Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki ÝAKAL
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly Lukman! Siziň "Ýüze çykýan ýakaly nädip aýyrmaly?" diýen makalaňyzy okadym. Ýöne onda salgy berlen agardyjy ýapgylary öý şerterinde ýasap  bolýarmyka? Şu soragyma jogap berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Saýtda ýerleşdirilen "Ýüze çykan ýakaly nädip aýyrmaly" atly makalada  beýan edilen, ýüzdäki tegmilleri agartmak üçin niýetlenen ýapgylary öý şertlerinde hem taýynlama kynçylyk döretmeýär. Ýapgylaryň düzümine girýän serişdeleriň gerek mukdaryny şäherimizdäki dermanhanalardan tapyp bolýandyr. Ondan başga-da, gözellik salonlarynda siziň deriňiziň ýagdaýyna baglylykda agardyjy ýapgylary kosmetolog lukmanlary hem taýynlap bilerler. Öý şertlerinde taýynlamasy kyn bolmadyk agardyjy ýapgylaryň birnäçesiniň düzümini size hödürleýäris:

Ak sabyny pyçagyň kömegi bilen gyryp, gyryndynyň 1 çaý çemçesine  3%-li wodorod öteturşusynyň  1 nahar çemçesini goşup,  gowy garyň. Emele gelen garynda naşatyr spirtiniň 2-3 damjasyny goşup we ýene garyp tegmilleriň üstüne çalyň. Ýapgyny 15-20 minutdan ýuwup, tegmilleriň üstüne öz ulanýan iýmitlendiriji kremiňizi çalyp bilersiňiz.

Tegmilleriň üstüne limonyň, greýpfruttyň, hyýaryň, petruşkanyň şiresini çalma hem peýdaly bolar. Bu ýapgylary günda birnäçe gezek gaýtalamalydyr.

Dorogyň bir nahar çemçesine 3%-li wodorodyň öteturşysyny,  şonça-da naşatyr spirtini goşup, hemmesini gowy garyň. Dorogyň bölejiklerini tegmilleriň üstüne basyp çalyň. 20 minutdan ýapgyny ýuwup aýryň. Bu ýapgyny her gün ulanmalydyr.

Tegmilleri agartmak üçin ak palçyk (kaolin) hem netijeli ulanylýandyr. Onuň ýarym nahar çemçesini täze alnan limonyň şiresi bilen garyp, ony ýüzüňize çalyň. 20 minutdan ýuwup aýryň. Limon şiresiniň ýerine hyýaryň, petruşkanyň şiresini ýa-da gatygy hem goşup çalyp bolýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele