Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki SAÇ DÜŞMÄ GARŞY NÄME ÇÄRE BARKA?
( 14 Ses Berme )

 

Salam Hormatly Lukman. Meniñ esasy gündeki problemalarymyñ biri saçymyñ seyreklemegi. Saç näme sebäpden düshýär? Saç düşmegiñ öñüni nädip alyp bolyar? Tohum yzarlasa, öñüni alyp bolmazmy? Eger tohum yzarlaýan bolsa, saç ekdirip bolyarmy? Aşgabatda saç ekip berýän merkezler barmyka? Bahasy nähilikä? Başga-da haysy dermanlaryñ kömegi degip biler? Biocxin diyip Türkiýede öndürilen şampun bar, ýöne kän täsiri yok. Saç dökülmä garşy nämeler ulanyp bolar?

Minnetdarlyk bilen, Durdy.

 

Hormatly Durdy!

Saçyň seýreklemegi we düşmegi deri ýokançlyklarynyň, endokrin ulgamynyň näsazlyklarynyň, genetiki töwekgelçiliginiň netijesinde ýüze çykyp biler.

Häzirki wagtda saçyň düşmeginiň öňüni almakda derman serişdeleri (ewkanil, minoksidil, prokapil, trikoksen, emodil losýony), ozenoterapiýa, lazer bilen bejergi, mezoterapiýa (dermany derä goýbermek) usullary ulanylýar.

Saçy oturtmagyň hem her adam üçin görkezmeleri bolup, ol dürli usullarda geçirilýändir. Saç follikulalaryny oturtmak bilen meşgullanýan merkezleriň Aşgabatdaky salgylary barada bizde maglumat ýok. Ol merkezleriň Sankt-Peterburgda, Moskwada, Tbilisiýada işleýänligi bize bellidir.

Saçyňyzyň düşmeginiň sebäbini we öňüni alyş usullaryny anyklamak üçin triholog lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Bu babatda has doly maglumat almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Saçyň düşmeginiň sebäpleri we bejergisi" atly makalany okamagyňyzy maslahat berýäris.

Saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Batyr 2016-02-20 21:08
Salam lukman meñ saçym dü$ýär men mary welaýatyndan eger kyn görmeseñiz maslahat beräýseñiz sizden ho$al bolardym. I$iñizde üstünlik arzuw etýän
Sitata
 
 
#6 Administrator 2016-02-12 09:32
Quoting Begenc:
Salam hormatly Lukman Soraglara jogap bersenz hosal bolardyk


Begenç, saýtyň maksady Türkmen jemgyýetiniň saglyga degişli meselelerini gozgaýan, öwrenýän we olaryň çözgüdi babatda pikir alyşmaga mümkinçilik döredýän saýt. Saýty köpsanly lukmanlar, studentler, adaty adamlar okaýarlar. Maglumatlaryny, tejribelerini paýlaşarlar diýp umyt edýäris. Soragyňyzy Saglygyň V-Kontakte sahypasyna hem goýduk. Sag-aman geziň.
Sitata
 
 
#5 Administrator 2016-02-12 09:27
Quoting Begenc:
Salam hormatly Lukman Soraglara jogap bersenz hosal bolardyk


Salam! Lukmanlarymyzyň ählisi işden boş wagtlary saýtymyz bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Soragyňyza çalt jogap almak üçin öz maşgala lukmanyňyza ýuzlenmegiňizi maslahat berýäris. Saýtda 'gözleg" diiýp ýazylan ýere ýazyp isleýan temalaryňyzy gözlap, tapyp bilersiňiz.

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
Sitata
 
 
#4 Begenc 2016-02-12 08:39
Salam hormatly Lukman Soraglara jogap bersenz hosal bolardyk
Sitata
 
 
#3 Begenc 2016-02-11 09:52
Salam hormatly Lukman sac un minioksidil sampuny peydasy bar dp maslahat berpsnz,yone Bu sampuny Nirden alp bolyar?dukanlarda tapp bolanokda.
Sitata
 
 
#2 mukam 2012-08-18 14:34
sag bolun. Shu soragy men hem yazjakdym.
Sitata
 
 
#1 shatlyk 2012-04-13 00:27
sagbolun
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele