Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy BILDE DÖREÝÄN AGYRYLARYŇ SEBÄPLERI WE ALAMATLARY
( 27 Ses Berme )

"Salam hormatly lukman! Wagtal-wagtal meniň bilim agyrýar. Bu agyrylaryň sebäbi nämedenkä?"

Saýtyň okyjysy.

"Salam lukman! Meniň esasan gije bilimiň agyrsy güýjäp, bir tarapa öwrülmäm kynçylyk döredýär. Onuň sebäbi nämekä we men haýsy lukmanlara ýüz tutyp bilerin?"

Saýtyň okyjysy, Şasenem.

 

Bilde döreýän agyrylar dürli keselleriň alamaty bolup, ýüze çykyş ýygylygy boýunça tapawutlanýandyr. Epidemiologik barlaglarynyň berýän netijelerine görä, dünýädäki adamlaryň üçden biri ýagyrnyda we bilde döreýän agyra ömründe bolmanda bir gezek arz edýändir.

Adam dik duranda ýa-da ýörände, agram oňurga sütüniniň bil bölümine düşýär. Umumy agramyň esasy bölegini hut oňurganyň bil bölümi göterýär diýsek hem ýalňyşmarys.

Bildäki agyry hemişe biynjalyk edip durmasa, oňa kän bir üns hem berilmeýär. Emma agyry güýjäp, dowamly häsiýete eýe bolanda, lukmana ýüz tutmaly bolýar. Netijede, bu agyrylaryň belli bir kesel sebäpli döreýändigi, käte hirurgiki bejergini geçirme zerurlygynyň ýöze çykýandygy anyklanylýar.

Käbir adamlar bil agyryny adaty alamat höküminde kabul edip, oňa asla üns hem bermeýärler. Umuman, bil agyrynyň ömrüňde bir gezek biynjalyk edip, aýyrlyp gidýän halatlary hem bolýar. Emma köplenç agyry gaytalanyp, adama ezýet baryny berýär.

Bildäki agyry ýüze çykyşy boýunça dürli häsiýetli bolup bilýär:

Sorkuldaýan agyry adam uzak oturanda ýa-da belli bir ýagdaýda uzak bolanda ýüze çykýar.

Ýiti agyry duýdansyz, adam oňaýsyz ýagdaýda durka ýa-da egilende ýüze çykýar we oňa gönelmäge mümkinçilik bermeýär.

Agyrlaryň görnüşleri dürli-dürli bolsa-da, olaryň döremegine nerw çogdamjyklaryň gysylmagy we şol netijesinde agyrlaryň döremegi, myşsalaryň çişginliligi, oňurga sütüniniň nerw süýümleriniň gyjynmagy sebäp bolýar. Bu alamatlaryň näme sebäpden ýüze çykýandygyny, şuňa haýsy keseliň sebäp bolandygyny ýörite hünärmeniň (maşgala lukmany, newropatolog, neýrohirurg) kömegi bilen anyklamak zerurdyr.

Esasan hem, 45 ýaşdan uly we 18-20 ýaşly ýaş adamlarda bil agyry hemişelik häsiýete eýe bolanda, olar hökman lukmana ýüz tutmalydyr. Bu oňurga sütüni şikeslenen ýa-da oňa uly agram salma ýagdaýlary başdan geçirenlere-de degişlidir.

Bil agyryda peşewi saklap bilmezlik, iç gatama, gyzgynyň ýokarlanmagy, el-aýagyň ysgynsyzlygy, umumy ýarawsyzlyk, bilde we bedeniň beýleki böleklerinde duýujylygyň ýitirilmegi ýaly alamatlar ýüze çykanda, lukmançylyk barlaglaryndan doly geçmek zerurdyr.

Lukmana ýüz tutmazdan öň, bildäki agyrynyň toplanýan ýerine we alamatlaryna görä, onuň haýsy kesel sebäpli döreýändigini kesgitlemek bolýar. Emma şonda-da özbaşdak bejergi geçirmek maslahat berilmeýär.

Kesel takyk anyklanylmasa, lukmandan başga adamyň maslahatlaryna eýerip, derman serişdelerini ulanmakdan äga boluň.

Bil agyry haysy kesellerde döräp bilýär?

Biliň bir ýa-da iki gapdaly agyrsa, ol agyry piýelonefritiň, aýallarda aýal jyns agzalarynyň keselleriniň, erkeklerde köplenç erkeklik jyns mäziniň alawlama ahwalatynyň (prostatit) alamaty bolup biler.

Bildäki ýiti agyry garnyň aşagyna ýaýrap biynjalyk edende, böwrek sanjylamasynyň, köriçegäniň ýa-da peşew-daş keseliniň alamatydyr.

Bildäki "atýan" häsiýetli ýiti agyry oňurgara ingisiniň ýa-da oňurgadan çykýan nerw çogdamjyklarynyň zeperlenmeginiň (radikulit) alamatlarydyr. Şeýle häsiýetli agyry uludan dem alnanda güýçlenýär, aýaklara ýaýraýar we hereket edilende beterleşýär.

Ýagyrnydaky agyry biliň töwereginde has güýçlenýän bolsa, ol oňurga sütüniniň inçekeseliniň alamaty bolup bilýär. Bu kesele esasan çagalar ýygy duçar bolýar. Oňurga sütüniniň inçekeseliniň esasy alamaty ýöreýşiň üýtgemegidir. Keseliň bejerilmedik ýagdaýynda, oňurganyň üýtgemegi sebäpli ýagyrnyda örküç emele gelip biler.

Bildäki "çekýän" agyry, esasan göwreli aýallary biynjalyk edýär.

Semizlikden ejir çekýän adamlarda hem bil agyry döräp bilýär. Wagtynda bejerilip, öňüni alyş çäreleri geçirilmedik ýagdaýynda, osteohondrozyň ýa-da oňurgara ingisiniň döreme töwekgelçiligi ýokarlanyp bilýändir.

Bil agyrydan nädip dynmaly?

Bil agyrydan gutarnykly dynmak üçin, oňa sebäp bolan keseli anyklap bejermek zerurdyr. Kesel wagtynda bejerilse, eýýäm bejergi geçirilýän döwründe bildäki agyry gowşap başlaýar. Gelip çykyşyna garamazdan, bil agyry biynjalyk edende, agyrsyzlandyryjy serişdelerini (gerdejik, sanjym, melhem görnüşde) kabul etmelidir. Bil agyrynyň oňurga keselleri sebapli dörändigi anyklanandan soň, bejergi emleriniň toplumynyň utgaşmasy her bir näsag üçin aýratynlykda bellenilýär. Bejergi ýörite maşklary, el bilen täsir etme (manual) bejergisini, owkalamany, iňňe bilen bejergini, görkezme boýunça fiziki usullar bilen bejergini öz içine alýar.

Bil agyrmaz ýaly name etmeli?

Bilde agyry döremez ýaly özüňize aşa fiziki agram salmaň, agyr zatlary götermäň. Agyr zatlary götermeli bolan ýagdaýynda hem, olary dogry götermäge çalşyň: ýüki dik durup eglip alman, çommalyp oturyp, alyp, soň ýeriňizden turuň.

Bir iş bilen uzak wagt meşgullanan ýagdaýyňyzda, aram-aram yeriňizden turup maşk ediň, 10 minut otagyň içinde aýlanyň, öňe, yza, gapdala egilip galyň.

Fiziki maşklara wagt tapylmaýan bolsa, onda işe gideniňizde ýa-da geleniňizde, biraz pyýada yöremegi endik ediniň. Dynç günleri pyýada ýöremek, suwda ýüzmek sizi dürli agyrylardan goramaga kömek edip biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Elman 2016-03-29 01:09
Lukman bowregim dine yatjak bolan wagtym agyrya icilyan derman yada ot copler hayyr etmezmika..?
Sitata
 
 
#6 Elman 2016-03-29 01:07
Ok
Sitata
 
 
#5 mahri 2016-01-06 04:22
aşgazanymda tykylma bar lukman ajygan wagtymda tykylyp durya yatan wagtymam ir bilen turamdada bu name bolup bilerkaa
Sitata
 
 
#4 aysa 2015-10-02 14:39
Lukman sagbolun soragmy jogamsyz goymadyygnyz un
Sitata
 
 
#3 Lukman 2015-10-02 00:57
Aýşa!
Göwrelilik döwründe döreýän bil agyrylary oňurga düşýän agramlylyk, süňklerde minerallaryň düzüminiň üýtgemegi bilen düşündirip bolar.Ýöne dogrumdan soň galan bil agyrynyň sebäbini anyklamak üçin lukmanyň barlagy we maslahaty wajypdyr.Bu babatda newropatolog lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolar.
Sitata
 
 
#2 aysa 2015-10-01 09:01
lukman Jogabnyza sabyrsyzlyk bn garasyan
Sitata
 
 
#1 aysa 2015-10-01 08:59
Salam lukman menin sonky dowur bilim agyrya men gowrelikam bil agyry peyda boly yone dine gijesine iki tarapyma owriljek bolamda agyryar iki sunk birbirine uryan yaly hic owrelip bilmeyan yerimden turyp son gapdal yatmaly bolyatym bu gowrelilikdendir oytdim yone indi cagam boldy bolanon son bil agyrym ayrylypdy cala bildiryardi yone owrilip bilyadim indi bir ay bari yene gozgap yor yenede owruldirenok gundizlernede birhili agyrsy bildirip baslady gundiz guclidal yone nervina dusyan agyrsy bar bu name sebapden beyleka bilyan zadynyz bolsa maslahat berayin
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele