Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy BILDÄKI AGYRY
( 2 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukman! Meniň jynsym erkek, özüm 24 ýaşymda, öýlenen. Meniň bilim agrýar. Hemişe agyranok, diňe uka gidenimden 6-7 sagat soň, daňdana golaý agyryp başlaýar. Şondan soň näçe uzak ýatsam, agyry güýçlenýär, çydap bilmän turýaryn. Turanymdan soň agyry ýarym sagatdan aýrylýar we gündiz hiç agyrmaýar. Şeýle ýagdaý böwrekdenmi ýa-da oňurgadan? Böwrek üçin bejergi aldym, emma peýdasy degmedi. Meniň soragyma jogap bersem, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Bilde, esasan hem gije ýüze çykýan agyrylar osteoporoz (süňkleriň dykyzlygynyň peselmegi), Behterewiň keselinde (ankilozly spondilit), bil bölüminiň oňurgara ingisinde, osteohondroz keselinde biynjalyk edip biler. Oňurga sütüniniň ýagdaýyny anyklamak  üçin kompýuter tomografiýa barlagyny geçmek zerur bolar. Barlagdan geçip, doly maslahaty almak üçin newropatolog lukmanyna ýüz tutuň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele