Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy AÝAK KESELI
( 9 Ses Berme )

 

Meniñ birden bir ayagym, topugymdan aşagy çişip başlady,köwşe sygman, soñ ayagymyñ aşagy bilen çişip başlady, rentgen etdirdim, döwlen, çykan ýeri ýok diýdiler, süñki doly sagdyn diýdiler. Ultrases barlagyny etdirdim, damarlary sowuklamandyr diýdiler. Analizlerimi doly tabşyrdym, ganda we peşewde uremiyanyñ alamatlary bar diýdi, emma çäresini tapyp berip bilmediler, analizlerimi 4 gezek tabşyrdym, köp lukmana göründim: trawmotolog, urolog, kardiolog, terapewt, kardiorewmotolog, terapewt – emma hiçişi belli bir diagnoz goýup berip bilenoklar. Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Bir aýagyň çişmegi (Sizde topugyňyzdan aşagy çişýär) alnan şikeslenmeler, gan damarlaryň trombozy (gan lagtasy bilen ýapylmagy), guragyry ýa-da birleşdiriji dokumany zeperlendirýän immun keselleri netijesinde ýüze çykyp biler.

Siziň aýagyňyzyň çişginliligi başga alamatlar (bogunlaryň, süňkleriň agyrysy) bilen utgaşýarmy?

Aýagyň çişginliliginiň sebäplerini anyklamak üçin barlagy dowam edip, rewmatolog hem-de damar kesellerini bejerýän hirurg lukmanyna ýüz tutmagyňyzy we goşmaça barlaglary (aýaklaryň gan damarlarynyň doppler barlagyny, ganyň guragyra, brusellýoz keseline barlagyny) geçmegiňizi maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 merdan 2016-05-14 21:41
menin ayagym agyryar yagny ayagymyn dabany useyar,sowuk cekyar onem sonun yaly bolyardy onun agyrysyny ayyrmak ucin name etmelika gayrat edip sizem komek edin!
Sitata
 
 
#4 merdan 2016-05-14 21:35
ayagyn agyrysy
Sitata
 
 
#3 merdan 2016-05-14 21:34
ayagyn dabany usese name etmeli?
Sitata
 
 
#2 Ogulay 2015-03-07 12:13
Häzir meniň 5 aýlyk göwrelilik wagtym, bir-iki hepde bäri meniň aýagym agyrýar, men öňem käbir zatlary okapdym, ýok aýdyşlary ýaly meniň aýagyma suw ýygnananok, ýöne injiklem we topugymyň ýanlaryna agram düşýän ýaly duýýan. Eger meň agramym artýan bolsa onda göwrelilik wagtym berhiz saklamagada gorkýan. Näme etjegimi bilýän däldirin haýyş edýän, eli ezber lukmanlar maňa maslahat beriň, men nädip agyrydan dynyp bilerin ýa-da çagamy elime alýançam şu ýagdaý dowam edermikä?
Sitata
 
 
#1 Gurbanmuhammet 2014-09-11 10:52
Meniñ aýagym agyrýar ýagny dyzymdan ýokarsy icimde hem cep tarapymda sanjy bar birnace lukmanlara yuz tutdym barlaglardan gecdim yone hic hili netije ýok.Birnace dereman ukollary lukmanlan aydisina gora aldym yone sondada hayr edenok.Indi kop yoresem aýaklam aýaklam gursyp baslaya name etmeli gaýrat edip sizem komek edin!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele