Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki NÄDIP 30 KG HORLANYP BOLAR?
( 90 Ses Berme )

 

 

Salam, Lukman! Meniň agramym 130 kg bolsa, nädip 30 kg horlanmaly?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Artykmaç agramdan dynmak wagty, uly islegi, sabyrlylygy, belli bir guramaçylykly düzgüni talap edýändir. Bu aşakdaky çäreleri öz içine alyp biler:

  • Endokrin we merkezi nerw ulgamynyň näsazlyklaryny aradan aýyrmak üçin lukmanyň barlagy we bejergisi.
  • Berhiz tutmak. Ol ýokumlylyk derejesi boýunça pes we beden agzalaryna zyýansyz iýmitiň görnüşlerinden düzülen bolmalydyr.
  • Ýörite, diňe Siz üçin düzülen fiziki maşklar toplumy bilen meşgullanmak.

Horlanmak meselesi babatda, has takygy işdäňizi (eger ol juda açyk bolsa) peseltmek maksady bilen lukman Size işdäňize täsir edýän dermanlary belläp biler.

Horlanmagyň hirurgiki usullary hem bardyr. Meselem, liposaksiýa (deriasty ýaglary aýyrmak) usuly.

Horlanmagy isleýän adamlara lukmanlar birden horlanmazlygy maslahat berýärler. Umuny agramyň 10-15%-ni 6-7 aýda ýitirme kadaly görkeziji hasaplanýar.

Birden horlanma bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryna, endokrin ulgamynyň işiniň bozulmalaryna getirip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#13 Guljagaz 2017-04-07 19:30
Anna siz ylgap bilmeyan bolsanyz berhiz saklap bilmeyan bolsanyz 4nji gata munup dusup gorayin peyda eder yone muny kan wagt yerine yetirin
Sitata
 
 
#12 Guljagaz 2017-04-07 01:15
Salam lukman men14 yasymda yuzumdaki ugrilerden nahili gutulup bolarka?!
Sitata
 
 
#11 Anna 2017-01-26 13:09
Gadyrly lukman. Men 18 ýašymda. boyum 1.92 kilom 120kg išdäm gaty gowy berhiz tutup horlanyp bilemok. sähelçe ylgasam dalçygýaryn. horlanmak üçin dermanlar ýokmyka. men hiç hili šeker iyemok mana berhizsiz horlanmak gerek. men iýun aýynda gulluga gitmeli šondan öň horlanmak gerek gaýrat edip maňa maslahat beriň. e-mail ugratsaňyz hasam minnetdar bolardym. ömrüňiz uzak bolsun...
Sitata
 
 
#10 artur 2016-07-26 12:01
no money no honey
Sitata
 
 
#9 artur 2016-07-26 12:00
no money,no honey
Sitata
 
 
#8 bahargul 2015-12-25 14:12
Men 83kg agramym bar nahili horlanmaly
Sitata
 
 
#7 Maksat 2015-01-21 10:08
Lukman men sakgalym oran calt ösyär, utsemem cykyberyar dermany bolsa aydaysañyz nadip dynsa bolar
Sitata
 
 
#6 Мерген 2014-04-04 20:55
Надип сакал осдурмели
Sitata
 
 
#5 jemal 2014-01-04 16:43
Nadip isdani peseldip we kadaly iymitlenip horlanyp bolar ? Munun uc name etmeli?
Sitata
 
 
#4 janmyrat 2012-12-01 17:42
ylgap berhiz tutup bir ayda nace kilo horlanyp bolar
Sitata
 
 
#3 Ata 2012-11-10 19:38
lukmana ýüz tutman nädip çalt horlanyp bolar
Sitata
 
 
#2 Lukman 2012-08-05 02:20
Hormatly Anwar!
Siz öz soragyňyzyň beýanynda alan bejergi serişdeleriňiz we lukmanyň bellän kesel kesgidi barada maglumat bermeýärsiňiz.
Deri kesellerinde, ylaýtada allergiki täsirliligi aýyl-saýyl etme zerurlygy ýüze çykanda, deride ýüze çykýan üýtgemeleri görmek we saýgarmak wajypdyr.
Allergiki täsirliligi ekzema, iteşen örgüni, galtaşykly dermatitlerden, gijilewik keselinden aýyl-saýyl edilmelidir.
Anyklaýyş barlaglary geçmek üçin allergolog we dermatolog lukmanlara ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.
Sitata
 
 
#1 anwar 2012-07-30 11:50
hormatly lukman mende allergiya peyda bolupdy onson men lukmana bardym lukman maňa liçeniýa almaly diydi men aldym ýöne ýene çykyp başlady men awaza daýanç lagerine bardym ol yede suwa düşende ýa-da bir zat gaty degse ýa bolmasa nahar iyende näme etsemem birhili zat çykyp gidýär ozem hemme yerime çykýar
wagty wagtynda gyjapam duryar men indi näme etsem bolyar. siziň jogabyňyza garaşyaryn?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele