Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki BEDENDÄKI GYLLAR
( 7 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Menin size ýüzlenmegimin esasy sebabi, menin endamymda gyllaryn mukdarynyň gaty köplüginiň meni biynjalyk etmegidir. Men şol gyllary aýryp bilerinmi? Eger bolyan bolsa maslahat bermeginizi haýyş edyärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Erkek adamlaryň (aýallaryň hem) bedeniniň gyl örtüginiň derejesi testosteron gormonynyň derejesine bagly bolup, onuň mukdaryny peseltme synanşyklary endokrin ulgamyň başga bozulmalaryna getirip biler.

Şol sebäpden hem, artykmaç gyl örtüginden dynmagyň usullaryny bilip, olary dogry ulanma, sizi bu oňaýsyz kynçylykdan belli bir wagt halas edip biler. Erkek adamlary, esasan gaşlarynyň arasynda, arkasynda, döşünde ösýän gyl örtüginiň köplügi alada goýup bilýändir.

Öý şertlerinde sakgal syrylýan stanok ýa-da dürli kremdir geller bilen gyl örtügini aýyrma synanşyklary geçirmek elýeterli bolsa-da, bu çäreler gysgamöhletleýin (2 -6 gün) peýdalylygy bilen tapawutlanýandyrlar.

Ýöriteleşdirilen kosmetologiki merkezler Size birnäçe usullaryň kömegi bilen oňaýsyz kynçylykdan dynmaga kömek edip biler:

► Bioepilýasiýa- deriniň ýüzüne parafin çalnyp, soňundan ýörite kosmetiki süpürgiçler bilen süpürlip aýrylýandyr. Bu usul agyryly bolsa-da, netijeliligi 3-5 hepde saklanýandyr.

Fotoepilýasiýa-gönükdirilen ýagtylyk akymynyň saçlaryň saklaýan melanin pigmentine edýän täsirine esaslanandyr. Kosmetologiýada iň täze we agyrsyz usullaryň biri bolup, ol allergiki täsirliligiň ýüze çykmagyna getirýän däldir.

Lazer epilýasiýasy-lazer şöhlesiniň saçyň düýpjagazlaryna edýän täsiri ulanylýp, uzakmöhletleýin netijeliligi bilen bellidir.

Öý şertlerinde ulanylýan usullar netijesiz bolup, Sizi kanagatlandyrmaýan bolsa, kosmetolog lukmanlaryna maslahat üçin ýüzlenip bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 saytyn okyjysy 2016-10-09 22:11
Salam men bedenimdaki gara tegmillerden nadip dynyp bilerin.bular mende 4,5 ay bari bar olaryn cykmagynyn sebabi nameka?
Sitata
 
 
#3 KGP 2014-02-19 21:57
Quoting Merdan:
Salam. Meniň size şeýle soragym bar. Ençene wagt bäri pilçämde agyry duýýan esasanda çep pilçede. Eginlerime aram aram basyş, nagruzka duýýan. Eginlerdaki agyry ayak üstünde köp bolamda duýýan we ýatyp dynjymy alanymdan soň kän agyryny duýamok. Emma pilçedaki agyryny kän duýýan. Üstesinede ýüregim hem aram aram agyrýar. Sonky wagtlar agyry hasda güýjän ýaly. Esasanda ýatmak üçin kese ýagdaýda duramda ýürek agyrym güýjeýär. Bular düýpli zatmyka we name hereketleri etsem bolar? Jogabyňyza minnetdar.


Salam,size haýal etmän kardiolog lukmanyna ýüz tutmaklygy maslahat berýärin.Ýürek irradiýasiýa(dürli organlara agyry bermek) şekilde alamatlary bar.

P.s :men lukman däl,edil siz ýaly okujy.
Sitata
 
 
#2 Anna 2014-02-19 13:17
► Lazer epilýasiýasy- turkmenistan bamy şo. Bar bolsa nirelerde bar? Haysy nomer bilen habarlaşyp bileris?
Sitata
 
 
#1 Merdan 2014-02-07 18:50
Salam. Meniň size şeýle soragym bar. Ençene wagt bäri pilçämde agyry duýýan esasanda çep pilçede. Eginlerime aram aram basyş, nagruzka duýýan. Eginlerdaki agyry ayak üstünde köp bolamda duýýan we ýatyp dynjymy alanymdan soň kän agyryny duýamok. Emma pilçedaki agyryny kän duýýan. Üstesinede ýüregim hem aram aram agyrýar. Sonky wagtlar agyry hasda güýjän ýaly. Esasanda ýatmak üçin kese ýagdaýda duramda ýürek agyrym güýjeýär. Bular düýpli zatmyka we name hereketleri etsem bolar? Jogabyňyza minnetdar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele