Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy EGNIŇ ÇYKMAGYNYŇ GAÝTALANMAGYNYŇ SEBÄPLERI
( 6 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň egnim çykýar we bu hadysa mende mydama gaýtalanyp dur. Men näme edemde bu ýagdaý aýrylar? Sizden maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Siziň beýan eden ýagdaýyňyza "egniň gaýtalanýan çykygy" diýilýär. Egin bogny bedende iň köp hereket edýän bogundyr. Gaýtalanýan çykyk diýip, şikesden soň emele gelen ilkinji çykykdan soň gaýtadan dörän çykyga aýdylýar. Käbir adamlarda bu görnüşli çykygyň ýygylygy günde bir näçe gezege çenli hem ýetýär. Her gezekki çykykdan soňra bogundaky üýtgeşmeler artyp, çykyklaryň ýygylygy has köpelip başlaýar. Gaýtalanýan çykyklar köplenç 20 ýaşa çenli ýaş adamlarda duşýar.

Sebäpleri:

► Ilkinji çykygyň agyr ýagdaýda bolmagy;

Ilkinji çykygyň ýeterliksiz derejede bejerilmegi;

Lukmançylyk kömegine giç ýüz tutulmagy;

Immobilizasiýanyň (gips, berkitmeler, daňylar) wagtyndan ir aýrylmagy.

Bejergi çäreleri

Gaýtalanýan çykyklar näsagda ýylda 2 gezekden köp bolsa, onda göniden – göni operatiw bejergä görkezme bolýar. Operatiw bejergi usullaryň häzirki döwürde 300-den gowragy belli bolsa hem, iň amatlysy utgaşdyrlan usul bolup durýar. Operatiw bejergi we maslahat üçin Siz trawmatolog lukmana ýüz tutmaly bolarsyňyz.

Operasiýadan soňky döwürde gaýtadan dikelme döwrüniň (reabilitasiýa) geçişine uly üns berilmelidir. Reabilitasiýanyň maksady – egniň myşsalaryny berkitmekdir. Dikeldilme döwrüniň möhleti 2–4 aý aralygynda geçip, 6 aýdan soň bognuň doly möçberde işjeňligini ýüze çykaryp bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 serdar 2016-12-24 00:03
Gryzza barada maglumat berayin onelgedaki
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele