Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki GARAMYK KESELINDEN SOÑ GALAN YZLARY NÄDIP AÝYRMALY?
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men golaýda garamyk keseli bilen keselledim. Şonda bedenimiñ ähli ýerinden ýaralar çykdy. Onsoñ ähli yerime göwheriñ ýaşyl erginini çaldym. Ondan soñ bolsa "sigmaderm" melhemini çaldym. Şondan son ýüzümdäkiler aýrylşyp başlady. Ýöne ýüzümde we bedenimiñ käbir ýerlerinde yzlar galdy. Şol yzlary nädip aýryp bolarka?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Garamyk keselinden soň deride galýan ýara yzlarynyň özbaşdak aýrylyp gitmeýän halatlary hem bolýar. Şunuň ýaly ýagdaý garamygyň ýetginjekler ýa-da uly adamlar tarapyndan geçirilen halatlarynda has hem köp duş gelýär.

Deriňiziň ýagdaýyna, zeperleniş derejesine baglylykda ýara yzlaryndan özbaşdak ýa-da dermatolog lukmanyň kömegi bilen dynyp bilersiňiz. Deri öýjükleriniň dikeldiş işjeňligini ýokarlandyryp, onuň tekizlenmegini gazanmak üçin, özbaşdak kakao ýagyny, C witaminini saklaýan melhemleri, ýüzi owkalama, ýörite her gün ulanmak üçin niýetlenen iýmitlendiriji melhemleri çalmak ýaly bejeriş çärelerini ulanyp bilersiňiz.

Eger bu çäreler oýjagaz bolup duran ýara yzlary aýyrmaga kömek etmese, onda dermatolog-kosmetolog lukmanlara ýüz tutuň. Häzirki zaman kosmetologiýa bejeriş çäreleriniň mümkinçilikleri uly bolup, olar ýara yzlary kollagen bilen doldurmak, deriniň üstki gatlagyny himiki serişdeler bilen aýyrmak,  mikrokristallaryň kömegi bilen bejergi, lazer bilen tekizlemek usullaryny öz içine alýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 CaRteZz 2016-07-01 15:29
Jogap beren bolayyn.
garamygyn yzy erwet oy nahili maz bn ayryp bolorka
Sitata
 
 
#8 aman 2016-06-07 19:43
menne garamyk ordi cykanyna 3 gun bolly gijemesi ayyrlanok erwetlesyar nam etsen gkwy bolarka
Sitata
 
 
#7 Rahym 2016-05-17 18:56
Salam lukman maña golayda garamyk cykdy hazir yara owruldi sol yaralary calt yz goyman ayyryan nahili maz barka?maslahat bermeginizi hayys edyan
Sitata
 
 
#6 yhlas 2014-12-16 21:47
Salam menin saclarymyn iclerine ve endamyma duvmejikler cykdy onun bilen caklenman kellamde ve onurga sunklerimde agyry peyda boldy mendaki bu gorulyan yagday garamyk keselimi ve nadip onuni almaly
Sitata
 
 
#5 yhlas 2014-12-16 21:42
Salam menin saclarymyn iclerine ve endamyma duvmejikler cykdy onun bilen caklenman kellamde ve onurga sunklerimde agyry peyda boldy. mendaki bu gorulyan yagday garamyk keselimi ve nadip onuni almaly
Sitata
 
 
#4 Lukman 2014-02-07 11:50
Berdimyrat!
Garamyk keselinde deriniň ýüzünde emele gelýän içi suwluja düwmejiklere el degirmän, arassa saklamak zerur bolup durýandyr.Olary elleme ýa-da gijeme synanşyklary ýokançlyklaryň ýokuşyp, düwmejikler aýrylandan soň, ýerlerinde bildirýän tygjagazlaryň galmagynyň sebäbi bolup biler.Örgünleri arassa saklamak üçin ýaşyl jöwheriň spirtli ergini, marganes turşulygynyň goýy bolmadyk (margansowka) ergini bilen olary işlemek (kellede çykan örgünler hem)zerurdyr.Garamygyň örgünleri ýaňy örüp başlanda asiklowir melhemini, sikloferonyň suwuk görnüşini ulanma hem maslahat berilýär.
Sitata
 
 
#3 Berdimyrat 2014-02-06 18:25
Jogaba kop garashmaly bolarmyka wiyy onaanam sacjymyn ichimede cykdy olary nam etmeli
Sitata
 
 
#2 Berdimyrat 2014-02-06 18:22
Mana hazir garamyk cykdy cykamyna 3 gun boldy diyen yaly boldy yone hazir cykmasy galdy men name etmeli sizin maslahatynyz gerek lukman name calmaly
Sitata
 
 
#1 Berdimyrat 2014-02-06 18:20
Salam
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele