Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar JYNSY GATNAŞYGYŇ DOWAMLYLYGY NÄÇE BOLMALY?
( 60 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Jynsy gatnaşygyñ dowamlylygy näçe wagta çekse gowy? Aýal üçin näçe uzak bolsa, sonça-da gowumy? Jyns gatnaşygynyñ dowamynda aýal bir gezek orgazma ýetse, onda ol doly kanagatlanan hasaplanýarmy ýa bu onuñ üçin az bolýarmy? Dölüñ çalt dökülmeginiñ öñüni almak üçin näme etmeli?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşygyň dowamlylygy jübütleriň saglyk ýagdaýyna, keýplilik duýgusyna (orgazm) ýetme ukybyna, jynsy gatnaşyklaryň arasyndaky wagtyň dowamlylygyna, gatnaşyklaryň geçýän wagtyna we ýerine, aýalyň aýbaşy halkasynyň döwrüne bagly bolup, ol dürli-dürli jübütlerde dürli wagt görkezijilerine eýe bolup biler.

Seksologlaryň geçiren barlaglary, iň gysga dowamly gatnaşyklaryň 1 min 14 sek, iň uzagyň 3 min 34 sek, ortaça görkezijileriň 2 min 2 sekunda deň bolandygyny görkezdi.

Aýal üçin jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygy däl-de, onuň jynsy kanagatlanmany (orgazm duýgusyny) almagy has möhümdir. Onuň üçin bolsa, dürli jübütler öz islegine görä, dürli wagty sarp edip bilerler. Orgazm duýgusyna aýal bir gezek ýetip hem kanagatlanyp biler, ýöne bu duýguny yzygider (multiorgazmy) başdan geçirmäge ukyply aýallar hem bardyr. Bu ýagdaý aýalyň jynsy islegine we tejribesine bagly bolup, jynsy gatnaşyklar wagtynda ýanýoldaşyňyzyň bedenini öwrenme, bu häsiýetleri gowy ýüze çykarmaga ýardam berip biler. Dölüň çalt dökülmegi (wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýa) dürli beden we psihiki saglygyň bozulmalary netijesinde ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýyň sebäpleri we bejergisi barada maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makaladan tapyp bilersiňiz. Şeýle hem Size saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýal we erkek seksuallygyň aýratynlyklary" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 oraz 2016-07-25 14:33
Jigi jigi ulan gowy keyp berya
Sitata
 
 
#6 Kerim 2015-09-25 14:58
Dogtar caga galandan son nace wagtdan gyzyn bili gelmesi kesilyar
Sitata
 
 
#5 maksat 2015-01-05 16:58
Hormatly lukman: jyns gatnasygynyn dowamlylygyny uzaga chekchekdirmek ucin nahili derman bar
Sitata
 
 
#4 Lukman 2013-12-04 01:13
Murik!
Agzada dörän örgünleri görmezden belli kesgit goýmak kynlyk döredip biler.Ujytda, içinde iriň saklaýaň düwürtijikler, ony nemlendirýän mäzlere ýokançlyk düşende (köplenç, gigiýeniki talaplaryň doly berjaý edilmedik ýagdaýynda),wirusly ýokançlyklaryň täsiri bilen (ýokançly mollýusk keselinde goýy ak suwuklyk)döräp bilýändir.Gigiýeniki çäreleriň doly berjaý edilenine garamazdan, düwürtikleriň çykmagy dowam etse, peşew ýollaryndan alnan çyrşagyň barlagyny geçmek, umuman, maslahat almak üçin urolog lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolar.
Sitata
 
 
#3 Murik 2013-12-03 12:41
Basymyrak jogabyny berseñiz göwnüm ho$ bolardy.
Sitata
 
 
#2 Murik 2013-12-03 12:31
Salam. Ujydymyñ kellejiginiñ çep gapdalynda 2 sanyjak düwürtijek bar. Nämedendigini özüm bilemok, syksam u$jagazyndan iriñ yalyjak zat cykya. Nämedenka?!
Sitata
 
 
#1 Begenc 2013-07-08 01:36
Maslahatynyz vcin sag bolun!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele