Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy DUZ DYZYMA ZYÝANLYMY?
( 3 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukman! Ilkl bilen şeýle saýty döredenligiňiz üçin Size öz minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Köp sag boluň. Men Size şeýle sorag bilen ýüzlenmekçi. Men mundan 2 ýyl öň dyzymy operasiýa etdirdim. Dyz çanagymyň meniskleri ýyrtyldy, olary tikmek başartmady. Operasiýadan soň lukman maňa semremezligi, agyr fiziki hereket etmezligi tabşyrdy. Men onuň diýşi ýaly edýärin. Häzir ýagdaýym gowy. Ýöne dost oglanlarym dyzlara duzuň ýygnanmagynyň mümkindigini aýtdylar. Men takmynan 1 aý bäri duzly nahar iýemok. Meniň edýänim dogrymyka ýa-da meniň aladalarym esassyzmyka?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

"Bogunlara duz ýygnanýar" diýen düşünje lumançylyk edebiýatynda duş gelmeýär. Bu jümle bilen durmuşda adamlar, direg-hereketlendiriş ulgamynyň süňkleriň gurluşynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýän kesellerinde döreýän süňk ösüntgilerini atlandyrýarlar. Ýöne bogunlarda duzuň-uratlaryň toplanmagy bilen döreýän ýeke-täk kesel bolan podagra keselini aýratyn bellemek bolar. Ýiti we et önümlerini çäksiz kabul etmek, aşa köp iýmek, bedende urat duzlaryň köp emele gelmegi, alkogol içgilerini kabul etmek, böwrek keselleri podagra keseliniň döremegine itergi berip bilerler. Köplenç ýagdaýlarda podagra dabanyň ownuk süňklerini şikeslendirse hem, duzuň ýygnanmagy dyz we egin bogunlaryny hem zeperlendirip bilýändir.

Nahar duzuny çäklendirmek ýürek-damar ulgamynyň işini, şol bilen bilelikde gan basyşyny kadalaşdyrmaga, beden agramyny azaltmaga ýardam berip bilse-de, duzdan doly ýüz öwürmek hem bedenimize öz ýaramaz täzirini ýetirip biler. Duzy düzýän natriý ionlarynyň beden öýjükleriniň işini we alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşdyrýandygyny bellemelidir. Kadada bir gije-gündiziň dowamynda adama 5-8 gramm, ýylyň yssy wagtynda bolsa 30-40 grama çenli duz gerekdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele