Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Umumy KALÝANYŇ ZYÝANY
( 7 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Kalýanyň (suw çiliminiň) zyýany barmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda suw çilimini (kalýan) ulanma has hem ýörgünli boldy. Hindistanda oýlanyp tapylan suw çilimi, sorulyp alynýan tüssäni sowadýan hem-de çyglandyrýan, çilim çekmek üçin niýetlenen enjamdyr. Suw çiliminiň muşdaklary, onuň çilme garanyňda howpsuzlygyny nygtaýarlar.

Ýöne bu hakykatdan hem şeýlemikä?

Çilim belli bir standartlara görä öndürilip, onuň zyýanlylygyna gözegçilik etme ýeňil bolsa, suw çilimini ýasamakda belli bir görkezilen kadalar ýokdur. Onuň tüssesiniň zyýanlylygyna köp faktorlar täsir edňändir: temmäki garyndysynyň görnüşi we hili (öndürijä baglylykda temmäkiniň düzümindäki şepbikler hem-de nikotiniň görkezijileri üýtgäp bilýändir), temmäkiniň ýanma temperaturasy (oňa gözegçilik etme kyndyr), suw çiliminiň dogry "doldurylyşy" (temmäkini doldurma, gaba guýlan suwuň mukdary), ýakylýan kömrüň hili (seitraly we madneziýaly çalt ýanýan kömür agaç kömründen zyýanlydyr).

Suw çiliminiň düzüminde nikotiniň we şepbikleriň mukdary, çilime garanyňda az mukdarda saklanýan hem bolsa, zyýanly maddalaryň azlygy, kömürturşy   gazyň ýokary mukdary bilen "deňagramlylykda" saklanýandyr. Adam çilimi birnäçe minutdakip gutarýan bolsa, suw çilimi şagalaň ýerlerde bir we ondan hem köp sagat çekilýändir. Bu wagtyň dowamynda adam kömürturşy gazyň köp mukdaryny öňkene sorup alyp, baş aýlanma, ýörek bulanma, demiň gysmasy ýaly zäherlenme alamatlarynyň döremegi mümkindir. Suw çiliminiň alkogol içgileri bilen utgaşdyrylmagy, zäherlenme alamatlaryny has hem ýokarlandyryp bilýändir.

Suw  çilimini bir turbajykdan birnäçe adamynyň çekmegi hem keselleriň ýaýramagy babatda (uçuk ýokançlygy, gepatit A, B) howply bolup durýandyr.

"Passiw çilimkeşlik" düşünjesi suw çilimine hem degişli bolup, göwreli aýallaryň hem-de çagalaryň ýanynda ony çekme maslahat berilmeýär.

"Suw çilimini çekmelimi ýa-da çekmeli däl?" soragy, elbetde, her kişi özüçe çözer. Eger Siz ondan ýüz döndürip bilmeýän bolsaňyz, onda onuň zyýanly täsirini peseldip biljek düzgünleri ýatda saklaň:

Suw çilimini ýygy dälde, wagtal-wagtal çekiň. Ony endige öwürmäň.

Suw çilimi üçin hili belli temmäkini ulanyň.

Çalt ýanýan kömrüň ýerine agaç kömrüni ulanyň.

Suw çilimini ulananyňyzda  çalşylýan müşdükleri (mundştuklary)  ulanyň.

Suw çiliminiň çekilmegini alkogol içgileri bilen utgaşdyrmaň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Serdar 2016-03-02 14:28
Salam hormatly lukman. Men 20 yasymdaky oglan. Men nace iysemde semrap bilemok. Riz tizden ajygyan. Lukmanyn barlagynyn netijesinde icimde "karlo sepen" gurcugy barlygy anyklandy. Yone lukmanynam eden bejergileri peyda etmedi. Tabletkalar icirdi. Icime shlanga sokyp howa goyberdi we s.m yone hic hili netije bermedi. Agramym 56kg boyym 1.80m Mana degerli maslahat bermeginizi sizden hayys edyan lukman...
Hormatlamak bilen saytyn okyjysy
Sitata
 
 
#3 lukman 2013-05-12 10:59
Hormatly okyjy!

Deri leýşmanioz keselinden soň zeperlenmäniň yzyny( halk arasynda "peşorda" diýilýär)derman serişdeleriniň kömegi bilen aýyrmak synanşygy netijesiz bolýar.Bu ýagdaýda plastiki hirurgiýada ulanylýan dikeldiş usullary netijeli bolup biler.
Sitata
 
 
#2 Merdan 2013-05-11 01:43
siz pesorda name derman komek eder aydyp bilmersinizmi !
Sitata
 
 
#1 Merdan 2013-05-11 01:41
salam lukman !
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele