Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy SÜŇK DÖWÜGINI BITIRMEGIŇ ÇÄRELERI
( 3 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň elimiň ayasyndäki süňküm döwüldi. Indi şol döwüge gips goýdurdym. Döwülen süňk çalt biter ýaly näme etmeli?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Siz süňküňiz döwüleninden lukmana ýüz tutanyňyz gaty dogry. Lukman Size ilkinji kömegi we esasy bejergi bolan gips longetany goýup bereni hem begendirýär. Indiki etmeli işiňiz bolsa fizioemleri ulanmakdan ybaratdyr. Fiziobejergi süňk döwüginiň Size ýetirýän ýaramaz duýgularyny aýryp, döwügiň çalt bitmegine ýardam berer.

Ultra ýokary ýygylykly elektromagnit meýadanynyň täsiri.

Bu görnüşli bejergide elektromagnit meýdany dokumalara täsir edip, olary gyzdyrýar. Dokumalardaky täzeden dikeldilme hadysalary güýçlenýär, agyrylar peselýär.

Eliň aýasyna ultramelewşe şöhleleriň täsiri.

Bejerginiň bu görnüşinde D witaminiň emele gelmesi güýçlenýär. D witamini bolsa kalsiý duzlarynyň bedende çalt özleşmegini üpçün edýär.

Kalsiý serişdesi bilen geçirilýän elektroforezyň täsiri.

Elektromagnit meýdanyň täsiri bilen položitel zarýadly (himiýa dersini ýadyňyza salyň) kalsiý duzlary deriň üsti bilen dokumalara barýar we bedendäki kalsiý duzlaryň mykdaryny ýokarlandyrýar. Şoň esasynda hem zeperlenen süňk dokumasynyň bitmegi güýçlenýär.

Fiziobejergi diňe lukman tarapyndan bellenilmeli bejergidir. Fiziobejergi otaglarynda bejergi almak üçin degişli saglyk öýüňize ýa-da golaýdaky hassahana ýüz tutup bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 batyr 2016-06-20 19:24
Lukman! Gyzylodegin eroziyasy barada gysgaca maglumat berseniz sizden hosal bolardym. Nace wagtdan son yara bityar? Yene nahili masalahatlar berip bilyaniz!
Sitata
 
 
#2 Lukman 2016-06-20 01:56
Batyr!
Gyzylödegiň eroziýasynda ýagly, ýiti, ajy, marinada ýatyrlan, gaty gurak önümleri we naharlary iýmek bolmaýar. Gök önümleriň içinde turşulyk saklaýan önümleri iýmek maslahat berilmeýär: turp, redis, pomidor, sitrus ir-iýmişleri, gawun we turşy alma. Süýji alma, erik, banan, garpyz ýaly ir-iýmişleri iýmek howply bolup bilmez.
Sitata
 
 
#1 Batyr 2016-06-19 18:07
Salam lukman! Gyzylodegin asaky boleginin eroziyasy bilen keselledim.keselhanada 5 gun bejergi aldym. Sizden sorajak bolyan soragym, gok onumlerden name iyip bolyar.yagny erik garpyz alma we s.m hemde miwe siresini icip bolyamy? Bolmayan bolsa haysy wagtdan nace gunden son iyip icip bolar?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele