Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki DYZLARA WE TIRSEKLERE IDEG ETMEGIŇ AÝRATYNLYGY
( 31 Ses Berme )

 

Salam lukman. Men 22 ýaşymda. Meniň dyzlarymyň üsti we bedenimiň käbir ýerleriniň derisi gara reňkde. Deriniň reňkini gowlandyrmagyň çäresi barmyka? Teniň bar ýerini bir renkli owadan etmek mümkinmi?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly lukman! Meni meniň tirseklerimiň garamtyl reňki utandyrýar. Bu nämä sebäplerden bolýar? Haýsy serişdeler kömek edip biler?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Tomus günleri ýeňleri gysga, ýeňsiz, açyk, gysga köýnekleri geýmek yssy howada ýeňillik duýmaga ýardam berýär. Ýöne tirsekleriň we dyzlaryň derisinde döreýän goňrumtyl gara tegmiller açyk biçüwli eşikleri geýmäge mümkinçilik bermeýär. Bu bogunlaryň derisi aýallarda bolşy ýaly, erkek adamlarda hem üýtgemä sezewar bolýar. Ýöne kosmetiki taýdan aýal-gyzlar üçin bu çynlakaý mesele bolup durýar.

Sebäpleri

Tirsekleriň we dyzlaryň derisiniň garalmagy – deriniň guramagynyň we dargan deri öýjükleriniň toplanmagynyň alamatydyr. Bu ýerlerde deri has galyň bolup, gan aýlanyş pesdir. Ondan başga-da, tirsekler we dyzlar bedeniň başga ýerleri bilen deňeşdirlende agramlylyga ýygy sezewar bolýarlar.

Tirsekleriň we dyzlaryň derisiniň garalmagyna töwekgelçilik deriniň häsiýetine, onuň çeýeligine we çyglylygyna, olara edilýän idege baglydyr. Gigiýeniki çäreleriň ýetmezçiligi, tirseklere we dyzlara dowamly agram salmak, gün şöhleleriniň dowamly täsiri bedeniň bu bölekleriniň derisiniň üýtgemegine sebäp bolýar.

Tirsekleriň we dyzlaryň derisiniň galyňlaşmagyna aýbaşydan galma döwründe ýüze çykýan estrogen gormonlarynyň ýetmezçiliginiň hem täsir edýändigini bellemelidir.

Tirsekleriň we dyzlaryň derisine ideg etmek üçin serişdeler

Suw we skrab serişdeleri

Köp adamlar bedeniň bu bölekleriniň garalmagynyň sebäbiniň gigiýeniki çäreleriň ýetmezçilik edýändigindedigi barada pikir hem etmeýärler. Tirsekleri we dyzlary sürtgüçler bilen ýuwmak köp halatlarda deriniň agarmagyna getirip biler. Ondan başga hem, ýörişe arassalaýjy serişdeler – skrablar (deňiz duzy, erigiň ýa-da şetdalynyň şäniginiň owradylan bölekleri, ak palçyk) bilen täsir etmek hem, bu ýerlerde toplanan öli öýjükleriň aýrylmagyna we deriniň agarmagyna kömek berip biler.

Nemlendiriji serişdeler

Derini ýeterlik nemlendirmek hem deriniň buýnuzlaşmagynyü we guramagynyň öňüni alymaga kömek edýär. Suw wannalaryny kabul edeniňizden soň tirsekleriň we dyzlaryň derisine nemlendiriji kremleri çalmaga unutmaň.

Agartmak üçin niýetlenen serişdeler

Häzirki wagtda düzüminde agardyjy serişdeleri saklaýan ençeme kosmetiki kremler we geller öndürilýär. Öý şertlerinde ulanmak üçin limonyň şiresi maslahat berilýär. Tirsekleriň we dyzlaryň derisini limon şiresi bilen agşam süpüriň. Wagtyň geçmegi bilen ol ýerleriň agarýandygyny görersiňiz.

Öý şertlerinde ulanylýan ýapgylar

► Bir çaý çemçeden E witaminini, limon şiresini, gliserini we 4 nahar çemçe süýdi garyň. Alnan pastany tirsekleriň we dyzlaryň garalan ýerlerine çalyň hem-de 15 min. goýuň. Gyzgyn suw bilen ýuwuň.

Limonyň bir bölejigini kesiň we garalan ýerlerde 15-20 min. goýuň. Ondan soň süpürgiji gyzgyn suwda ölläp, tirsekleri we dyzlary süpüriň.

Tirsekleriň we dyzlaryň buýnuzlaşan derisine pemza daşyny sürtüň. Ýöne deri şikeslerini gazanmaz ýaly, gaty sürtmäň.

Wodorodyň öteturşysyna pamygy batyryň we tirsekleri, dyzlary süpüriň. Bu serişde güýçli agardyjydyr.

Aşhana sirkesiniň (uksus) we gatygyň garyndysy hem derini agartmaga kömek edýändir. Bu ýerlere aýlawly hereketler bilen garyndyny çalyň we 15 min. goýuň. Soňundan gyzgyn suw bilen ýuwuň.

Limon böleginiň üstüne gara şekeri we duzy goýup, tirseklere we dyzlara sürtüň. Limonda derini agardyjy serişdeler saklanýar. Duz bilen gara şeker bolsa derini ölen deri öýjüklerden arassalap, nemlendirmäge ýardam berýärler.

Ýer almasynyň (kartofel) şiresi bilen öllenen pamygy tirsekleriň we dyzlaryň derisine çalyň. Bi serişde hem gowy netijeleri berýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Söýün 2017-01-12 22:30
Hammama düşmezlik endigi bolan adamlarda wagtyň geçmegi bilen umumy bedeni azda kände garamtyl bolýar we deriniň buýnuzlaşmagyna getirýär. Ol bolmaz ýaly başga serişdelerden öň yzygiderli wagtly-wagtyna hammama barmaly.
Sitata
 
 
#4 Ogulgurban 2016-12-19 08:00
MenOgulgurban meniñ oñurgamyñ 3.4 nji boleginde duz bar cep injigimiñ sùñki kop kop yòresem agyryp dowlip gelyàr dabanymyñ ayagmyñ asagynyñ damary cekyar maña maslaha berayiñ
Sitata
 
 
#3 ogulgurban 2016-11-21 12:38
Dyzlardaky garalyp durmazlygy ucin kop gyzanaklamaly dal. Tirsekde bolmazlygy ucin hem kop tirseklemeli dal. Ona endik etmeli. Kabir adamlar ayaklarynyn ustunde oturyarlar. Netijede suykelip suykelip gap gara gelsiksiz mazol emele gelyar. Ondan dynmak islesesin dogryja oturyn dyzanaklaman tirsekleman
Sitata
 
 
#2 myrat 2016-11-18 18:53
Yone sho garalar kop yylaryn dowamunda emele gelen bolsa parda gowy yumsatsanam ayrylyar
Sitata
 
 
#1 Okyjy 2016-11-17 21:54
Maslahatyňyza köp sag boluň! Minnetdar!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele