Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Umumy ELEKTRIK TOGY ADAMA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR WE OŇA ILKINJI KÖMEGI NÄDIP BERMELI?
( 5 Ses Berme )

 

Salam, Lukman! Türkmençilikde bir ejir ceken adama haýsy mesele bolanda-da, ilkinji kömegi nähili ýagdaýda geçirmelidigini bilýän adam, gynansak-da, gaty seýrek. Oba ýerlerinde adamy elektrik togy uranda ilkinji kömek berilmesizden, hayal etmän lukmana eltilmek islenilýär. Bu bolsa 15-20 minut wagty alyp, şol wagt eýýäm ejir çekene gaty giç. Men yakyn dostlarymyň ikisi şol meselede ilkinji kömegi berip bilman hossarlaryny ýitirdiler. Hormatly Lukman, siz ilkinji kömegiň, yagny birinji 5-minudyn oran wajypdygyny, nähili işler geçirmelidigini maňa we beýleki okyjylarymyza açyklap bermegiňizi sizden haýyş edýärin!

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Elektrik togy adamynyň bedeninden geçende, dokumalaryny gyzdyryp, elektrik ýanyklarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Tok beden myşsalarynyň agyryly gysylmalaryny döredip, şonuň ýaly-da dem almanyň keslimegine we ýüregiň durmagyna getirip biler. Adamyny elektrik togy uran ýagdaýynda, ilkinji kömek pajygaly ýagdaý dörän ýerinde haýal etmän berilmelidir. Öz howpsuzlygyňyzy ýatdan çykarmazdan, adamyny toguň täsirinden aýryň: elektrik enjamynyň çarşagyny tok çeşmesinden aýryň.

Ägä boluň: toguň gelmesi kesilýänçä, Siz hem heläk bolana galtaşanyňyzda tok urma howpuna sezewar bolup bilersiňiz. Bu ýagdaýda izolirleýän serişdelerden peýdalanyň: açyk tok simini rezin ellikleri, agaç çybygy, ýa-da haýsydyr bir taýak bilen adamdan aýyrjak boluň. Demirden ýasalan we öllenen serişdelerden peýdalanmakdan saklanyň. Şol bir wagtyň özünde heläk bolan adama hem-de suw we gaz geçiriji turbalara, ýyladyjy peçlere (batareýalar) degmekden gaça duruň. Eger heläk bolan huşuny ýitirmedik bolsa, oňa göwünlik berip, ýyly çaý beriň, pişik dyrnak (walerýana) ýa-da başga rahatlandyryjy serişdeleri içiriň.

Toguň täsiri bilen ýanyklar emele gelen bolsa, üstüni arassa daňybilen ýapyň. Onuň üstüne buz goýmak hem maslahat berilýär. Heläkbolany tizden-tiz keselhana äkidiň.

Eger adam huşsuz bolsa, onuň dem alyp, ýüreginiň işleýänligine göz ýetiriň. Adamynyň ýürek urmasy we dem almasy kesilen bolsa, "Tiz kömek" ýetip gelýänçä, haýal etmän janlandyryjy (reanimasion) çäreleri-emeli dem berişi we ýüregiň göni däl owkalamasyny geçirip başlaň (Bu reanimasion çäreleriň geçiriliş tehnikasy barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Dem alşyň we gan aýlanyşygyň duýdansyz kesilen ýagdaýynda berilmeli ilkinji kömegiň aýratynlyklary" atly makaladan okap bilersiňiz). Eger elektrik şikeslenmesinden soň, adam dem alyp, ýöne özüne gelmeýän bolsa, ony arkanlygyna ýatyryň hem-de ony aýaklaryndan biraz galdyryň. Gysýan eşiklerini açyp, burnuna naşatyr spirtine öllenen pamygy ýakynladyň. Heläk bolan özüne gelen badyna oňa islendik suwuklygy içiriň (ýöne alkogol içgileri bermek bolmaýar) we rahatlandyryjy serişdeleri beriň. "Tiz kömek" ýetip gelýänçä, ony gözegçiliksiz goýmaň we zerur bolan reanimasion çäreleri geçirmäge taýyn boluň.

Hormat bilen, Lukman.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Mekan 2016-12-27 07:00
okey
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele