Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy GIPS AÝRYLANDAN SOŇ HEREKETI NÄHILI DIKELTMELI?
( 5 Ses Berme )

 

Hormatly lukman! Men ýanwar aýynyn 8-ne elin bilek süňki diýilýän ýerinde iki süňkimi hem döwdürdim. Soňra 2 sagatdan trawmotologiýa merkezine bardym. Elimi operasiýasyz bejerip bolmaýandygyny aýtdylar. 5 gün geçenden soň operasiýa etdiler. Elim soňra gowy boldy. Süňki berkidiji demir dakdylar. 15 günden soň hassahanadan elim 10 günlik gips bilen çykdym (hassahanada wagtym fiziobejergi hem aldym), sebäbi tikinim gowy bitmändi. Soňra 10 günde gowy bitdi. Şeylelikde, öýde nerw üçin bejergi aldym. Soňra elime 1,5 aýlyk gips dakdyrdym. Häzir elim agyranok. Ýöne başam barmagym içine tarap hereket edenok, daşyna hereket edýär. Hemem elim ýokary galanok. Näme maslahat berip bilersiňiz?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Siziň eliňizden gips aýrylan gününden başlap, eliň hereketini dikeltmek üçin çäreleri geçirmäne başlamaly. Ilki bilen fiziobejergileri almaly. Sebäbi elektromagnit meýdany dokumalardaky ganaýlanyşygy gowulaşdyrýar. Şonuň esasynda eliňe duýujylyk gaýdyp gelýär we kyn hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şundan başga hem, bejeriş bedenterbiýe çärelerini geçirmeli. Çäreler ýörite türgençiniň gözegçiliginiň astynda geçirilse has dogry bolar. Bejeriş bedenterbiýe sapaklaryny yzygider, günde geçirip durmaly. Döwülen ele agramy deň dereje bermeli. Howlugyp, hereketi çalt dikeltjek bolup, ele agram birden aşa köp berilse, gaýraüzülmeleriň döremegi mümkin. Owkalama çäreleriň hereketi dikeltmekde gaty gowy peýda berýändigini belläsim gelýär. Emma Siziň ýagdaýyňyzda, bejergi operasiýadan soňky tygyň ýagdaýyna görä lukman tarapyndan aýratynlykly bellense has oňat bolar. Ol çärelerden daşary Size çydamly bolmagyňyzy maslahat berýärin!

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 jeren 2016-05-15 15:36
Haladym
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele