Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki SAÇ OTURTMAK ZYÝANLYMY?
( 2 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Adama saç oturtmak zyýanly bolup bilermi?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Saç oturtmak çäresiniň howplulygy, ony geçirmegiň usulynyň saýlanşyna we hirurg lukmanyň hünärmenlik derejesine köp derejede baglydyr. Häzirki wagtda ulanylýan usullar saglyk üçin howpsyzdyr we gaýraüzülmelere getirýän däldir. Ýöne saç oturtma operasiýasyny geçirmäge garşy görkezmeler hemişe anyklanylmalydyr. Deriniň ýiti ýokançly keselleri dörän halatynda we ganyň lagtalanmagynyň pesliginden ejir çekýän adamlara bu çäräni geçirmek bolýan däldir. Şeýle-de, süýjikeselli adamlarda saç otutmak kosmetiki bejergisi seresaplylyk bilen geçirilmelidir.

Saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 saytyn okyjysy 2014-01-14 15:51
Beren maslahatynyz ucin sag bolun hormatly lukman
Sitata
 
 
#2 Lukman 2014-01-13 03:32
Hormatly okyjy!
Saçyň selçeňleşen ýerlerini syrdyrmak saçyň gür ösmegine getirip bilmez,çünki saçyň ösme häsiýeti,şol sanda gürlüligi hem nesil yzarlaýjylyk sypatlaryna,bedeniň endokrin ulgamynyň hem-de alyş-çalyş hadysalarynyň ýagdaýyna bagly bolup durýandyr.Edil şonuň ýaly hem, saçlaryň ösme tizligi bedendäki testosteronyň,käbir mineral duzlaryň (meselem,kalsiý we selen)we witaminleriň derejesine baglydyr.
Sitata
 
 
#1 saytyn okyjysy 2014-01-12 15:07
Hormatly lukman! Sacyn dushyan selchenlenen yerlerni syrdyrmak taze sacyn osmegini peydalymy ya zyyanlymy?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele