Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar JYNSY GATNAŞYGYŇ DOWAMLYLYGY
( 52 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Men 20 ýaşymda. Ýaňy ýakynda öýlendim. Men gelnim bilen jynsy gatnaşyk edenimde jynsy gatnaşygyň dowamlygy 1-2 minutdan uzaga çekenok. Lukmançylyk taýdan kadaly dowamlylyk näçe bolmaly? Näme sebäpden jynsy gatnaşygyň dowamlylygy gysgalýar we bu ýagdaýy nädip bejerip bolýar?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Är-aýal jübütleriniň köpüsi jynsy gatnaşygyň kadaly dowamlylygyndan bihabar bolýarlar. Şol sebäpden hem, olaryň käbiri kadaly dowamlylygy bozulma hasaplap, urolog lukmanyna ýüz tutsalar, köpler juda gysga jynsy gatnaşyklaryny kada hasaplap, bu ýagdaý barada ýüz tutmany zerur hem hasaplamaýarlar.

Jynsy gatnaşyklaryň kadaly dowamlylygy erkek adamynyň saglyk we emosional ýagdaýyna, onuň fiziki we psihiki taýdan başarjaňlygyna, iýmitlenmesine bagly bolup, dürli-dürli görkezijilere eýe bolup biler.

Kadaly görkezijiler kesgitlenende esasan gatnaşyklaryň dowamlylygy we ujydyň jynshanada öňe-yza amala aşyrýan hereketleriniň umumy sany nazara alynýar. Kadanyň aşaky araçägi höküminde ujydyň 68 hereketi bilen 1 minutdan az bolmadyk wagt aralygy kesgitlenýär. Ýokarky araçäk belli bir görkezijä eýe bolman, 3,5 minutdan 10 minut dowamlylyga deňdir. Ýöne 10 minutdan uzak geçýän jynsy gatnaşyklar erkegi hem, aýaly hem ýadadyp biler. Jynsy gatnaşygynyň dowamlylygy her jübüt üçin aýratynlygy bilen tapawutlanyp, esasy görkeziji- jübütleriň özara kanagatlanmagydyr.

Seksopatologlaryň bellemegine görä, jynsy gatnaşyklaryň aralygy näçe ýygy boldugyça, şonça hem olar dowamly geçýär.

Jynsy gatnaşyklarynyň dowamlylygyny gysgaldyp biljek sebäpler we olaryň bejergi çäreleri barada maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makalany okamagyňyzy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Döwran 2017-07-08 16:18
Oñyrga grijasy barada giñişleýin duşundirip beräýiñ oñyrga grijasany emler arkaly bejerip bolýarmy ?
Sitata
 
 
#2 Mekan 2016-08-09 16:44
Salam lukman sorag bardy welin mumkin bolsa maslahat berayseniz men jyns gatnashyknda bolanymda dölin renki koplenc sarymtyk yada mydama suwk bolya onnan so goÿy yada suk bolanda hem son guyji barada kadaly bolan yagdaynda nahili bolya i sony barlatjak bolsan ya ozin barlajak bolsan yada nirde barlayan bolsalar aydyp berayseniz???. Hormatlamak bilen Mekan onunden sagbolsun aytyarn..
Sitata
 
 
#1 Sadaja 2016-07-24 09:04
Gelnin has owadan figurasy owdan bolmagy.mumkin
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele