Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki PROTEIN ADAM ÜÇIN ZYÝANLYMY?
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam, Lukman! Ýaş oglanlar myşsa agramyny artdyrmak üçin protein serişdelerini kabul edýärler. Şu dermanlaryň gelejege zyýany barmyka? Soňra adam garranda myşsalar gowşap eremezmi? Men proteiniň adam bedeni üçin wajypdygyny we onuň az mukdarda bolýandygyny bilýärin. Ýöne proteiniň haýsydyr bir zyýany barmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Sportuň belli bir ugurlary bilen meşgullanýan (esasan hem bodibilderler) türgenler, ýörite sport iýmiti, esasan hem belokly (proteinli) garyndylary ulanmagy peýdaly hasaplaýarlar. Belokly içgileriň beden üçin peýdaly we zyýanly taraplarynyň üstünde durup geçeliň.

Peýdaly taraplary:

  • Iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirmek – bedeniň agramynyň her kilogram sanyna 2-2,5 gr belogyň gerekli mukdaryny almak üçin adam iýmitiň diýseň uly mukdaryny kabul etmeli bolýar. Bu bolsa iýmit siňdiriş agzalarynyň işine uly agram salyp, şu sebäpden belokly iýmit goşundylary peýdaly bolup, bedene ýetmeýän belogyň öwezini dolup biler.
  • Utgaşdyrma mümkinçiligi – bedende özleşme tizligine baglylykda, belokly içgiler türgenleşmeden öň aminokislotalary (belogyň düzümi) alyp özleşdirme mümkinçiligini döretse, beýleki tarapdan, iýmitlenmeleriň arasyna uzak arakesme düşende beloklaryň derejesini saklamaga kömek edip biler.
  • Ulanylýan beloklaryň mukdaryna gözegçilik etmek mümkinçiligini döredýär.
  • Serişdeleri tygşytlamak – beloklaryň ýokary derejesini belokly garyndylardan almak, belogy gowy hilli önümlerden (etden, balykdan, ýumurtgadan we başgalar) alanyňdan has arzan düşýändir.

Zyýanly taraplary:

  • Belokly içgileri kadaly kabul edip, soň birden saklanmak, iýmit siňdiriş agzalaryna ýene iýmitlerden belogy özleşdirmek ukybyny dikeltmek üçin belli bir wagty talap edýär. Ol ýagdaýda myşsalaryň agramy ýitirilýändir
  • Önümiň hiline ynamly bolmak üçin, belli öndürijileriň önümini almak howpsuzdyr. Bu bolsa uly çykdaýjyny talap edýändir.
  • Dogry türgenleşmeler we belokly garyndylary kadaly kabul etmek, bedeniň myşsa agramynyň ösmegine getirýär. Bu ýagdaý garyndylaryň mukdaryny köpeltmäge (bedeniň her kg sanyna 5 gr!!!) höwes döredip biler. Bedene beloklaryň artyk düşmegi zäherlenmelere, agzalarda daşlaryň döremegi ýaly alyş-çalyş ýagdaýlarynyň bozulmagyna getirip biler.

Öz beden mümkinçilikleriňize baglylykda belokly garyndylary ulanmak babatda öz tälimçiňiziň maslahatyny alyň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Atsyz yigit 2014-05-30 01:16
Sag bol lukman
Sitata
 
 
#2 Atsyz yigit 2014-05-30 01:10
Menem protein ulansam nahili bolarka? Menem agramymy artdyrmak isleyan gantell goteryan yone peydasy bolonok protein icsem zyyanly bolarmy ka?
Sitata
 
 
#1 Atsyz 2014-05-30 01:06
Gaty gowy maslahat menem agramymy artdyrasym gelya protein ulanjak bolyan menin boyum 170sm. Agram 45 son ucin semrasim gelya name maslahat beryaniz lukman
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele