Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy GYZJAGAZYM NAME ÜÇIN DIK DURANOK?
( 6 Ses Berme )

 

 

Hormаtly lukmаn! Gyzymyn doglаnynа 9 аý boldy. Ýöne ol aýaklaryna duranok. Käwagtlar аýаklаryny ýygryp çygyryp aglaýar. Bu name sebäpden bolup biler?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Her çaga genetiki ýagdaýyna, beden gurluşyna, saglyk ýagdaýyna, häsiýetiniň aýratynlyklaryna baglylykda, bellenilen umumy kadalardan azajyk üýtgeşik möhletlerde oturmaga, emedeklemäge, ýerinden galyp, ýöremäge ýykgyn edip biler. Esasan, çagalar 8-10 aýlyk möhletde aýaklaryna galyp durmaga başlaýarlar.12-15 aýlyk ýaşda bolsa ýöreýärler. Eger siziň gyzyňyzyň saglyk ýagdaýy we ösüşi kadaly bolup, aýaklarynda dik durmaýan bolsa, diýmek entek wagty däldir.

Çaga çanaklyk-but bognunyň doga zeperlenmelerinde ýa-da çykyklarynda hem dik durma, ýöreme hereketlerini etmekde kynçylyk çekip biler.

Bu sorag babatda Size gözegçilik edýän çaga lukmanynyň ýa-da newropatolog lukmanynyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Lukman 2016-05-18 01:03
Myrat!
Göz merjenjigi ýagtylyk şöhlelerini döwüp, olaryň gözüň torly bardasyna ýygnanmagyny üpjün edýär.Netije-de, şekiller aýdyň görünýär.Merjenjigiň çeýeligi bize zatlary ýakyndan has aýdyň görmäge mümkinçilik berýär.Merjenjik gözi öňki we yzky böleklere bölýär we öňki gözi aýna görnüşli bedeniň agramlylygyndan goraýar.
Merjenjik aýrylsa, göz almasynyň hereketlenmegi netijesind aýna görnüşli beden gözüň diwarlaryna urular. Bu bolsa gözüň torly bardasynyň sypyrylmagy, gan ýygnanmalar ýaly agyr gaýraüzülmeleriň döremegine getirip bilýändir.
Sitata
 
 
#3 Myrat Caryvew 2016-05-17 06:04
Goz hrustaljyk bolmasa sohle adama zyvan berermidi
Sitata
 
 
#2 Selim 2016-04-22 23:04
Salam lukman.mende arada gaymarit keseli bolup gecdi.2 ay ozal men doly bejergi aldym.we gowlashdym.. sonra 10gun gechen son kkellamde agry peyda boldy. Son yene lukmana bbardym,we olar kellan sowuklandyr diyip mana ichmane derman yazyp berdiler,men o dermany aydylyshy yaly 15gun ichdim,emma mana peyda edenok. Kelle agrym shondadam galanok. Xacanda kellamme sowuk xowa degende aagrysy guychlenyar. Mana name etmek bolar lukman?
Sitata
 
 
#1 Selim 2016-04-22 22:55
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele