Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy SAG PILÇÄNIŇ TÖWEREGINDÄKI AGYRY
( 1 Ses Berme )

 

Salam Lukman! Mende soňky 1 ýyl töweregi sag pilçämiň myşsalarynda agyry bar. Beter agyryp baranok, ýöne hiç aýrylyp hem gitmeýär. Meselem, dik durup boýnumy öňe we aşak doly egsem, agyrýar, şol myşsalar dartylýan ýaly. Özem birhili ýiti agyry döreýär. Muňa näme sebäp bolduka we nädip agyrsyny aýryp bolarka? Men öň şol tarapyma ýassyga ýaplanyp kompýuteriň başynda köp oturýadym. Göwnüme bolmasa, agyrylar şol wagt başlanan ýaly.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Siziň belli bir ýagdaýda uzak wagt oturmagyňyz, megerem, pilçe myşsasynyň süýnmegine ýa-da nerw süýüminiň zeperlenmegine getirendir. Şeýle häsiýetli agyrylar, oňurganyň döş bölüminiň osteohondrozy, şol bölümiň oňurgalarynyň döräp başlan ingisi üçin hem mahsusdyr. Dogry sebäbi anyklamak üçin newropatolog lukmanynyň maslahatyny almak ýerlikli bolardy. Eger agyrylaryň sebäbi myşsalaryň zeperlenmesinde bolsa, bu ýagdaýy ýörite maşklaryň we owkalama çäreleriniň kömegi bilen bejerip bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 maksat 2014-02-15 00:08
Salam lukman!yagny gelinimi USB(uzi) dusurenenlerde ekiz gyzjagazlar diyipdirler,shol netije dogry bolup bilermika 16hepde gowrellik
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele