Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy BILIM AGYRÝAR
( 10 Ses Berme )

 

Salam lukman! Menin 3-4 aý bäri bilim agyrýar. Etrap hassahanasyna baryp barlagdan geçemde hiç hili keseliň ýoklugyny aýtsalar hem, sanjym hem-de gerdejik görnüşde bejergi berdiler. Emma agyry galyberenok. Bilimde, esasan calaja egilip duran wagtlam (koplenc el-yüz ýuwan mahalym) ýyldyrym çakan yaly bolyar we duran yerimde ýykylyp galýaryn. Ençe wagt tekiz ýerde arkan yatamdan soňra ýagdaýym gowlaşýar. Siziň pikiriňizçe, meniň bilim näme sebäpden şeýle agyryp bilerkä?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Etrap hassahanasynda Siz nähili barlaglardan geçdiňiz? Kesel kesgidini anyk goýma başartmadyk ýagdaýynda, has giňişleýin barlag çärelerini geçirme zerurlygy döräp biler. Oňurgaara döräp biljek inginiň bardygyny ýa-da ýoklugyny anyklamak üçin magnit rezonans tomografiýa barlagyndan geçme gerekli maglumatlary berip, birnäçe güman etmeleri aradan aýryp biler. Size gaýtadan neýrohirurg lukmanlaryna ýüz tutmak gerekdir.

Şeýle-de, bilde döreýän agyrylaryň sebäbinden söz açýan, saýtymyzda ýerleşdirilen "Bilde döreýän agyrylaryň sebäpleri we alamatlary" atly makala bilen tanyşmaklygyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele