Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar GÖWRELILIKDEN GORANMAGYŇ OŇAÝSYZ USULY
( 55 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Size şeyleräk bir sorag bilen ýüzlenesim gelýär. Çaga galdyrmazlyk üçin jynsy gatnaşykda wagtlaýynça "daşyna dokmeklik" usulyny ulanýarys. Bu usulyň 2-3 ýylyň dowamynda ulanylmagy soňundan çaga galmagyna täsirini ýetirip bilermi? Onuň aýal üçin nähili zyýany bar?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Göwrelilikden goranmagyň bu usulynyň islenen wagty çaga galmagyna bökdençlik döretmejekdigini belläsim gelýär. Ýöne jynsy gatnaşyklaryň başynda (ujyt jynshanadaka) ujytdan bölünip çykýan jyns mäziniň suwuklygynda hem spermatozoidleriň bardygyny we olaryň göwrelilige getirip biljekdigini aýtmalydyr. Bu hem bu goranma usulynyň az netijeli tarapy bolup durýandyr.

Ondan başga hem, dölüň bölünip çykmagyny gözegçilikde saklama ýagdaýy erkek adamyň nerw ulgamyny dartgynlykda saklap, ol jynsy gatnaşyklardan doly lezzetlilik we gowşama duýgusyny alyp bilmeýär. Dölüň aýal tarapdan "kabul edilmezligi" bolsa, ony onuň düzümindäki gormonlardan, prostaglandin biologiki işjeň maddalardan, witaminlerden mahrum edýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Alex 2016-01-24 23:26
Salam lukman...Semremegiň iň aňsat usulyny bilesim gelyar... Shu barada yazaysaňyz!
Sitata
 
 
#3 Lukman 2016-01-09 02:23
Guwanç!
Jynshananyň girelgesinde ýerleşýän bartolin mäzleriniň sowuklama ýagdaýy-bartolinit, mäziň ulalyp çişmegine getirip biler. Onuň agyryp, wagtyň geçmegi bilen iriňlemegi we ýarylmagy mümkin. Oňaýsyzlyklaryň we gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin lukmana ýüz tutmak peýdaly bolardy.
Sitata
 
 
#2 Guwanch 2016-01-07 12:27
Hormatly lukman. Bu saytda her hili soragyn jogabyny yazyanyz. Beryan jogaplarynyza sag bolsun aytyan.yene size sorag bn yuzlenyan.gyzyn uyat yerinde cis doredi.kicijek yone cala agyryly.mana sizin maslahatynyz gerek.cyban yaly yone gaty maze menzeya. Sizden hayyst name etmelidigni aydayn . çişip gyzlygyny yapyp barya. Jogabynyza garasyan kop sag bolun
Sitata
 
 
#1 Mekan 2015-12-19 12:49
Salam lukman men ayalym bilen jinsy gatnasykda jinsymyn peslygy sebaply kosenyan! Sorag jinsy guyclendryan derman serysdesy barmy bar bolsa gazap gecaysenyz.!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele