Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy BOGUNLAR NÄME ÜÇIN ŞYRKYLDAÝAR?
( 27 Ses Berme )

 

 

"Salam hormatly lukman! Men 30 ýaşyndaky erkek adam. Onçakly bir agram görmese hem, meniň bil oňurgam, ellerimiň we aýaklarymyň bogunlary şyrkyldaýar. Göwnüme bolmasa, bu bu endik bolup barýan ýaly. Bognuň şyrkyldamagynyň sebäbi nämekä?"

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Bogunlaryň şyrkyldamagy kadada syn edilip bilner. Onuň birinji sebäbi, hereket edilende bogunlardaky siňiriň ýagdaýynyň üýtgedilmegidir. Siňir öz ýerine baranda şyrkyldy eşdip bolýar. Ikinji sebäbi bolsa, bogunlarda gaz düwmejikleriniň ýygnanmagydyr. Bogunlarda nemlendiriji höküminde bogun suwuklygy saklanýar. Bu suwuklykda azot, kislorod we kömürturşy gazy ergin halynda saklanýandyr. Hereket netijesinde bogun torbasy süýnen halatynda gazlar düwmejikleri emele getirip, olaryň ýarylmagy şeýle "sesleriň" döremegine sebäp bolup bilýändir.

Başga tarapdan bolsa, bogunlaryň sowuklamagy (artrit), bogunlaryň üýtgemegi (artroz), bogunlary gurşap alýan dokumalaryň (myşsalar we baglaýjylar) şikeslenmegi hem hereket wagtynda bogunlarda döreýän şyrkyldylaryň sebäbi bolup bilýändir.

Trawmotolog lukmanlarynyň bellemegine görä, bogunlaryň şyrkyldamagy diňe agyrylar, bogun çişmeleri bilen utgaşan ýagdaýynda bejerilmelidir. Eger siziň belleýşiňiz ýaly, hereket etmeler oňurganyň, topugyň, dyzyň ýa-da barmaklaryň şyrkyldysyny ýüze çykaryp, agyryly alamatlar ýok bolsa, onda biynjalyk bolmana esas ýokdur. Bu bogunlaryň hereketjeňligi we olaryň töwereginde ýerleşýän ýumşak dokumalaryň ýerleşişi, bogunlar sag bolan halatynda hem, hereketde “ses” döretmäge ukyplydyr. Meselem, topuk üç süňkden ybaratdyr, oňurgalar bolsa azhereketlidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 BILESIGELJI OGLAN 2017-04-05 07:23
SALAM HORMATLY LUKMAN! ŞU SORAGA JOGAP BERÄÝIÑ HAÝYŞ
NÄME ŰÇIN MEÑ SAG TARAPYM AGYRÝA KØR IÇEGE BOLSA GATY ERBET AGYRMALA GATY AGYRANOK ÝEL GAPSADA EDIP BILÝÃMI JOGAP GYSSAGLY GEREK HAÝYŞ EDÝÄN
Sitata
 
 
#3 Aysa 2017-03-14 04:12
Salam lukman Lukman jynsy gatnasykda yyrtylan vajina tikilmese zyyanlymy? Sol yyrtyk 4-5 yyldan son agyryp bilermi?
Sitata
 
 
#2 Perman bayramow 2017-02-24 19:26
salam hormatly lukman.men 21 yasymda mende sonky wagtlar tisginme kop gaytalanyar munyn sebabi nameka?
Sitata
 
 
#1 Perman 2017-02-24 19:20
salam hormatly lukman.men 21 yasymda mende sonky wagtlar tisginme kop gaytalanyar munyn sebabi nameka?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele