Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar ÇAGA GALANDAN SOŇ JYNS GATNAŞYGY
( 55 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Aýalyň göwresinde çaganyň galandygyny nädip bilmeli we çaga galandan soň jyns gatnaşygynda bolsaň bolýarmy?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Aýalyň göwresinde çaganyň galandygyny onuň aýbaşynyň saklanmagy, umumy ýagdaýynyň üýtgemegi (ýürek bulanma, gaýtarma, dürli yslara duýgurlylyk, tagamlara bolan islegiň üýtgemegi, süýt mäzleriniň ulalmagy we agyrmagy) ýaly alamatlardan çen tutup bolar. Ýöne bu alamatlar çaklama esas döredip, takyk maglumaty berip bilmeýär. Aýalyň peşewiniň test-zolajyklary bilen barlama (has irki möhletlerde hem) we ýatgynyň ultrases barlagyny geçirme has anyk maglumaty berip bilýändir.

Göwrelilige çaklama dörese, ginekolog lukmanyň maslahatyny almak ýerlikli bolar. Jynsy gatnaşyklara garşy belli bir görkezmeler lukman tarapyndan bellenmese, olary geçirip bolar.

Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklaryň aýratynlyklary, oňa garşy görkezmeler we başga-da köp peýdaly maslahatlary almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwrelilik we jynsy gatnaşyklar" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Shatlyk 2016-12-15 01:28
Görkezip bilseniz hoshal bolardym
Sitata
 
 
#6 Shatlyk Kerkiyew 2016-12-15 01:26
Ilkinji gijeden bir pursat gorup bolmayamy
Sitata
 
 
#5 Shatlyk Kerkiyew 2016-12-15 01:24
Salam gowmysynyz
Sitata
 
 
#4 Shatlyk Kerkiyew 2016-12-15 01:23
Salam
Sitata
 
 
#3 bahar 2016-06-27 00:00
Salam.Caga nadip galyar jynsy gatnasykdan son nadip durmaly
Sitata
 
 
#2 Geldi 2014-05-02 17:09
Salam Lukman sizin saytda yazan makalalarynyzy okap kan zat owrendip minnetdarchylygymy bildiryarin! Rugsat berseniz kabir zatlary sorasam. spermotazoidin gutarmagynyn belli bir mohleti barmyka shony aytsanyz sizden gaty hoshal bolardym!
Sitata
 
 
#1 Guljan 2013-05-29 21:22
gowreli bolmakdan nadip goranmaly
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele