Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy AÝAGYŇ DOŇMALARYNYŇ SEBÄBI
( 8 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň ejem 50 ýaşynda. 1 ýyl gowrakdan bäri aýagy agyryp uzak ýöräp bilenok. Bir-azyrak ýörese ýa-da aýak üstünde dursa: "aýagym doňup agyrýar" diýýär. Geçen tomus barlatdyk, şonda lukmanlar bilinde gryža bar diýdiler. Şol hem aýaga barýan damarlary gysýar diýip aýtdylar. Şondan soň bejergi hem aldy, ýöne peýda bermedi. Entegem şol agyryny çekip ýör. Bize näme etmelidigini maslahat bermegiňizi haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Aýakdaky agyrylar, aýagyň agralmagy, doňmagy ýaly alamatlar köp adamyň ömrüniň dowamynda köplenç ýüze çykýan ýaramaz meseleleriň biridir. Käbir adamlar uzak wagtyň dowamynda şol alamatlary çydap gezip bilýäler. Emma, ilki bilen bu ýaramaz täsiriň nireden gelip çykanyny bilmeli. Siz hem ejeňizi barlagdan geçirip gaty dogry edipsiňiz. Bil oňurgadaky ingi bir gezek bejergi alanyň bilen bejerlenok. Bu keseliň bejergisi toplumlaýyn bolup, derman serişdelerinden daşary öz içine bejeriş bedenterbiýesini, owkalama we fiziobejergilerini alýar. Şonuň sebäpli, bejergileriňizi dowam etmek üçin neýrohirurg lukmanyň ýanyna gaýtadan baryň. Ejeňizi täzeden barlaglardan geçirmegiňizi we öňki bejergiň netijeleri barada aýdyp bermegiňizi maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Mammetnur 2017-01-22 11:08
BAGYR AGYRY BARADA YAZAYDA SROCNA MEN MASHGALAMYN BAGRY AGYRYA YUREGI BULANYA YSGYNSYZLYK. DINE YATYA KAN HEREKER ETSE BASY AYLANYA.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele