Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar ADATY DÄL JYNSY GATNAŞYKLAR ZYÝANLYMY?
( 80 Ses Berme )

 

"Hormatly lukman! Men adaty däl jynsy gatnaşyklaryň, ýagny anal we oral jynsy gatnaşyklaryň hem bardygy barada eşidýärin. Olary geçirme saglyk üçin zyýanly dälmi? Geň we utanç bolup görünýän ýaly bolsa hem, şeýle sorag berenime geň galman, jogap bermegiňizi haýyş edýärin".

Saýtyň okyjysy.

"Hormatly lukman! Anal jynsy gatnaşyklar zyýanlymyka? Meni aýalym bilen şu sorag gyzyklandyrýar".

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjylar!

Anal (artbujaga) we oral (agyz boşlugyna) jynsy gatnaşyklary adaty däl jynsy gatnaşyklara degişli bolup, jemgyýetde maşgala jübütleriniň olara dürli garaýyşlary bardyr. Elbetde, olar jynsy gatnaşyklara täzelik girizmäge, maşgala jübütleriniň arasynda seksual gyzyklanmany döretmäge, jynsy gatnaşyklary uzaltmaga mümkinçilik berip bilerler. Meselem, oral jynsy gatnaşyklary aýalyň güýçli orgazma (lezzetlilik duýgusyna) ýetmegine kömek edip biler. Ýöne oňa garamazdan, jübütler üçin adaty bolmadyk gatnaşyklaryň saglyk üçin zyýanly taraplarynyň bardygyny bilmek hem zerur bolup durýandyr.

Anal jynsy gatnaşyklaryň saglyk üçin zyýanly taraplary aşakdakylardan ybaratdyr:

► Göni içegäniň nemli gatlagy, jyns agzalaryna mahsus ýokançlyklar toplumyndan tapawutly ýokançlyklary özünde jemläp, peşew we jyns agzalarynyň sowuklama kesellerine sezewar edip bilýändir. Şonuň üçin hem, maşgala jübütlerine ilki anal, soň jynshana jynsy gatnaşyklary, ýuwunma çärelerini geçirmezden ýa-da prezerwatiwy çalyşmazdan geçirmek bolmaýar;

Artbujagyň jaýryklarynyň we babasylyň döreme ähtimallygy has hem ýokarlanýar. Çünki taýynlyksyz geçirilen (nemlendiriji serişdeler ulanmazdan) anal jynsy gatnaşyklarda artbujagyň nemli gatlagy şikeslenip bilýändir;

Tebigat tarapyndan göz öňüne tutulmadyk bolansoň, dowamly geçirilýän anal jynsy gatnaşyklar aýlawly ýerleşýän myşsalary gowşadyp, göni içegäniň aşak düşmegine we howanyň saklanmazlygyna getirip bilýändir;

Köp jübütler anal jynsy gatnaşyklaryň göwrelilikden doly goraýandygyna ynanýarlar. Ýöne bu beýle däldir. Dölüň tötänleýin jynsy agzalaryna düşmegi netijesinde göwrelilik döräp bilýändir;

Anal jynsy gatnaşyklaryň oňaýsyz we ýaramaz aýratynlyklary iýmit siňdiriş agzalarynyň keselleriniň döremegi üçin şert döredip bilerler (içegeleriň sowuklama keseli, içiň gatamagy ýa-da içiň geçmegi we baş.).

Oral jynsy gatnaşyklary netijesinde sitomegalowirus, uçuk, merezýel, gepatitiň B we C görnüşi, papillomawirusy ýokuşyp biler. Oral jynsy gatnaşyklary arkaly ýokuşyp biljek papillomawirusyň howply 16-njy we 18-nji görnüşleri bolsa bokurdagyň rak keselini döretmäge ukyplydyrlar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 лейла 2017-07-23 15:56
Мен илкинжи гезек жынсы арагатнашык эдемде йоне ган гелмеди наме учин бейле болярка аримин янында хем дилим гысык гызлыгымын чыкмадыгына мен надип озумин гыздыгымы субут эдип билерин ??? Жогабыныза интизарлык билен гарашян !!!
Sitata
 
 
#4 Atsyz 2016-09-10 00:14
El derlemani nadip ayyryp bolyaka lykman aydayynda
Sitata
 
 
#3 Hemra 2016-07-11 10:34
Ujudy ayalynyzyn agyz boslugynda gyjyndyrmak bu umuman adamcylygyn alamaty dal. Bu ayal masgalanyn buyrugyna degislu dal bu yone itlerde bar itler un buyruk adamlar un dal.
Sitata
 
 
#2 Aylar 2016-07-01 13:22
Salam hormatly lukman! ozum 25yasymda 1je oglum bar, sonky wagtlar gowramin cep tarapy erbet agrap yuregime dusyar,cep bowregimdem sowuklama bar, ayagym,elim, kellamin cep tarapy agrayar,yuregimi ekg barlagynda kislarod yetmezciligi bar diyip lukman aydypdy, name sebapden gowramin cep bolegi tutus agrayaka jogabynyza garasyan.Saytyn okyjysy
Sitata
 
 
#1 MMA 2016-06-26 05:05
Salam hormatky lukman! Men köpden bäri sport bilen meşgul bolýaryn. Men sportçylaryn testesteron garmanyny urýandyjlaryny eşitdim.şol peptit enantat garmon rost ýaly garmonlar adamyñ bedrnini ýetiryan zyýany we täsiri hakynda aýdyp beraýyñda şolor hakyndada makala çykaraýynda sebabi türkmen sporty hem ösüp barýar şol garmonlar hakynda bilesi gelýänler az dal!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele