Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy BILAGYRYŇ SEBÄBI NÄMEKÄ?
( 9 Ses Berme )

 

 

Salam, Lukman! Meniň gaty erbet bilim agyrýar, çydar ýaly däl, bykynym-da çişýär. Mundan başga-da, beden agramym gitdigiçe sanym artýar. Ozal 59 kiledim, indi agramym 110 kilä golaý. Jogabyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly  okyjy!

Siz oz hatyňyzda ýaşyňyzyň näçedigini we öň geçen barlaglaryňyz hem-de bejergileriňiz barada (eger geçen bolsaňyz) maglumat bermeýärsiňiz. Bilde agyry oňurganyň bil-türre  bölüminiň osteohondrozy, oňurga ingisiniň döremegi, oňurganyň gyşarmagy (skolioz), süňk dokumasynyň dürli keselleri meselem, osteoporoz), peşew çykaryş ulgamyň kesellerinde (piýelonefrit, glomerulonefrit, böwrek damarynyň
trombozy), jyns agzalaryň sowuklama ýagdaýlary we täze döremeleri, oňurganyň şikeslenmeleri netijesinde döräp biler.

Beden agramynyň artmagy hem dürli sebäplere görä (iýmitiňiziň düzüminiň üýtgemegi, fiziki işjeňligiň peselmegi, endokrin ulgamyň näsazlyklary, käbir derman serişdeleri uzak kabul etmek) döräp, hemmetaraplaýyn lukmançylyk barlagyny talap edýändir. Bilde döreýän agyrylaryň we beden agramynyň köpelmeginiň sebäbini anyklamak we bejergi ýa-da öňüni alyş çäreleri geçirmek üçin newropatolog hem-de endokrinolog lukmanlaryna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, Lukman.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Myrat 2016-12-09 00:51
Salam lukman sizden bir zat sorasam bolarmy gulagym gapylÿa nameden bolup bilya bejergisi nahili ya gyzyl inne alsam bolarmy
Sitata
 
 
#2 WEPA 2015-01-27 11:00
Salam lukman meninde bilimde agyry bar yasym 18 agramymda artyar bykynymda gun gunden ulalyar on geciren uytgeshik agyr keaellerim yok ishimde kyndal yone bildaki agyry gun gunden guychlenyar name etjegimide bilemok kyn gormande mana maslahat berayin Lukman...
Sitata
 
 
#1 Merdan 2014-10-17 17:21
Men bilim agyrya. Yakynda degisli hassahanalaryn birinde leceniya almaga basladym. Gyzyl inne, azekrit, tok aldym 3 gun gatnadym welin men bilimdaki agry hasam beterledi.lukman Sowukladypsyn didi sizde aryrak gryža hem bar didi. Men indi name etjedimi bilemok das yurda gitsemmikam ya.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele