Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar ÝERLIKSIZ SORAG
( 28 Ses Berme )

 

"Meniň böwreklerim agyryp lukmana ýüz tutmaly boldum. Urolog lukmanynyň kabulynda: "Siz durmuşa çykanmy?" diýip soradylar. "Ýok" diýip jogap berenim üçin olar meni gyz hasapladylar. Ýöne ginekolog lukmanynyň barlagynyň netijelerini okanlaryndan soň, geň galma we ýigrenç bilen "Siz jynsy gatnaşyklary geçirýäňizmi?!" diýen soragy berdiler.

Hormatly lukman! Türkmen lukmanlarynyň hemmesi nikadan öň jynsy gatnaşygy geçirýän aýal maşgalalara ýigrenç we ynanmazçylyk bilen seredýärlermi? Eger men durmuşa çykmadyk, ýöne bu gatnaşyklary alyp barýan bolsam, meni bejermeýärlermi? Lukman: "Sen durmuşa çykdyňmy?" diýip ýerlikli soraýarmy? Ýa-da ol: "Jynsy gatnaşykda bolýaňyzmy" diýip soramalymy?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Lukmanyň esasy borjy näsagyň ýagdaýyny anyklap, oňa lukmançylyk kömegini bermek bolup, kömegiň berlişine näsagyň milleti, jynsy, dini garaýyşlary, jemgyýetçilik we maşgala ýagdaýy (nikadamy, durmuşa çykmadykmy, aýrylşanmy) hiç hili täsirini ýetirmeli däldir. Şonuň ýaly-da, lukmanyň ol ýa-da bu soraglara şahsy garaýşy we pikirleri näsag bilen gatnaşyklara geçirilmeli däldir.

Aýal maşgalanyň jynsy gatnaşyklary nikada ýa-da nikadan öň geçirmegi diňe onuň şahsy işi we çözgüdi bolup durýar. Saglyk ýagdaýynyň käbir taraplaryny anyklamak üçin lukmanyň: "Jynsy gatnaşykda bolýaňyzmy?" diýip soramasy dogry we zerur bolup biler. Ýöne "Sen durmuşa çykdyňmy?" diýen sorag saglyk ýagdaýyny kesgitlemekde maglumat bermeýän, ýerliksiz sorag bolýar.

"Nikada duranmy ýa-da durmadykmy?" diýen soragy lukmanlar diňe iki ýagdaýda berip bilerler: kazyýet-lukmançylyk ekspertleri zorlanma esasynda jenaýat işi gozgalan halatynda we aýal lukmany aýaly göwrelilik babatda hasaba alanda. Soňky ýagdaýda bu sorag, esasan aýalyň göwrelilige bolan garaýşynyň we emosional ýagdaýynyň üýtgeme mümkinçiliklerini anyklamak üçin berilýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Okyjy 2016-08-19 05:00
Bu gepleşikde gaty görer ýaly zat ýokmyka diýip pikir edýärin. Lukman durmuşa çykanmy diýip soragyny dogry başlapdyr. Öňünde oturanyň hemme tarapdan ýagdaýyna görä soragyny dowam etdirip bilerdi. Ýöne jynsy gatnaňykda bolýarmysyňyz diýip sorasa soralanyň gaty görüp, ör gökden gelmegi mümkin. Sebäbi türkmen gyzlarynyň mentalitetine görä ikinji sorag ýaş türkmen gyzlary üçin masgaralama hasap ederdim. Garaz, lukman her ýagdaýda aýratynlykda baş alyp çykmalyda!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele