Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Umumy ÝAŞAÝYŞ SORAGLARY WE RUHY TAÝDAN ÇEKÝÄN JEBIRLERIM
( 9 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukmanlar! Saýtyñ temasyndan biraz daşlasýan bolmagymam mümkin, ýöne meni ýasaýsyñ döreýsi, dünýä akyl ýetirjek bolmak, durmuşyñ manysy ýaly soraglar öz günüme goýanok. Maña şu pikirlerden ýaña hiç rahatlyk ýok. Men fiziki taýdan sagdyn hem bolsam, psihiki ýagdaýym, içki dünýäm elmydama "uruş-dawadan", "goh-galmagaldan" doly. Akyl ýetirip bolmajak nämälimlikler käwagtlar meniñ göwnüçökgün bolmagyma getirýär, işden-durmuşdan elimi sowadýar. Ýa hemme kişem şeýlemikä? Ruhubelent durmuşda ýaşamak üçin beden saglygym ýeterlik däl ýaly maña. Siziñ maslahatyñyza mätäç!

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Ýaşaýşyň manysy, özümiziň ondaky ornumyz ýa-da ýaşaýşyň pelsepeli soraglarynyň ençemesi hem islendik pikir ýöredýän adamyny pikirlenmäge mejbur edip biler.

Bedeni sagdyn, ýöne içki dünýäsinde gapma-garşylyklar bolan adam hemişe pikirde bolup, dogry çözgüt tapmagyň gözleginde bolup biler. Dogry ýol, çözgüt tapyp bilmezlik, elbetde, ruhy çökgünlilige, hemme zatdan eliň sowamagyna hem getirip biler. Siziň içki dünýäňiziň hemişe "goh-galmagalda" bolmagynyň bir sebäbiniň bolup biljekdigi barada pikir etmediňizmi? Belki, Siz öz öňüňizde goýýan meseleleriňizi çözmekde kynçylyk görýänsiňiz? Jemgyýetde öz ornuňyzy tapmakda kynçylyk çekýänsiňiz? Ýa-da Sizi gurşap alýan sosial gurşaw bilen (işdeşler, dost-ýarlar, söýgüli gyzyňyz) düşünişmezlik ýüze çykýandyr?

Adamynyň saglygy onuň fiziki, ruhy saglygynyň görkezijilerine we sosial (jemgyýetdäki) gurşawda tutýan ornuna juda bagly bolup, olar biri-birine täsir edip bilýändirler. Belki-de, "akyl ýetirip bolmajak nämälimlikler" barada pikirlenip, kelle döwüp oturmagyň geregi ýokdur?! Dünýä akyl ýetirmek, ýaşaýşyň manysyna düşünmek Size durmuşyň dürli basgançaklaryny geçensoňyz, belki-de başardar. Onuň üçin Siz özüňize berlen durmuşy hyýal edişiňiz ýaly tapgyrlaýyn, öz ýoluňyz bilen geçmelisiňiz. Bu ýolda Size Siziň maşgalaňyz, ýakyn, çyn dostuňyz, gowy görýän işiňiz, söýgüli ýaryňyz, eziz görýän çagalaryňyz, edýän arzuwlaryňyza ymtylmalaryňyz uly goltgy we hemaýatçy bolup biler.

Bir gün bilen ýaşaň. Şol ýaşan günüňiziň manysynyň, onda eden hereketleriňiziň ertirki güni gurjakdygyny unutmaň. T. Karleýliň aýdyşy ýaly, "Biziň ýaşaýşymyzyň düýp manysy bizden daşlaşan we dumana gaplanan zatlary görmäge ymtylmak däl-de, elimiziň aşagyndaky zatlaryň üstünde zähmet çekip, olary öwrenmekdir".

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Şirin. 2015-12-15 21:30
Gyrmyzynyň tesbirinde T. Karleýiň sözüni goldap ýazanyny dogry hasaplaýaryn. Geçeni geçdi bilip, şu gün bilen ýaşap bilmek köplere başardyp hem duranok. Ony başarmak optimistlere mahsus.
Sitata
 
 
#4 Nury. 2015-10-26 02:01
Fiziki taýdan sagdyn maşgalada agzybirlik saklaýan, töwerek daşyndaky adamlar bilen duýgudaşlykda bolýan adamda hiç wagt göwnüçökgünlik bolmaz.
Sitata
 
 
#3 Kölli 2015-09-13 02:01
Epesli ýaşanyňdan soň bir gün bilen ýaşamak kän bir aňsat hem düşmeýär. Geçen oňat günleriň we üstünlikleriň ýatdan çykmaýar. Öňki bilen soňkyny deňeşdireniňde nämälimlikleň käwagt göwnüçäkginlige hem sezewar edýär.
Sitata
 
 
#2 Çary. 2015-07-20 01:13
Hormatly saýtyň okyjysy! Siziň beren soragyňyz örän hoşyma geldi. Seniň ýürekden aýdýan pikirleriňi
seljermek üçin haýp sen näçe ýaşandygyňy ýazmansyň. Sebäbi her bir ýaşda adamyň özüne we durmuşa bolan pikiri üýtgeýär.
Sitata
 
 
#1 Gyrmyzy. 2015-04-27 00:55
Gaty dogry aýdypdyr T. Karleý. Käbirimiz geçeni ýatlap, şol günler bilen ýaşaýar. Ahmyr edýär. Şu günki zatlary bolşy ýaly kabul edip, onuň çözgüdini tapmaga ýaýdanýarlar. Bu ýagdaý hem şol adamyň ýetmezçiligi.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele