Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar KESAREWO OPERASIÝASYNDAN SOŇKY JYNSY GATNAŞYKLAR
( 19 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Kesar kesimi operasiyasyndan son näçe wagtdan jynsy gatnaşyklary başlap bolýar?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Kesarewo kesimi arkaly dogrumdan soň ýatgynyň içki gatlagynyň dikeldilmegi, ýatgynyň ýygrylyp kiçelmegi we operasiýadan soňky tyg yzynyň bitmegi üçin wagt gerek bolýar. Lukmanlar kesarewo kesimi arkaly geçen dogrumdan soň jynsy gatnaşyklary 4-6, kähalatlarda 8 hepdeden soň başlamagy maslahat berýärler.

Dogrum ýollarynyň ýyrtylmagy, zor salynmagy bilen geçen tebigy dogrumy geçiren aýallardan tapawutlylykda, kesarewo operasiýasyndan soň aýallarda geçirilen jynsy gatnaşyklar agyrsyz bolup biler. Ýöne oňa garamazdan, operasiýadan soňky jynsy gatnaşyklar aýalyň psihiki taýynlygy döränden soň, emaý bilen geçirilse howpsuz bolar.

Şeýle hem, bu döwürde göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanma barada pikir edilmelidir. Operatiw dogrumdan soň ýatga spiral serişdesini 5-6 aýdan (käbir ýagdaýlar bilen goýulmaly bolsa hem 3aýdan ir bolmaly däl) goýma, gormon serişdeleri bolsa 2-3 aýdan ulanma maslahat berilýär. Göwüsden emdirýän we emdirmeýän aýallar üçin gormon serişdeleriniň düzüminiň tapawutly bolup, lukmanyň maslahatyny talap edýändigini belläsim gelýar.

Operatiw dogrumy geçiren aýallar dogrum öýünden çykandan soň 2 aýyň dowamynda ginekolog lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyrlar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Lukman 2015-12-16 00:55
Ataş!
Siziň jynsy gatnaşyklarda çäksizligiňiz gündeki geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň haýsy mukdaryny aňladýar? Öýlenmedik, siziň ýaşyňyzdaky ýaş ýigit üçin seksual islegleriň günüň dowamynda kadaly ýagdaýda döräp durmagy kadadan çykma hasaplanmaýar. Bir seksopatologyň degşip aýtmagyna görä, "Erkekler seks barada her sekuntda oýlanýarlar"...
Biz jemgyýetde ýaşap we onuň ahlak kanunlaryna eýerip, belli bir borçlarymyzy, işlerimizi ýerine ýetirýäris.Bu ýagdaý bolsa bizi tebigy isleglerimizden pikirlerimizi sowmaga, öz içki güýjümizi başga işlere gönükdirmäge kömek edýär.Pikirleriňizi tertibe salyň we içki energiýaňyzy başga işlere gönükdiriň.Özüňizi gyzyklandyrýan başga zatlary tapmaga ymtylyň.Meniň şeýle diýmegim, siziň öz jynsy islegleriňizden daşlaşmalydygyny aňlatmaýar.Ol diňe ony tertipleşdirýär.

Jynsy islegleriň aşa güýçli bildirilmegi ýumurtgajyklaryň işiniň bozulmalary bilen ýüze çykýan endokrin kesellerde,ýumurtgajyklaryň täze döremelerinde syn edilip bilner.Men şuny size ýöne maglumat üçin aýdýan. Düýpli barlag we maslahat üçin bejeriş merkezleriň androlog lukmanlaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Sitata
 
 
#1 Ataš 2015-12-15 05:21
salam dogtar men jynsy gatnaşykda çäksiz bolýan her gūn özimi saklap bilemok bu ýagdaýa 8-ýyl wagt boldy ýöne wagtyñ geçmegi bile ýadawlylyk ejizlik şeýlede ukymyñ bozylmagy we jyns organynyñ ösişi togtady ýymyrtgalyklar kiçiligine galdy ujypsyz ýagdaýda bolsada men 7-gūnden zatdan gyz kūýseýän emma oñarmazlykdan gorkýan . şu wagta çenli bejergi alamok bu ýagdaý 14-ýaśdan bäri dowam edýär häzir ýašym 22-de öýlenemok munýaly keseli bejermek ūçin nämeler etmek gerek we tūrkmenistanyñ sebitlerinde şunýaly keseli bejermek ūçin niýetlenen keselhanalar bamy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele