Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar JYNSY GATNAŞYGYŇ ÝYGYLYGY SAGLYK ÜÇIN ZYÝANLYMYKA?
( 72 Ses Berme )

 

Salam hormatly Lukman! Biz käbir sebäplere görä uzak wagtlap jynsy gatnasykda bolup bilmedik (60-90 gün). Erkek adam hiç hili goşmaça derman serişdelerini ulanmazdan, 12-16 sagadyň dowamynda 10 ya-da ondan hem köp jynsy gatnasyk etse, munuň erkek we zenan ücin zyýany barmyka? Belki, şeýle ýagdaýdan soň haýsydyr bir görülmeli çäreler bardyr. Şu barada maglumat beräýseňiz…

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Adamlar jynsy islegi we işjeňliginiň ýüze çykyş derejesi boýunça dürli-dürli bolup, ol ýagdaý beden aýratynlyklaryna baglydyr. Ýöne çenden aşa seksual işjeňlik, wagtyň geçmegi bilen ruhy gamgynlylyga, uky bozulmalara, gaharjaňlyga, ýadawlylyga, jynsy gowşaklyga getirip biler. Juda ýygy geçýän jynsy gatnaşyklarda, kadaly gatnaşyklara ýardam berýän biologiki suwuklyklaryň bölünip çykmasynyň yza galýandygy sebäpli ýaramly, lezzetli keýp alma duýgulary peselýär, olaryň ýitiligi ýitýär.

Käbir seksopatologlaryň bellemegine görä, juda ýygy geçýän jynsy gatnaşyklar, jynsy işjeňligi kadalaşdyrýan merkezleriň dartgynlylygynyň ýokarlanmagyna getirip, bedeniň garrama ýagdaýynyň wagtyndan öň, has ir başlanmagyna hem itergi berip biler.

Siziň ýagdaýyňyzda, uzak wagtdan soň, jynsy gatnaşyklary bir gezek tapgyrlaýyn ýygy geçirmek hiç hili ýaramaz täsirlere getirmez diýip pikir edýärin.

Öz seksual aýratynlyklaryňyza, ýaşyňyza görä, jynsy gatnaşyklary kadaly geçirip, hemişe seksual „açlygy“ duýup gezmek lukmanlar tarapyndan dogry hasaplanýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#31 Vitaliy 2017-06-11 13:34
— виталий Больно писать особенно в конце жжет до слез и после моче испускания тоже жжет постоянно. Бесконца хочется в туалет. И присутсивует какая то тянушяя боль внизу живота несильная. Подскажите что делать? ответить Подробнее: http://www.infmedserv.ru/stati/pochemu-bolno-pisat-v-konce-mocheispuskaniya
Sitata
 
 
#30 Serdar 2017-02-02 12:12
Salam lukman toy edenimize 6 ay boldy yone bizde entagem uytgesiklik yok nadip gowreli bolmaly sol barada maslahat berayinda!!!!!!
Sitata
 
 
#29 Myrat 2017-01-02 15:46
Hayys lukman maslahat berayin Saç dusmanin onuni alyp bolarmyka
Sitata
 
 
#28 Myrat 2017-01-02 15:37
Quoting Myrat:
Men myrat Allayew

Salam Lukman. MEN 16 yasymda beter sacym dusya namedenka aydyp berayseniz HAYYS
Sitata
 
 
#27 Myrat 2017-01-02 15:35
Men myrat Allayew
Sitata
 
 
#26 Maksi 2016-12-08 23:56
Salam lukman. Gyz bn soyusheninde onun gyzlygynyn abatmy ya-da daldigini nahili bilip bolar
Sitata
 
 
#25 Rahym Gurbanov 2016-11-06 11:32
Sawgol lukman tasirli mowzuk
Sitata
 
 
#24 jemal 2016-10-13 18:04
sowuklama name peyda edya men gyz yone sheyle sowuklamam bar tamponsyz sivecsiz naili bolyar hem menden bir hili ak bolekler gaytyar bilim vagtynda gelya
Sitata
 
 
#23 Melekhan 2016-09-09 23:02
Howp diyipsiniz lukman!mende howp bolar yaly asakdaky yazysym yaly mende hichili uytgesme bolmada? Acyk aydyp berayseniz hayyyst?men onda hokman lukmana gorkezmelimi ya gyzlyk perdanin yerindedigini anladyp bilermi?lukmanjan
Sitata
 
 
#22 Administrator 2016-09-09 18:49
Quoting Melekhan:
Lukmanjan siz bilen yakyndan tansyp bolmazmyka mana komek edayinda kyn gorman?genekolg lukmany bolsanyz?


Gadyrly Melekhan, saýtyň düzgünlerine görä biz konsultasiýa, bejeriş hyzmatlaryny hödürläp bilemzok. Ýagdaýa görä tiz kömege, ýa-da maşgala lukmanyňyza ýuz tutmagyňyzy maslahat berýäris. Saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal.
Sitata
 
 
#21 Melekhan 2016-09-09 12:10
Lukmanjan siz bilen yakyndan tansyp bolmazmyka mana komek edayinda kyn gorman?genekolg lukmany bolsanyz?
Sitata
 
 
#20 Melekhan 2016-09-09 09:44
Hayyst edyan hormatly lukman jogap berayinda???
Sitata
 
 
#19 Melekhan 2016-09-09 08:29
Lukmanjan onda hokman barladyp gormeli ha genekolyga? Sizin pikirinizce gan hichili gelmese agyry bolmasa gyzlygyn duranlygny anlatmayamyka?genekolalyga gitjek yone utanyan name sebap diyip aytjagmy bilemak? Gayrat edip sizem sowet berayin hayyst?
Sitata
 
 
#18 Lukman 2016-09-09 01:40
Melekhan!

Birinji gezek geçirilýän jynsy gatnaşykdan soň, gyzlyk perdäniň ýyrtylan ýerine baglylykda köp gan gelmän hem biler, eger perde çeýe bolsa ýyrtylman hem biler,ýyrtylaýan ýagdaýynda ýyrtylan ýeri nerw süýümine garyp ýere gabat gelsa, güýçli agyrylaryň bolmazlygy hem mümkindir. Gyzlyk perdäniň abatlygy ýa-da şikeslenendigi batada soragy aýdyňlaşdyrmak üçin lukman tarapyndan barlagyň geçirilmegi zerurdyr.
Sitata
 
 
#17 Melekhan 2016-09-08 22:15
Hayyst edyan sizden lukman jogap bermeginize sizin maslahatynyza garasyaryn jogap berayin
Sitata
 
 
#16 Melekhan 2016-09-08 22:08
Lukman gayrat edip su soragyma jogap berseniz oran sat bolardym!!!men islegsiz yagdayda jynsy gatnasykda boldum we ol birinji gezekdi men agyry hiszat duymadym hatda ganam gelmedi ol namadenka?ondan öñ hichili gatnasykda bolup gormandim? Śonyaly yagdayda gyzlyk alnanyn almaty bolup bilermi? Gayrat edip jogap berayin?!
Sitata
 
 
#15 Dowran 2016-09-08 06:26
m9npd
Sitata
 
 
#14 Baýram 2016-01-19 12:55
Salam lukman! Mende warokesel bardy ony aparasiya etdirdim. Aparasyadan son cep gapdalky ýumurtgam öñkiden aşak gaty sallanýa bunuñ zyýany barmyka? Jogabynyza garasyan
Sitata
 
 
#13 Baýram 2016-01-18 14:57
Hormatly lukman siziñ jogabynyza garaşýan
Sitata
 
 
#12 Baýram 2016-01-17 11:56
Salam lukman! Mende warokesel bardy ony aparasiya etdirdim. Aparasyadan son cep gapdalky ýumurtgam öñkiden aşak gaty sallanýan bunuñ zyýany barmyka? Jogabynyza garasyan
Sitata
 
 
#11 rakesh 2016-01-07 22:45
hormatly lukman. jynsy gatnasykda ozuni pes duysan we suwuklygyn basym basymdan gelip ysgynyn gacmaklygy namedenka we nahili bejergisi barka...
soragyma jogap berayseniz...
Sitata
 
 
#10 roma hoja 2016-01-07 22:41
hormatly lukman! otyr yerimin binjalyk etyanligi sebabli kime yuz tutup bilerin. nahili dermanlar maslahat beryarsiniz...
Sitata
 
 
#9 okayjy 2015-09-17 04:58
Jynsy gatnashykda erkek adamyn suwuklygynyn çalt gelmeginin sebäbi nämeka. We
Sitata
 
 
#8 maks 2015-09-03 17:56
Salam lukman
Erkek adamalar nace yasda oylense gowy bolar kyn gormeseniz sol barada maslahat berseniz
Sitata
 
 
#7 maks 2015-09-03 17:51
Salam
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele