Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar GÖNI IÇEGÄ DEGILMEGI HOWPLUMY?
( 46 Ses Berme )

 

 

 

Salam lukman!  Anal jyns gatnaşygynda göni içegä degilmegi howplumyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Anal (göni içege arkaly amala aşyrylýan) jynsy gatnaşyklar adaty däl jynsy gatnaşyklara degişli edilip, dürli jemgyýetlerde oňa bolan garaýyş dürli-dürlüdir.

Jübütler öz islegleri, erotiki fantaziýalary, dini garaýyşlary, gylyk-häsiýetlerine baglylykda jynsy gatnaşyklaryň dürli görnüşlerini saýlap bilerler.

Anal jynsy gatnaşyklary geçirmek üçin ýörite taýynlygyň (prezerwatiwler, lýubrikantlar  nemlendiriji serişdeleriň) zerurdygyny belläsimiz gelýär. Şonuň ýaly-da, taýynlyksyz, gödek geçirilen halatlarda göni içegäniň diwarlarynyň zeperlenmegi, içege jaýrygynyň döremeginiň, babasyl keseliniň, agyryly ýagdaýlaryň ýüze çykyp biljekdigini belläsimiz gelýär.

Goragsyz geçirilen anal jynsy gatnaşyklar aýalda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellere, erkeklerde bolsa peşew çykaryş ýollaryny zeperlendirýän ýokançlyklara duçar bolmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 Kasym 2017-01-08 16:35
Salam Lukman! Men jübüdim bilen gyzyklanma döreýän ýekeje soragmyza jogap ýazaýyñ! Eger eliñiz degýän bolsa! Düšünýän maña ýazanyñyz bilen size peýdasy ýokdur! ýöne eliñiz degýän bolsa ýazmagyñyzy haýys edýärin! Lýumbrikantlar näme? Nireden alyp bolýar? Umumy lyumbrikantlar barada bilyan bolsañyz ýazaýyñ!
Sitata
 
 
#10 Kasym 2016-12-29 17:40
Jogabyñyza garašýan!
Sitata
 
 
#9 Kasym 2016-12-27 15:23
Jogap ýazmagyñyzy haýš edýärin. Kyn görmeseñiz!
Sitata
 
 
#8 Kasym 2016-12-26 22:24
Hormatly lukman! Lýumbrikantlar bolanda näme bolýarka? Lýumbrikantlara haýsy dermanlar degišli? We nirden tapyp bolarka? Gaýrat ediñ Lukman jogap beräýiñ! Išiñizde üstünlik!
Sitata
 
 
#7 weli 2016-04-10 19:28
sik turmasa name etmeli
Sitata
 
 
#6 Josgun 2015-07-22 14:09
Allajan Babasyl bir bolmawersin
Sitata
 
 
#5 Josgun 2015-07-22 11:22
Babasyl keseli däldirä meni beydip gorkuzmaña
Sitata
 
 
#4 Lukman 2015-07-22 03:09
Joşgun!

Siziň beýan edýän alamatlaryňyz göni içegäniň artbujakdan düşmegi(sallanmagy) we babasyl keseli üçin häsiýetlidir.Barlagdan soň anyk kesel kesgidini goýmak üçin, proktolog lukmanyna ýüz tutmak netijeli bolardy.
Sitata
 
 
#3 Josgun 2015-07-21 13:28
Salam Lukman men oglan 18 yasymda.uly meydan eden mahalym göni içegäm 1-2 santimetr yaly cykyar.meydan edip bolamdan soñ yene içine girýär.öñler onýaly zatlar yokdy.bir iki ýyl bäri $onýaly.Bu nämäniñ alamatyka.Gaýrat edip jogap ýazaýyñ bu meni birhili byýynjalyk etyar.
Sitata
 
 
#2 Lukman 2013-12-06 01:07
Hormatly Myrat!
Iç gatamalar sebäpli artbujagy gysýan myşsadaky döreýän jaýryklary (fissura), ýörite içiň gatamagyny aradan aýyrýan berhizi berjaý edip ýa-da serişdelerden (dýufalak,glýutalak,forlak)peýdalanyp, 80% ýagdaýlarda bitirip bolar.Berhizli (süýümli önümler bolan gara kepekli çörek, gök önümler we daşy aýrylmadyk ir-iýmişler, guradylan garaly,injir, kösükli önümler)iýmitden başga-da,otlardan taýynlanan ýyly gaýnatma suwunda oturma, artbujaga beladonnaly şemleri goýma, hitrogliserinli,nifedipin saklaýan melhemleri çalma hem peýdaly netijeleri berip biler.Artbujak jaýrygynyň uzak bitmeýän ýagdaýlarynda operatiw bejergini geçirme zerurlygy döreýändir.Bu kynçylyk babatda doly barlag çärelerini geçirip, bejergini kesgitlemek üçin Aşgabat şäherinde ýerleşýän Şäher keselhanasynyň, S.Niýazow ad. bejeriş we maslahat beriş keselhanasynyň,Iç keseller merkeziniň proktologiýa bölümleriniň proktolog lukmanlaryna ýüz tutyp bilersiňiz.
Sitata
 
 
#1 Myrat 2013-12-04 03:37
Salam lukman egerde anal desiginde ganama we derinin galynlamagy yagny turkçe (Fissür)diyip atlandyrylan kesel yagny (analyn) bir damarynyn üzülmesi bolanda haÿsy Lukman Merkezine yüz tutup bolar.Munun ya bir dermany ya kremi barmy jogaba garasyan
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele