Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy GAN BASYŞ DYZA TÄSIR EDIP BILÝÄRMIKÄ?
( 2 Ses Berme )

 

Salam, hormatly Lukman! Men häzir 49 ýaşymda. Men 45 ýaşymdakam, bagrymdan ehinokokky aýyrtmak üçin operasiýa edildim. Operasiýa şowly geçdi, ýöne bagrymyň daşynda az-kem yza (agyry) bar. Soňky wagtlar çep dyzymda hem agyry peýda boldy. Lukmana ýüz tutsam, gan basyşyňyz dyzyňyza urupdyr diýip, bejergi belledi. Ýöne bu bejergi netije bermedi. Men papawerin, sinepar, magniy, trental dermanlaryny kabul etdim, melhemleri ulandym. Gadyrly Lukman, Sizden kömek etmegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Sizi biynjalyk edýän alamatlaryň sebäbini anyklamak üçin haýsy anyklaýyş barlaglaryndan geçdiňiz?

Siz bagryň ehinokokkozy babatda hirurgiki bejergini alandygyňyz barada ýazýarsyňyz. Bagryň we öt haltanyň işine baha bermek üçin, ol agzalaryň USB-ny geçmek, ganyň biohimiki derňewini geçirmek zerurlygy döreýär. Alnan netijelere görä, bagryň öýjükleriniň işine, öt haltanyň işini kadalaşdyryjy dermanlary, derman ösümlikleri, gerek bolsa ýörite berhiz çärelerini geçirmek peýdaly bolardy.

Çep dyzyňyzda döreýän agyry bilen gan basyşyň arabaglanşygy ýok. Siziň dyzyňyzda öň şikeslenme bolmadymy? Dyz bogunda ýüze çykýan agyrylar şikeslenme netijesinde döreýän üýtgemeler, ýaşa laýyklykda bogun bölekleriniň üýtgemegi (osteoartroz), guryagyry keselinde, bognuň sowuklama ýagdaýlarynda, şeýle hem bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlarynyň üýtgemelerinde (podagra) döräp biler.

Şu sebäpleri anyklama we bejergi çärelerini geçirmek üçin trawmatolog-ortaped lukmanyň  maslahaty gerekdir. Bar bolan saglyk kynçylyklaryny (bagyrda, bogunda agyry, kadasyz gan basyşy) aradan aýyrmak üçin Size doly anyklaýyş çärelerini geçirip, degişli lukmanlaryň bejergisini almagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, Lukman.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele