Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Beden görki
( 26 Ses Berme )

 

Salam lukman. Men 22 ýaşymda. Meniň dyzlarymyň üsti we bedenimiň käbir ýerleriniň derisi gara reňkde. Deriniň reňkini gowlandyrmagyň çäresi barmyka? Teniň bar ýerini bir renkli owadan etmek mümkinmi?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly lukman! Meni meniň tirseklerimiň garamtyl reňki utandyrýar. Bu nämä sebäplerden bolýar? Haýsy serişdeler kömek edip biler?

Saýtyň okyjysy.

 
( 8 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Menin size şeýle soragym bar – eger sakgal ösdürlende bir ýeri ösüp, beýleki yeri, ýagny bokurdagyň üsti ösüp ýaňagyň ol diýen ýüzi ösmese name etmelikä? Sakgal hemme ýerde deň öser ýaly nähili çäreleri geçirmek peýdalyka?

Saýtyň okyjysy, Abraý.

 

 
( 38 Ses Berme )

Salam hormatly lukman! Size ýetginjekler üçin peýdaly boljak maglumatlar barada, yagny ilkinji gezek sakgaly syrmagyň aýratynlyklary, onuň çalt ösmeginiň öňüni alýan we yüzün derisini gorap biljek düzgünler barada gürrün bermeginizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy, Maksat.

 

Ýetginjeklerde sakgalyň peýda bolmagy hem-de onuň gürlüginiň derejesiniň kesgitlenmegi, köplenç 14 ýaşdan soň ikilenç jyns alamatlarynyň döremegi (goltukasty çukurjykda, gasykda tüýleriň peýda bolmagy, sesiň ýognamagy, myşsalaryň ösmegi we ş.m.) bilen utgaşýandyr. Eger sakgal daşky görnüşiň gelşikligini bozýan bolsa, onda biraz ir syrylyp başlansa hem bolar.

 
( 7 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Menin size ýüzlenmegimin esasy sebabi, menin endamymda gyllaryn mukdarynyň gaty köplüginiň meni biynjalyk etmegidir. Men şol gyllary aýryp bilerinmi? Eger bolyan bolsa maslahat bermeginizi haýyş edyärin.

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 9 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly saýtyn lukmany! Menin ýüzümin kabir ýerlerinde gara hemem uly tegmiller bar. Men ýüzümdäki gara uly tegmilleri nahili aýryp bilerin?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 13 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Näme üçin köplenç erkek adamlaryň garny çykýarka? Garny kiçeltmek ucin fiziki masklardan basga nämeleri etmeli, nahili iymit önümlerini iýmeli?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 2 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Adama saç oturtmak zyýanly bolup bilermi?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men 18 ýaşymda. Meniň göwrelilik döwrümde otyrýerimden düwürtikler çykyp, olar häzire çenli hem aýrylanok. Olar gijeýär, gaşasam bolsa ulalýarlar. Men näme etsem bolarka?

Saýtyň okyjysy Ejebaý.

 

 

 
( 20 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly  lukman! Men 19 ýaşymda. Men 1 aýyň dowamynda 7 kg horlanmaly. Meniň üçin berhiz ýazyp bermegiňizi haýyş edýärin. Boýum 1,63, agramym 65 kg Jogabyňyz üçin öňünden minnetdarlyk bildirýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 9 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Men sport bilen meşgullanýaryn we myşsalarymy ösdürmek isleýärin. Munuň üçin haýsy dermanlary almaly? Şeýle dermanlar paýtagtymyzyň haýsy dermanhanalarynda satylýar? Şular barada maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.