Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar GABANJAŇLYK: KESELMI ÝA-DA SÖÝGI?
( 66 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Gabanjaňlyk keselmi ýa-da söýgi? Ol nämeden döräp biler? Muňa näme sebäp  bolup biler?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Gabanjaňlyk duýgusyny başdan geçirmedik adam ýok bolsa gerek. Ol öz gözbaşyny nireden alýan duýgyka? Öz halaýan adamyňdan jyda düşmegiň öňündäki gorkymy ýa-da hususy eýeçiligiň alamaty? Belki-de, gabanjaňlyk söýgi duýgysynyň hemrasy bolup, oňa adatylyk hökmünde garamalydyr.

Biziň hemmämiz öz söýgülilerimiz üçin ýeke-täk bolasymyz gelýär. Bu adaty hem-de düşnükli islegdir. Söýgüli adamsynyň ikilik edýänini duýan haýsy adam beýle ýagdaýa arkaýyn garap biler? Şeýle ýagdaýlarda gabanjaňlygyň döremegi garaşylýan, kanunalaýyk ahwalat bolup biler. Ýöne köplenç bu duýgy essasyz döräp, onuň ýumrujy häsiýeti jübütleriň aragatnaşygyny bozup biler.

Köp ýagdaýlarda  gabanjaňlyk diňe öz söýgüli adamsyna däl-de, özüne-de ynamlylygy bolmadyk  adamlarda döreýändir. "Ol gyz menden owadan (akylly, syratly we ş. m.) Birden hem ol bu gyzy halaýsa?" diýen pikir gabanjaň adamyny köseýär. Öz-özüňe ynamly bolmazlyk hemme gabanjaň adamlaryň esasy alamatydyr.

Psihologlar bu häsiýete garşy göreşmek üçin şeýle çäreleri maslahat berýärler:

Bu maslahat ýaňy duşuşmaga başlan ýaşlara degişlidir. Öz aragatnaşyklaryňyzyň uzakmöhletleýin netijesini kesgitläň. Eger oglan bu aragatnaşyga  wagt geçirme hökmünde garaýan bolsa, Siziň hem onuň bilen durmuşy çynlakaý meýilleşdirmegiňiziň manysy ýokdur. Ýöne gyz bu gatnaşyga çynlakaý garaýan bolsa, elbetde, onda gabanjaňlyk duýgusy döräp biler.

Öz jübütiňiz bilen özüňizi alyp barma düzgünleriniň kadasyny kesgitläň. Size adaty bolup görünýän hereket, onuň üçin oňaýsyz, ilden çykgynç bolup, Siziň aragatnaşygyňyzy ajadyp biler.

Özüňize hem-de söýgüliňize "psihologiki giňişligi" dörediň. Wagty özüň üçin sarp etme, joralaryň (dostlaryň) bilen gatnaşmak, hünäriňde ösüş gazanmak, gyzyklanýan zadyň bilen meşgullanmak seni öz duýgularyňa bakna bolmakdan halas edip, başga adama emosional taýdan garaşly bolmakdan gorar. Seniň şahsyýet hökmünde ösmegiňe kömek eder.

Ikiňizi hem gyzyklandyrýan zatlaryň bolmagy wajypdyr. Jübütleri birleşdirýän umumy iş, gyzyklanmalar biri-biriňi gowy tanamaga, ýakynlaşmaga ýardam berer.

Öz-özüňizi gowy görüň, sylaň. Başgalaryň Siz baradaky pikiri, özüňizi daş-töweregiňize görkezişiňize, özüňizi alyp barşyňyza, özüňize berýän bahaňyza, ynamlylygyňyza juda baglydyr. Şeýle özüne ynamly adamlar özüne çekiji bolup, olar bilen tanyşmaklyga ymtylma döreýär.

Gabanjaňlyk duýgusy hem,  edil nahary tagamly edýän goşundylar ýalydyr: az mukdarda ol söýgini berkidip, gözelleşdirýän bolsa, aşa köp mukdarda ony öldürip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 agageldi 2017-03-21 05:22
Salam lukman
Sitata
 
 
#9 Taýmaz.. 2016-05-04 11:49
Käbir adamlarda gabanjaňlyk gabanjaň adamynyň öz ýetmezçiliginiň aýan bolmazlygy üçin ulanýan pişesi bolup hyzmat edýär. Kadaly är-aýal gatnaşygy alyp barýan adamlarda gabanjaňlygy pis gylyk höküminde kabul edýärler.
Sitata
 
 
#8 Mülki. 2016-03-28 00:20
Adamzat durmuşynda köp sanly erkekler we aýallar, gyzlar gabanjaňlygyň pidasy bolupdyrlar. Jynsy gatnaşyklaryň döredýän gabanjaňlygy käbir haýwanlara hem mahsus ahyry.
Sitata
 
 
#7 muhiddin 2016-01-11 12:15
Gabanjañlyk hem oz gezeginde oran gerekli duygydyr yone bu duygy dorap kimdir seni birinden gabanyan bolsa onda sen muny hokman duymaly we onun ynamyna girmeli.
Sitata
 
 
#6 Durdyly. 2015-12-29 02:00
Gabanjaňlyga kesel höküminde garap özüni bejerdip ýörenem ýok bolsada, onuň käbir jübütlerde sezewar edýän görgüsi keselliniňkiden az bolmaýar. Käbirleriň süňňüne siňen bu duýgy, aýratyn hem uly adamlarda ondan dynmagy kynlaşdyrýar we maşgalasynda hem onuň dowam etmegine getirýär.
Sitata
 
 
#5 Myraly. 2015-12-13 00:29
Menä aýalyma özümde gabanjaňlyk häsiýetiniň bardygyny yzygiderli duýdyryp durýaryn. Sebäbi ol onda maňa bolan söýgüni artdyrýar we şonuň bilen birlikde özünüň goraglygyny duýýar. Gabanjaňlykdan diňe peýda bardygyna göz ýetirdim.
Sitata
 
 
#4 Çerkez. 2015-10-22 01:20
Gabanjaňlygy galp duýga ýa-da bolmasa oýunjaga öwürmän ony söýgi bilen utgaşykly alyp barylsa gowy netije berermikä diýýärin. Ýöne söýgi tüýs ýürekden hakyky bolanynda gabanjaňlygyň geregem ýok ahyryn.
Sitata
 
 
#3 sohrat 2015-10-12 15:21
Gawanjanlyk keselletyan duygu hem bolup bılya
Sitata
 
 
#2 Gurbanaly. 2015-09-11 00:11
Gabaňjaňlyk söýgüniň kemter ýerinde ony doldurmaga ymtylýan duýgydyr. Bagry badaşan söýgüniň ýanynda gabaňjaňlyga ýer bolmagy mümkin däldir.
Sitata
 
 
#1 Gartaşan. 2015-07-23 22:50
Käbir maşgalalara ser salsaň gabanjaňlyk bir hili nesilden nesle hem geçýän ýaly. Atasy, kakasy gabanjaň bolan maşgalalarda ogullarynyň onuň bilen azap çekýäni az däl ahyry. Terbiýedäki nädogrylyklar hem onuň ýüze çykmagyna itergi berýär.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele