek adamlaryň 12%-de, aýallaryň bolsa 7%-de duş gelýändir. Daş döreme töwekgelçiligi gan basyşynyň ýokarlanma keselinde, süýjüli diabetde we semizlikde has hem ýokarlanýandyr.

Soňky 30 ýylda bu ugurda geçirilýän bejergi köp üýtgemedi. Lukmanlar köp suwuklyk kabul etmegi we oksalat saklaýan önümleri iýmekden (badam maňzy, ysmanak) saklanmagy, käwagtlar bolsa daş kristallaryň ösmegini togtadýan kaliý sitratyny ulanmagy maslahat berýärler.

Gidroksisitrat himiki düzümi boýunça kaliý sirtatyna meňzeş bolsa-da, ol kristallaryň üsti bilen berk birleşmäni döredýär we daşlary eredýändir. Bu birleşmäniň täsiri ýedi sany meýletinçide barlanyldy. Olar bu himiki birleşmäni üç günüň dowamynda kabul etdiler. Olaryň diňe bir böwrekleriniň işiniň gowlaşandygy syn edilmän, eýsem oksalat bilen birleşmeleriň peşew bilen çykarylmagy hem bellenildi.

 

Köp adamlaryň ýüregedüşgünç duwurtiklerden dynma arzuwynyň ýakyn günlerde amala aşma mümkinçiligi döredi. Kaliforniýa Akademiýasynyň synagy geçirýän toparynyň ýolbaşçysy Erik K. Huanyň bellemegine görä, bu peýdaly serişdäniň döredilmegine köp ýyllar sarp edilen bolsa hem, ol öz netijeli täsirini ýaňy-ýakynlarda ýüze çykardy. Deride düwürtikleriň döremegine köplenç özünde belogyň uly mukdaryny saklaýan Propionbakterium aсnes şertli atlandyrmasy bolan bakteriýalar sebäp bolýarlar. Adamlaryň köpüsiniň bedeninde olar ýöne ýaşasalar hem, başgalarda zäherleri bölüp çykarýarlar. Bu bakteriýalar deriniň ýag işläp çykarýan mäzleriniň işjeňleşmegi bilen has köpelip başlaýarlar we alawlama hadysasyny döredýärler. Bu hadysa öz gezeginde immun ulgamynyň işläp başlamagyny tijendirýär we bakteriýanyň ýok edilmegine jogap edip ýag çykarýan mäzleriň iriňlemesine getirýär.

Synagçylar toparynyň bellemegine görä, bu täze waksina deri örtüginde bakteriýada saklanýan belogyň döredýän alawlama täsirini aradan aýyrmaga kömek berjek antitela öýjükleri özünde saklaýandyr.

Derman serişdesini döredijileriň habar bermegine görä, kliniki synaglar şowly geçirildi we ýakyn wagtda derman meýletinçilerde barlagdan geçiriler. Dermanyň synag möhleti iki ýyly düzýändir.

 
( 1 Ses Berme )

Afrikada täze ölüm howply kesel döredi. Iki hepdeden gysga wagtyň dowamynda 30 dörän ýagdaýdan 12-iň ölümçilik bilen tamamlanandygy barada habar berilýär. Kesel gyzdyrma, ýüregiň bulanmagy, gaýtarma we içgeçme ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Şuňa garamazdan, habarnamada bellenilşi ýaly, Ebola gyzdyrmasynyň döredijisini anyklamak üçin geçirlen barlaglar negatiw jogaby berdiler. Bu keseliň ýaýramagynyň sebäplerine zaýalanan önümleriň we suwuň ulanylmagy hem degişli edilýär.

Keseli öwrenmäge BSGG-yň we halkara guramalaryň hünärmenleri gatnaşýarlar.