Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Umumy HAMAMLARDAKY BUGLAR ADAM ÜÇIN ZYÝANLYMY?
( 9 Ses Berme )

 

 

Salam, lukmanlar! Käbir hamamlarda ýa-da umumy hamamlarda, saunalarda ýörite bug bolýar. Buguň adam saglygyna nähili peýdalary we zyýanlary bar? Ýürek agyrly, dem gysmaly adamlara buglara girmek bolýarmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Hammamlarda we saunalarda ulanylýan bug hakykatdan hem bedene peýdaly täsir edýär.

Buguň ýokary temperaturasy bedeni taplaýar, suw we duz çalşygyny kadalaşdyrýar. Deri ýagdan , hapa örtükden arassalanýar, bedende madda çalşygynyň galyndylary, zäherler çykýarlar. Buguň täsiri nerw dartgynlylygyny aradan aýyrýar, artykmaç beden agramlylygyndan dynmaga kömek edýär.

Buguň täsirini dogry ulanmak üçin hammamlarda, has hem saunada belli düzgünleri berjaý etmek wajypdyr. Bejeriş netijeliligini gazanmak üçin saunanyň temperaturasy 80-100 C⁰, howasynyň çyglylygy 25%-e deň bolmalydyr. Bugly otaga girmezden öň, kelläni hökman süpürgiç ýa-da şapka bilen örtmeli, arassa derini gowy süpürmeli. Bugly otaga 10 min dowamlylykda 3 gezek girme tertibi maslahat berilýär. Saunadan der bilen ýitirilen suwuklygyň öwezini dolmak hökmany düzgün bolup durýandyr.

Gury buguň bejeriş täsirini ýeňil we orta derejeli ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden, peşew çykaryş ulgamynyň sowuklama kesellerinden, aşa ýygy dümewlemeden ejir çekýän adamlara peýdaly bolup biler.

Saunadaky we hammamlardaky buguň täsiri 12 ýaşa çenli çagalara, serhoş ýagdaýdaky adamlara, inçekesel, süýji keseli, ýokary gan basyşdan, böwregiň daş keselinden, ateroskleroz, dem alyş ýollaryň dowamly kesellerinden, nerw ulgamynyň agyr bozulmalaryndan ejir çekýän adamlara zyýanly bolup biler.

Buguň täsiriniň peýdalylygy ýa-da zyýanlylygy babatda şübhe dörän halatlarynda lukman bilen maslahatlaşmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Hanküýli. 2016-06-15 09:50
Öz ýagdaýyňy öwrenmän, gyzgyn bugda oturmak, öz oturan şahaňy kesmek ýaly bir zatdyr. Bedeniň ýetmezçiligi bolan ýagdaýynda ondan gaçarak durmaly. Käbirler bolsa 5-6 ýaşyndaky çagalaryny hem gyzgyn bugda 2-3 gezek az wagytlyk saklaýarlar. Ol bolsa duran bir köre körlük ahyryn.
Sitata
 
 
#3 Saparly. 2016-02-17 01:30
Bugly otagda (parilka hem diýýärler). Onda durmaga öwrenişseň adam suwa düşmegi onsuz göz öňüne hem getirmeýärmikä diýýärin. Sebäbi ol köp babatda bedeniň gowylanmagyny döredýär. Ýagdaýy gowylaşan adam özüni ýaşaran ýaly duýýar.
Sitata
 
 
#2 Poran. 2015-12-06 01:02
Köp arak içen serhoş adamynyň gyzgyn ýatyp ondan saplanjak bolşy, kelläni ýolbarsyň agzyna sokyp, oňat zada garaşýan ýaly ýagdaýmyka diýýärin. "Adam özün bilmez ham hyýal bolar" diýileni örän ýerlikli.
Sitata
 
 
#1 Gapbar. 2015-10-27 01:23
Gartaşan aýratyn hem garry adamlarda saunada oturmak oslagsyz ýagdaýlar döretmegi mümkin. Lukmanyň maslahaty bolman özbaşdak netijä gelmek oňatlyga däl.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele